Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA Türkmenistanyň kazyýet-lukmançylyk we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahatyny gurnady

UNFPA Türkmenistanyň kazyýet-lukmançylyk we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahatyny gurnady

News

UNFPA Türkmenistanyň kazyýet-lukmançylyk we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin okuw maslahatyny gurnady

calendar_today 30 August 2024

UNFPA-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenmesi
UNFPA-nyň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy okuw maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenýär

2024-nji ýylyň 27-30 awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň kazyýet-lukmançylyk edaralarynyň işgärleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň hünär bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatyny gurnady. Bu çäre Beýik Britaniýanyň Integrated Security Fund (ISF) fondynyň goldawy bilen geçirilip, zorluga garşy jogap çäreler ulgamynyň kämilleşdirilmegine hem goşant goşar. 

UNFPA-nyň halkara hünärmeni doktor Naim Zişan (Päkistan) okuw maslahatyna gatnaşyjylary şahyslara lukmançylyk güwä geçilmesiniň esasy ýörelgeleri, kazyýet-lukmançylyk ulgamyndaky halkara öňdebaryjy tejribeler, zorlukdan ejir çekenler bilen işlemegiň etiki taraplary, kriminalistika ulgamyndaky derňewler, şeýle-de subutnamalary ýygnamagyň we derňemegiň täze usullary bilen tanyşdyrdy. 

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar, hünär işlerine oňyn täsir etjek we berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga kömek etjek maglumatlar bilen tanyşdylar. UNFPA zenanlar babatda zorluga garşy çäre görmek we adam hukuklaryny goramak ulgamyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistana yzygiderli hemme taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýär. 

*** 

Doktor Naim Zişan gender inklýuziwlylygy, maşgalada we zenanlar babatda zorluk meseleleri boýunça baý tejribä eýe. Onda kriminologiýa, gender we jenaýat ugry boýunça magistr, şeýle-de alternatiw lukmançylyk ugry boýunça hem ylymlaryň doktory derejelari bar. Ol hukuk goraýjy edaralarda uzak ýyllaryň dowamynda işläp, okuw meýilnamalaryny düzdi we birnäçe ýurtlarda okuw maslahatlaryny geçirdi. 

Goşmaça maglumat üçin: Kemal Goşlyýew, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy; goshliyev@unfpa.org; +9931248832