Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA Türkmenistanyň RÝNÝ edaralarynyň hünärmenleri üçin seminar geçirdi

UNFPA Türkmenistanyň RÝNÝ edaralarynyň hünärmenleri üçin seminar geçirdi

News

UNFPA Türkmenistanyň RÝNÝ edaralarynyň hünärmenleri üçin seminar geçirdi

calendar_today 17 February 2025

Ýaş maşgalalara we durmuş gurmaga taýýarlanýan jübütlere psiho-sosial maslahat bermek boýunça okuw sapaklary. 13 Fewral, Aşgabat.
Ýaş maşgalalara we durmuş gurmaga taýýarlanýan jübütlere psiho-sosial maslahat bermek boýunça okuw sapaklary. 13 Fewral, Aşgabat.

2025-nji ýylyň 13-14 fewralynda BMG-niň Aşgabatdaky binasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň (RÝNÝ) hünärmenleri üçin seminar geçirdi. Onda ýaş maşgalalara we durmuş gurmaga taýýarlanýan jübütlere psiho-sosial maslahat bermek boýunça okuw sapaklary geçirildi. Çärä Aşgabat şäheriniň, Mary we Lebap welaýatlarynyň RÝNÝ bölümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, hem-de "Maşgala" jemgyýetçilik guramasynyň we UNFPA-nyň wekilleri gatnaşdylar.

Seminaryň maksady ZAGS hünärmenleriniň ýaş maşgalalar we durmuşa gurmaga taýýarlanýan jübütler bilen psiho-sosial maslahat bermek babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak, maşgala gatnaşyklaryny berkitmek we maşgala dawalaryny öňünden duýdurmak maksady bilen maşgalada gender deňligini öňe sürmek boldy.

Iki günüň dowamynda seminar gatnaşyjylary maşgala gatnaşyklary, gender deňligi, maşgalanyň ösüş tapgyrlary, şeýle hem psihologik maslahat bermegiň usullary bilen baglanyşykly giň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn üns netijeli aragatnaşyga, jedelleri çözmäge we är-aýalyň özara hormatyna we özara goldawyna esaslanýan sagdyn maşgalany gurmaga berildi.

Bu seminaryň geçirilmegi RÝNÝ hünärmenleriniň ýaş maşgalalara psiho-sosial goldaw bermek babatdaky hünär mümkinçiliklerini ösdürmäge ýardam eder. UNFPA Türkmenistanda maşgala durmuşyna taýýarlyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we maşgalalara ýardam bermek maksady bilen milli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirer.