Go Back Go Back
Go Back Go Back

UNFPA we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmekde we maşgalalara goldaw bermekde tagallalaryny birikdirýärler 

UNFPA we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmekde we maşgalalara goldaw bermekde tagallalaryny birikdirýärler 

News

UNFPA we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmekde we maşgalalara goldaw bermekde tagallalaryny birikdirýärler 

calendar_today 11 July 2024

Two people are standing and holding folders
© UNFPA Turkmenistan | Muhammet Kadyrov | 2024

11-nji iýul 2024-nji ýyl, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Wekiliýeti (UNFPA) we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) Özara Düşünşmek barada Memoranduma (ÖDM) gol çekdiler; bu Memorandum durmuş taýdan hyzmatlary ýerine ýetirmek we zorlugyň netijesinde agyr durmuş ýagdaýyna düşen maşgalalara goldaw bermek pudagyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir. 

Bu strategiki hyzmatdaşlyk, zenanlaryň we maşgalalaryň ýüzbe-ýüz bolýan wajyp meselelerini çözmek üçin taraplaryň tejribesini we serişdelerini birikdirýär. Bilelikdäki iş, pudagara utgaşdyrmagyň we gender esasly zorluga garşy göreşmegiň çäginde ynanç telefony, psihologiki taýdan maslahat bermegi we durmuş goldawy öz içine alýan sosial hyzmatlara elýeterliligi has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

UNFPA-nyň Ýurt boýunça direktory, jenap Ronni Lindstrom şeýle belledi: “Biz zenanlaryň we gyzlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygymyza örän guwanýarys. Bu hyzmatdaşlyk bize bilelikde Türkmenistanyň bütin ilatynyň saglygyna we abadançylygyna uzak möhletleýin oňyn täsir etjek maksatnamalary işläp düzmage we olary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. 

Hyzmatdaşlar şeýle hem gender deňligini işjeň ösdürmekde ýardam bererler. Bu hem öz içine jyns päsgelçiliklerini we deňsizlikleri aradan aýyrmagy, aýal-gyzlar üçin giň mümkinçilikleri döretmek şeýle-de jyns esasly zorlugyň öňüni almak üçin maksatnamalary işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi alýar. Mundan başga-da, UNFPA we TGÝMJ liderlik häsiýetleriniň, başarnyklarynyň ösmegine we aýal-gyzlaryň jemgyýet durmuşyna işjeň gatnaşmagyna itergi berýän başlangyçlary goldar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Başlygy, hanym Maral Açilowa şeýle diýdi: “Bu hyzmatdaşlygyň biziň tagallalarymyzy güýçlendirjekdigine ynanýarys we umumy aýdanymyzda, bilelikde biz zenanlaryň, gyzlaryň we maşgalalaryň abadançylygyny üpjün etjek has hiň mümkinçiliklere ýeteris”. 

UNFPA bilen TGÝMJ-niň arasynda Özara Düşünşmek barada Memorandumyň (ÖDM) gol çekilmegi Türkmenistanyň tutuş ilaty üçin has sagdyn, adalatly we abadan geljegi döretmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň alamaty bolup durýar.

###

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) reproduktiw saglygy, gender deňligi we ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bagly soraglar boýunça işleýän BMG-nyň öňdebaryjy agentligi bolup durýar.

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti dürli ugurlar boýunça ilata kömek we goldaw bermäge işjeň gatnaşýan öňdebaryjy ynsanperwer guramasy bolup durýar. 

Goşmaça maglumat almak üçin, UNFPA-nyň Türkmenistandaky Edarasynyň başlygy Kemal Goşlyýew bilen habarlaşyň: goshliyev@unfpa.org