Go Back Go Back
Go Back Go Back

Uzak wagtlap jynsy gatnaşykdan saklanmak – zyýanmy?

Uzak wagtlap jynsy gatnaşykdan saklanmak – zyýanmy?

News

Uzak wagtlap jynsy gatnaşykdan saklanmak – zyýanmy?

calendar_today 26 February 2022

Jyns gatnaşykdan saklanmak – jynsy gatnaşygyň özi ýaly gürrüňi köp edilýän temalaryň biri.

 

Jynsy gatnaşykdan uzak wagtlap saklanmak peýdalymy ýa-da zyýanly diýen jedeller köpüň arasynda bar. Zyýan bolsa, jynsy gatnaşykdan saklanmak saglyga zyýan berer derjä gelýänça näçe wagt gerek?

 

Bu baradaky toslamalary şu makalamyzda açyp görkezeris.

 

 

Selibat (Целибат) – din sebäpli uzak wagtlap jyns gatnaşyk etmezlikmi?

 

Ilkibaşda “selibat” sözi dini tejribelerde emele gelip, onuň düýp manysy Alla üçin jynsy gatnaşykdan we nikalaşmakdan saklanmagy aňladypdyr.

 

Soňra bu söz dünýewi gurşawlarda (dini däl) ulanylyp başlapdyr, bu söz köpler üçin uzyn bolan “jynsy gatnaşykdan saklanmagyň” gysga we oňaýly ýerini tutujy hökmünde ulanylýar.

 

Biziň makalamyzda “selibat” = “jynsy gatnaşykdan saklanmak” = “gatnaşykdan saklanmak” = “saklanmak” manysyny berer.

 

 

1 TOSLAMA: Uzak wagtlap jynsy gatnaşykdan saklanmak ýumurtgalaryň agyrmagyna getirip bilýär

 

Bu toslama. Birinjiden, her bir adamyň “uzak wagt” düşünjesi tapawutly. Käbir adamlarda bu iki hepde, käbirlerinde bolsa – 20 ýyl.

 

Ikinjiden, erkeklerde (köplenç irden) pollýusiýa bolýar – ygtyýarsyz eýakulýasiýa. Ol fiziologiki adat. Ol bedeniň jynsy dartgynlygyny boşatmaga ýardam berýär.

 

Üns beriň! Jyns agzalaryňyzda agyry duýýan bolsaňyz: ýumurtgalaryňyz, penis ýa-da anusyň töweregi agyrýan we/ýa-da gijileýän bolsa HÖKMANY suratda GYSSAGLY lukmana ýüz tutuň!

 

 

2 TOSLAMA: Uzak wagtlap jyns gatnaşygyndan saklansaňyz gyzlyk öz-özünden dikelýär.

 

Bu hem ýalan.

 

Gyzlyk (päkizelik) – adamyň jynsy gatnaşyk etmezinden öňki ýagdaýy.

 

Erkeklerde päkizeligi görkezýän anatomiki “şaýatlary” ýok. Gyzlarda bolsa “gyzlyk perdesi” (“gimen”) – jyns agzasyna girişi bölekleýik ýapýan perdesi bolýar. Gyzlyk barada giňişleýin ŞU ÝERDEN okap bilersiňiz.

 

Jynsy gatnaşyk edilende ol süýnüp ýa-da ýyrtylyp (gimeniň gurluşygyna garaşlylykda) bilýär. Dowamly jynsy gatnaşykda (we çaga doganyndan soň) ol öz-özünden ýok bolup gidýär. We jynsy gatnaşykdan uzak wagtlap saklanmak ony täzeden dikeldip bilmeýär.

 

 

3 TOSLAMA: Gyz jynsy gatnaşykdan uzak wagtlap saklanan ýagdaýynda onuň jynsy girişi birleşip bilýär.

 

Bu toslama öz başlangyjyny 2-nji toslamadan alyp gaýdýar. We öz gezeginde bu hem ýalandyr.

 

Bedendäki islendik bir deşigiň bitip gitmegine “atreziýa” diýilýär. Köplenç ol diňe dogabitdi bolup bilýär. Seýrek ýagdaýda bolsa ol hökmany suratda bejerilmeli bolan patalogiki prosesiň netijesinde bolup bilýär (şol sanda hirurgiki operasiýany hem öz içine alýan bejergi).

 

 

4 TOSLAMA: Jynsy gatnaşykdan saklanmaklyk adamy gaharjaň edýär.

 

Bu hem ýalan. Sebäbi “jynsy gatnaşyk” “ýakynlygy” we “söýgüni” aňladanok.

 

Jynsy gatnaşyk diňe položitel duýgulary getirjekligiňi hakykat däl. Kämahal jynsy gatnaşyga taýýar däl bolmak, çaluwyň ýetmezçiligi, psihologiki basyş, ýa-da başga müňlerçe sebäpler üçin, jynsy gatnaşygyň özi  agyry, gahar, lapykeçlige, emosional trawmalara getirip bilýär.

 

Şol sebäpli adamyň psihiki we emosional ýagdaýy jynsy gatnaşykdan saklanmazlyk bilen bagly däl. Ol ýagdaý rahat gurşawa garaşly – töweregiňdäki ýakyn adamlara, ýyly gurşawa we ynanyp bolýan gatnaşyklara bagly.

 

 

5 TOSLAMA: Jynsy gatnaşykdan saklanmak has köp isleglere sebäp bolýar

 

Bu toslama bilen käbir adamlar ikiligi ýa-da zorlugy aklaýar. “Uzak wagt bäri jynsy gatnaşykdan saklananym sebäpli şeýle boldy” diýýärler. Emma bedeniň işleýşi beýle däl.

 

Çünki beden beýnimiz tarapyndan dolandyrylýar. Beýnimiz biziň diri galmagymyz üçin ýygy we dowamly jynsy gatnaşygyň bolmagyny zerur hasaplanok. Dem almak, suw içmek, iýmitlenmek we uky adamyň ýaşamagy üçin zerur. Jynsy gatnaşyk etmek bolsa – ýok, bedeniň düýp talaplaryna ol degişli däl.

 

Emma bedenimiziň esasy zerurlyklaryndan başga esasy emosional zerurlyklary hem bar – ynamly, ýakymly we rahat  gatnaşyklar.

 

Biz köp emosiýalarymyzy, duýgularymyzy jynsy gatnaşyga baglap öwrenşipdiris. We jynsy gatnaşykdan saklanmak hemme zady tersine edýär diýip pikir edýäris. Jynsy gatnaşyk položitel emosiýalary getirýän bolsa, ondan saklanmak - negatiw emosiýalary getirýär. Jynsy gatnaşykdan soň biraz wagtlap isleg döremeýän bolsa, ondan saklanmakdan has köp isleg döredip bilýär.

 

Emma beýle däl. Jynsy gatnaşykdan saklanmak – diňe bir jynsy gatnaşykdan saklanmakdyr. Söýýän adamyňyz bilen emosional ýakynlygy jynsy gatnaşyksyz hem gurup bolýar.

 

 

6 TOSLAMA: Jynsy gatnaşykdan saklanmak düýbünden islemezlige getirýär

 

...we isleg hem azalýar. Ýokarda düşündirilen 5-nji toslama düýbünden garşydaş bir toslama.

 

Garşy jynsa bolan höwes, isleg, halamak we gyzyklanmak ýaly duýgular – fiziki görkeziji däl-de, emosional görkezijilerdir. Olar duýgy. Olar beýnimizde emele gelip, köp faktorlary seljerýär. Häzirki başdan geçirýän ýagdaýyňyzyň rahatlygy hem şol sanda.

 

Bu duýgular islendik wagt adamyň ýanynda özüňizi rahat we ýakymly duýsaňyz ýüze çykyp biler. Olar jynsy gatnaşykdan saklanýanyňyza ýa-da saklanmaýanyňyza bagly däl.

 

Üns beriň! Jynsy gatnaşykdan saklanmak siziň özüňize bolan ynamyňyza täsir edip biler. We bu ynam hem – adamlaryň oýlap tapan stereotipleriniň netijesidir. Ýygy jynsy gatnaşyklar sizi “krutoý”, seýrek gatnaşyk bolsa sizi şowsuz adam hökmünde suratlandyrmaýar.

 

 

7 TOSLAMA: Gatnaşykdan saklanmak deriniň zaýalanmagyna getirýär

 

Deriniň zaýalanmagyna köp faktorlar sebäp bolýar, gormonal bozulmalar hem şolaryň biri. Emma yzygiderli jynsy gatnaşyk bilen akne, pigmentasiýanyň we deriniň görünýän relýef uýtgemeginiň bolmazlygynyň arasynda gönümel baglanşyk ýok.

 

Gormonal bozulmalar jynsy gatnaşyk bilen bejerilmeýär. Ol bozulma dermatolog, endokrinolog we ginekolog lukmanyň maslahaty we kosmetologyň işjeň gatnaşygy bilen bilelikde kompleksleýin bejerilýär.

 

Deri bilen bagly meseleleriň hemmesi jynsy gatnaşyk arkaly bejerilýän bolanlygynda ähli durmuş guran zenanlaryň derisi ideal bolardy. Emma ýagdaý beýle däl.

 

 

NETIJE

 

Jynsy gatnaşyk we ondan saklanmak barada toslamalar diýseň köp. Emma jynsy gatnaşygyň özi saglyga hiç hili täsir ýetirmeýär (ol diňe trawma beriji täsir berip bilýär).

 

Biziň düşünjämizdäki “jynsy gatnaşyk” diňe bir fiziki ýakyn gatnaşygy aňlatman, emosional (ruhy) ýakynlygy hem aňladýar. Hut şol emosional ýakynlyk jynsy gatnaşyga ýanaýan köp položitel täsirmizi berip bilýär.

 

Emosional ýakynlyk, psihiki taýýarlyk we iki tarapyň arasyndaky ynamly gatnaşyksyz jynsy gatnaşygyň manysy ýok.