Go Back Go Back
Go Back Go Back

Wizual, audial, kinestetik, diskret: a siziň üçin nädip öwrenmek ýeňil?

Wizual, audial, kinestetik, diskret: a siziň üçin nädip öwrenmek ýeňil?

News

Wizual, audial, kinestetik, diskret: a siziň üçin nädip öwrenmek ýeňil?

calendar_today 08 December 2021

Siz haçanam bolsa, kimdir biriniň özüni audial ýa-da wizual diýip atlandyrýandygy we özüniň nähili ýagdaýda maglumaty gowy kabul edýändigi barada eşidipmidiňiz? Belki-de siziň özüňiz oýlanyp görensiňiz, näme üçin okuw kitabyny ýöne okap goýmaklyk size gowy täsir etmän, oňa derek okuw filmleri, mugallymyň leksiýasy ýa-da partaşyň düşündirmesi – tersine, örän peýdaly bolýar?

Biziň ählimiz maglumaty özümizçe  kabul edýäris. Kimdir biri sapaklary ümsümlikde, tekstde dolulygyna berilmekde, temany gaýtalamakda gowy özleşdirýär. Kimdir biri üçin bolsa, ony bada-bat ulanyp görmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin hem ol bir ýerde oturyp bilmeýär.

Wizual, audial, kinestetik we diskret – dürli ýaşdaky adamlar tarapyndan maglumaty kabul etmegiň we gaýtadan işlemegiň aýratynlyklaryny aňladýan kesgitlemedir.

 

Wizual – bu maglumatyň aglaba bölegini görüş arkaly kabul edýän adam.

Audial – maglumatyň esasy bölegini eşidiş arkaly kabul edýär.

Kinestetik – maglumaty beýleki duýgy organlarynyň (ys alyş, syzyş we beýlekiler)  üsti bilen we hereketiň kömegi bilen kabul edýän adam.

Diskret – logiki akyl ýetirmegiň, sanlaryň, nyşanlaryň, logiki netije çykarmalaryň üsti bilen maglumaty kabul edýän adam.

 

Ýatda saklamaly zatlaryň biri, ýokarda agzalanlaryň bir adamda diňe bir görnüşiniň duş gelýänini seýrekdir. Adatça, adam özünde maglumaty kabul etmekligiň ähli ýaýlymlaryny hem utgaşdyrýar. Bu ýerde ýöne haýsy hem bolsa bir aýratynlyk beýlekilerden ýokary bolup biler.

 

Muny bilmek näme üçin möhüm?

Maglumaty kabul etmekligiň aýratynlyklary baryp mekdebe çenli ýaşda ýüze çykýar we çaganyň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşygy ýola goýmagynda, bilim almakda üstünlik gazanmagynda, täze başarnyklara we endiklere eýe bolmagynda uly orun eýeleýär.

Mekdeplerde maksatnamalar standartlaşdyrylan bolýar we her bir okuwçy ony özleşdirip biler ýaly umumy ugra gönükdirilendir. Mugallymlaryň leksiýalary we düşündirişleri – audiallar üçin, mysallary tagta ýazyp ýerine ýetirmeklik – wizuallar üçin, praktiki ýumuşlar – kinestetikler üçin, logiki meseleler – diskretler üçin.

Sizde we çagaňyzda maglumaty kabul etmegiň haýsy ýaýlymynyň has ösendigini anyklamak üçin kähalatlarda adaty gözegçilik ýeterlik bolýar.

 

Nämä üns bermeli?

Tapawutlandyryjy alamatlar: wizual

  • Görkezme esbaplaryny ulanmagyň hasabyna ýa-da degişli hereketiň nähili amala aşyrylýandygyna gönüden-göni gözegçilik etmek arkaly — maglumatyň görüş arkaly kabul edýärler.
  • Sözleýşinde görüş bilen bagly atlardan, işliklerden, sypatlardan (seretmek, syn etmek, surat, owadan, ilki bakyşda, ýagty, görşüňiz ýaly...)
  • Daşky dünýämiziň görünýän tarapyna ýykgyn edýär; töweregini gurşap alýan dünýäniň gözel görünmegine bolan zerurlyk duýýarlar; bulaşyklygy görüp biynjalyksyzlyga aňsat düşüp bilýärler
  • Adamlar bilen aragatnaşyk edenlerinde onuň ýüzüne, egin-eşigine we daş sypatyna üns berýärler
  • Zatlaryň göze görünýän detallaryny suratlandyrýarlar — reňkini, formasyny, ölçegini we daş sypatyny
  • Nämedir bir zat barada pikir ýöredenlerinde, adatça potologa seredýärler; diňlänlerinde gürleýän adamyň gözüne seretmek zerurlygyny duýýarlar we özlerini diňleýän adamlaryň hem öz gözlerine seretmeklerini isleýärler
  • Daş töweregiň göze görünýän detallaryny, şeýle hem çap edilen ýa-da grafiki görnüşde berlen tekstleri we okuw gollanmalaryny oňat ýatda saklaýarlar

 

Tapawutlandyryjy alamatlar: audial

  • Esasy maglumaty eşidişiň üsti bilen — gepleşik wagty, sesli okan wagty, jedel ýa-da söhbetdeşi bilen pikir alyşmanyň barşynda kabul edýärler
  • Sözleýşine eşidiş kabul edişi bilen bagly sözler mahsus (ses. diňläň, maslahatlaşmak, dymma, ümsümlik, sessiz...)
  • Üznüksiz eşidiş sazlaşygyna mätäçlik çekýär, töwerek-daş dym-dyrslyk bolanda artykmaç sesleri çykaryp başlaýar – burnunyň aşagyna salyp myrlaýar, sykylyk atýar ýa-da öz-özi bilen gürleşýär. Ýöne okuw bilen gümra wagty beýle däldir, çünki okuw wagtynda olara dym-dyrslyk gerek; ýogsam, olar başga-birinden çykýan gyjyndyryjy sesden daşlaşmaly bolýarlar
  • Adamlar bilen aragatnaşykda adamyň adyna we familiýasyna, sesiniň äheňine, sözleýiş äheňine we aýdan sözlerine üns berýärler
  • Töwereginde eşidip biläýjek sesleri we sazlary, saz effektlerini we galmagallary suratlandyrýarlar, şeýle hem beýleki adamlaryň aýdan sözlerini gaýtalap berýärler
  • Adatça ýa saga, ýa-da çepe seredýärler. Kähalatlarda, gürleýän adamyň gözüne seredýärler. Ol hem uzak wagtlyk däl.
  • Gürrüňleri, sazy we aýdymy oňat ýatda saklaýarlar

 

Tapawutlandyryjy alamatlar: kinestetik

  • Esasy maglumaty skelet myşsalarynyň işjeň hereketi arkaly — hereketli oýunlara we işlere gatnaşyp, bedenini elmydama hereketde saklamak şerti bilen daşky dünýäni öwrenip, tejribe geçip kabul edýärler
  • Sözlük goruna, esasan, duýgulary suratlandyrýan sözler girýär (ýumşak, ýyly, mylaýym, galtaşyk, oňat ys alyş, päkize, çeýe ...)
  • Töwereginde iş gaýnap joşmagyna öwrenişen; olara hereket etmek üçin giňişlik zerur; olaryň ünsi elmydama hereket edýän obýektlere gönükdirilen; köplenç halatlarda beýleki adamlar bir ýerde oturyp başarman ýagdaýynda olaryň ünsi bölünýär we gyjyndyrýar, emma olaryň özleri welin hemişe hereketde bolmaly
  • Adamlar bilen aragatnaşyk edenlerinde söhbetdeşiniň özüni alyp barşyna üns berýärler; ol näme bilen meşgullanýar
  • Hereketi görkezýän sözleri giňden ulanýarlar; iş, ýeňişler we gazanylanlar barada gürrüň edýärler; adatça, köp sözli däl we işiň düýp özenine tiz geçýärler; gürrüňdeşlikde köplenç öz bedenini, hereketlerini, pantomimikasyny goşýarlar
  • Olar gözleri aşak ýa-da bir tarap bakan ýagdaýda diňlemegi we pikir ýöretmegi amatly görýärler; olar gürrüňdeşiniň gözüne asla seretmeýär diýen ýaly, çünki gözüni şu halda saklamak olara şol bir wagtda öwrenmäge we hereket etmäge mümkinçilik berýär; ýöne eger olaryň ýakynynda bir gaýmalaşyk bar bolsa, onda olaryň nazary hökman şol tarapa gönükdiriler
  • Öz hem-de özgeleriň etmişlerini, hereketlerini oňat ýatda saklaýarlar

 

Tapawutlandyryjy alamatlar: diskret

  • «Discrete» iňlis dilinden seresaply, ätiýaçly, sabyrly ýaly terjime edilýär. Ýetginjekleriň içinde diskretler kän däldir – hasaplamaklaryna görä, kabul edişiň bu görnüşi has uly ýaşlarda mahsus bolýar. diskretleriň esasy aýratynlygy logikadyr. Pikir ýöretmelerdäki, prinsiplerdäki, interýer (bezeg), kär saýlamakda — umuman, ähli zatda logika. 
  • Maglumaty çuňňur öwrenmek, pikir ýöretmek we seljermek arkaly bilimleri alýarlar
  • Duýgularyny we emosiýalaryny gizlemäge çalyşýarlar, hatda özlerine üns berilmegini hem «näme üçin?» diýen sorag bilen bahalandyrýarlar
  • Sözleýişleri logiki baglanyşyklardan we netijelerden doly bolup gurakdyr. Kitapdaky öwrümler peýdalanylýar, mysal üçin, «Şeýdip biz şuny anyklady, ýagny ...», «Sanalyp geçilenlerden görlüşi ýaly ...». Äheňi deň.
  • Faktlara we olaryň ygtybarlylygyny barlamaga uly üns berýärler. Islendik predmeti saýlamakda, ilkinji nobatda, onuň funksionallygy we peýdasy barada oýlanýarlar
  • Gürrüňdeşlik wagtynda gürrüňdeşiniň gözüne seretmeýärler
  • Gürrüňdeşligi gyzyklandyryjy hökmünde seýrek çykyş edýärler. Dymma we köpçülige bolmaýan bolup bilerler

 

Test: men maglumaty nädip kabul edýärin?

Şeýle hem özüňiziň maglumaty esasy kabul ediş çeşmäňizi anyklamak üçin degişli test geçirip bilersiňiz. 

Ýene-de bir gezek ýatladyp geçsek, kabul edişiň diňe bir görnüşi arassa seýrek duş gelýär. Adatça adam maglumaty kabul edişiň ähli ýaýlymlaryny özünde utgaşdyrýar, ýöne käbir ýaýlymlar käbirlerinde artykmaçlyk edip biler.

 

Bu zatlary bilmek nämä gerek?

Sapak wagtynda mugallym maglumaty kabul edişiň ähli ýaýlymlaryny ulanmak arkaly hödürläp biler: hem görüş, hem eşidiş, hem kinestetik, hem analitik ýaýlymlar. Şonda her bir okuwçyda mowzugyň iň bolmanda bir bölegini özleşdirmegine we sapagyň «suduryny» aňynda düzmegine mümkinçilik döreýär.

Dürli kabul edişli okuwçylarda akyl işjeňliginiň aýratynlyklary tapawutlanýar (mysal üçin, üns bölünmeklik derejesi, ýatda saklamagyň aýratynlyklary we beýlekiler). Diýmek, öz kabul ediş görnüşiňi bilip, täze bir zady özleşdirmek ýeňil bolýar.

Mugallym bolsa, okuwçylarynyň kabul ediş görnüşlerini bilip, köp zatlary edip biler: näme üçin tertip-düzgün bilen bagly meseleler ýüze çykýar, näme üçin biz «dürli dillerde gürleşýäris», çagany nädip höweslendirmeli ýa-da oňa nädip duýduryş etmeli we beýlekiler.

 

Kabul edişiň her bir görnüşiniň aýratynlyklary

  • Kinestetige öz ünsüni jemlemek kyn, islendik zat bilen onuň ünsüni bölmek aňsat.
  • Audialyň seslere ünsi aňsatlyk bilen bölünýär.
  • Wizuala galmagal asla päsgelçilik bermeýär.
  • Diskret dym-dyrslygy we pikirlenip bilmek mümkinçiligini halaýar.

 

Ýatda saklamagyň aýratynlyklary

Wizual gören zatlarynyň ählisini ýatda saklaýar, suratlar bilen aňyna salýar (obrazly pikirleniş oňat ösen)

Audial – maslahatlaşan, diňlän zadyny oňat ýatda saklaýar.

Kinestetik umumy täsiri ýatdynda saklaýar; hereket etmek, galtaşyp görmek, ysgap görmek arkaly ýatda saklaýar.

Diskret – ýagdaý babatda eden pikir netijelerini ýatda saklaýar.

 

Özüni alyp barmakdaky tapawutlyklaryň mysallary

Ýagdaý: okuw tagtasynyň ýüzüne ýazylan öý işi.

  • Wizual gündeligini açar we tagtada öýe tabşyrylan ýumuşlary göçürip alar.
  • Audial goňşysyndan gaýtadan sorar we daşyndan gürläp ýazar ýa-da asla hiç zat ýazmaz-da, öýde telefon arkaly synpdaşyndan berlen ýumuşlary anyklar.
  • Kinestetik gerekli okuw kitabyny tapar, ondan ýumuş berlen sahypalary tapyp, göni kitabyň özüne berlen ýumuşlary bellär.
  • Diskret wizualyň edenlerini gaýtalar.

 

Ýagdaý: arakesmede özüni alyp barşy.

  • Wizual klasyň içinde galar (eger-de ol ýerde o diýen galmagally bolmasa) ýa-da koridora çykyp aýnadan sereder ýa-da beýlekileri synlar.
  • Audial arakesmede gürläp bilenini gürlär, galmagal eder.
  • Kinestetik arakesmede el-aýagyny ýazmak üçin hereket eder.
  • Diskret asudalykda we ümsümlikde sapakdan dynç almak islär.

 

Bu maglumat nädip kömek eder?

Häzirki zaman mekdepleri kabul edişiň üç görnüşiniň üçüsini hem öz içine almak isleýär. Audiallar üçin mugallymlaryň düşündirişleri, wizuallar üçin – okuw kitaplaryndaky shemalar we düşündirişler, kinestetikler üçin bolsa – barlaghana we barlag işleri göz öňünde tutulandyr.

Ýöne pedogoglar hem adam. Öz bilim beriş usullaryny işläp düzüp, olar bu ýörelgelere onlarça ýyllap eýerýärler. Mysal üçin, sapagyň tutuş dowamynda leksiýa okaýarlar ýa-da täze mowzugy okuw kitabyň üsti bilen özleşdirmegi okuwçylaryň özlerine tabşyrýarlar.

Şeýdip hem okuwçylaryň bir bölegi hödürlenilýän materiallary berliş usuly arkaly özleşdirip bilmän, okuw maksatnamasy babatda «bortdan daşynda»galýar.

Ýöne ýatdan çykarmaly däl, bilimi dürli ýollar bilen alyp bolýar: maglumaty «beýlekiler» ýaly alyp özleşdirmek hökman däl. Her kimiň öz usuly bar.

 

NETIJE

Islendik adam kabul edişiň dürli ýaýlymlaryndan peýdalanýar. Ýagny biz diňe wizual ýa-da audial bolup bilmeris. Siz bir wagtda kabul edişiň birnäçe usullary jemlenýär. Eger-de kabul edişiň esasy ýaýlymy ýeterlik bolmasa, beýlekileri güýje girýär.

Şonuň üçin äpet dünýäni ählitaraplaýyn öwrenmek üçin başarnyklaryň we zehinleriň ählisini ösdürmäge üns bermeli.