Go Back Go Back
Go Back Go Back

Zenanlaryň we gyzlaryň ähmiýetini we jemgyýetdäki orunlaryny öňe sürmek

Zenanlaryň we gyzlaryň ähmiýetini we jemgyýetdäki orunlaryny öňe sürmek

News

Zenanlaryň we gyzlaryň ähmiýetini we jemgyýetdäki orunlaryny öňe sürmek

calendar_today 01 July 2020

Zenanlaryň we gyzlaryň ähmiýetini we jemgyýetdäki orunlaryny öňe sürmek

ISTANBUL/AŞGABAT, 2020-njy ýylyň 1-nji Iýuly – UNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy tarapyndan neşir edilen Dunýä  Ilatynyň 2020-nji ýyldaky Maglumatyna laýyklykda, dünýäde her ýylyň dowamynda millionlarça gyzlar öz maşgalalarynyň, dost-ýarlarynyň we jemgyýetiň habarly we razy bolmagy bilen fiziki we emosional taýdan zeper ýetiriji hereketlere sezewar edilýär.

Azyndan 19 sany zeper ýetiriji amallar, galyň bilen bagly zorluklardan başlap, gyzlyk barlagyna çenli hereketleriň hemmesi adam hukuklaryny bozujy hasaplanyp, UNFPA-nyň derňewine laýyklykda, üç sany esasy görnüşleri öňe çykarylýar: zenan sünneti, çaga (ýetginjeklikden öň) nikasy we maşgalada oglan çagany gyz çaga garanyňda has möhüm orunda görülmegi.

“Gyzlara zeper ýetiriji hereketler olaryň durmuşyna düýpleý we dowamly şikes ýetirip, ähli mümkinçiliklere ýetmek hukugyndan mahrum edýär” diýip Dr.Natalýa Kanem belläp geçýär.

Käbir ýurtlarda ogul edinmäge berilýän ähmiýetiň gyz edinmäge garanyňda has ýokary bolmagy täze doguljak çaganyň genderiniň saýlap-seçilmegine ýa-da dogulandan soň gyz çaga kemis ideg berilip, gyz çagalaryň ölmegine sebäp bolýar, netijede 140 million “zenanlaryň ýetmezçiligine” getirýär.

Günbatar Ýewropada we Merkezi Aziýada çaga nikasy umumy bikanun we häzirki wagta sany azalsa hem, häzire çenli sebitiň käbir böleklerinde dowam edýär (käbir ýurtlarda zenanlaryň 15% çenlisi 18 ýaşdan ir durmuş gurýar; käbirinde bolsa iki zenanyň biri çaga wagty nikalaşdyrylýar).

Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebitinde ogul edinmäge berilýän ähmiýetiň gyz edinmäge garanyňda has ýokary bolmagy dogulýan çagalaryň jyns deňagramlylygyna getirip, Günorta Kawkaz we Günörta-Günbatar Ýewropada diňe köp sanly oglanlaryň dogulmagyna sebäp boldy.

Çaganyň Hukuklary hakyndaky Konwensiýa ýaly halkara şertnamalary öz çäklerinde tassyklan ýurtlar zeper ýetiriji hereketleri bes etmäge borçlydyr. Köpler öz ýurtlarynyň çäginde talaplara laýyk kanunlary girizidiler, emma kanunlaryň ýeke-täk özi ýeterlikli bolmaýar. UNFPA-nyň hasabatynda laýyklykda, onýyllyklaryň dowamynda geçirilen tejribe we gözlegler üýtgeşmeler başdan aýak we düýpleý çemeleşilende has oňaýly netije görkezýär.

“Şeýle zyýanly däpleriň umumy bir säbabi bar: gyzlara we zenanlara giňden ýaýran endiklere görä dowamly kem baha berilmegi”  diýip, UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Sebiti boýunça Direktory Alanna Armitaž belläp geçýär. “Ýöne biz jemgyýet kadalarynyň gowy tarapa üýtgeýändigine şaýat bolýarys, we hökümetler, jemgyýetler, öňdebaryjylar we görelde bolýanlar bilelikde bu ugurda işleseler, gyzlara zyýan ýetirýän hereketleri geçmişde galdyryp bileris”.

Global Hasabatyň çap edilmeginiň şanyna Türkmenistanda UNFPA #Arzylyzenan (#Shecounts), gyzlaryň maşgalalardaky ähmiýetini öňe sürjek kampaniýasyna başlaýar. Kakalar, ýoldaşlar we erkek dogandyr-jigiler gyzlaryň hem-de zenanlaryň bardygyna buýsanýandyklaryny we olara ähmiýet berýändiklerini beýän edip, sosial ulgamda kampaniýa gatnaşmaga çagyrýar.

Global COVID-19 pandemiýasynyň dowamynda zenanlara zyýan ýetiriji hereketlere garşy ýetilenlere howp abanýar. Ýakynda geçirlen derňewler - hyzmatlar we programmalar alty aý ýapyk bolsa, goşmaça 13 million gyzlar häzir we 2030-njy ýyl aralygynda durmuşa çykmaga mejbur edilip bilinjekdigini ýüze çykardy.

Pandemiýa döwründe maşgala özüne düşýän maliýe agramy ýeňletmek maksady bilen çagasyny wagtyndan ir we närazylykda nika mejbur etmek töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Ähli ýerleriň ýapyklygy, mekdepleriň ýapylmagy we hereketleriň çäklendirilmegi ýetginjek gyzlaryň gündelik rutinasyny bozup, olara beriliň bilinjek goldaw ulgamlaryna päsgel berýär.

Armitažyň belleýşi ýaly, “Pandemiýa has köp gyzlary töwekgelçilikli ýagdaýda galdyrýar we olaryň durmuşyny gowulandyrmak ugurda edilen öňegidişligi yza çekýär. Dünýäniň ähli ýerindäki gyzlaryň öz hukuklaryndan doly peýdalanmagyny, durmuşlaryna we bedenlerine degişli ähli meselede özbaşdak saýlawyny üpjün etmek üçin edýän tagallalarymyzy iki esse artdyrmalydyrys."

 

 

Mediýa we söhbetdeşlikler üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Jens-Hagen Eschenbaecher (Istanbul): +90 549 748 36 55 eschenbaecher@unfpa.org
Malene Arboe-Rasmussen (Copenhagen): +45 6166 1291; arboe-rasmussen@unfpa.org
Eddie Wright (New York): +1 917 831 2074; ewright@unfpa.org

 

Türkmenistanda giňişleýin maglumat üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Ene Tüýliýewa, Ýaşlar we Aragatnaşyklar

National Programme Associate

tuyliyeva@unfpa.org

+99312 488325

 

http://turkmenistan.unfpa.org

www.facebook.com/unfpatkm

www.instagram.com/unfpa_turkmenistan

imo: +99362 833158

www.yashlyk.info