Go Back Go Back
Go Back Go Back

Zyýanly maslahatlar: ýetginjek nädip hroniki ýadawlyk gazanmaly we öz ömrüni zaýalamaly?

Zyýanly maslahatlar: ýetginjek nädip hroniki ýadawlyk gazanmaly we öz ömrüni zaýalamaly?

News

Zyýanly maslahatlar: ýetginjek nädip hroniki ýadawlyk gazanmaly we öz ömrüni zaýalamaly?

calendar_today 13 January 2022

Siziň kararyňyz we onuň netijeleri

Tekst – ýaňsylama. Saglygyňy, daş keşbiňi we işjeňligiňi saklap galmak üçin ähli maslahatlary tersine ýerine ýetirmeli.

«Ine, ulularyň durmuşy! Islendik hereketlerden, erkinliklerden doly durmuş! Gyşyna başgapsyz gezjekmi, giç ýatjakmy ýa-da günortan ertirlik edinjekmi?! Eýsem, bu siziň arzuwyňyz dälmi?! Ýöne bu durmuşy nämeden başlamaly? Gün tertibini bozupmy? Bu sizden mümkin boldugyndan iň az tagallany talap eder we edil şolar ýaly, mümkin boldugyndan güýçli täsirini hem berer.

1. Ilkinji nobatda, kadaly uklamany bes etmeli. Agşam sagat 11-de ýatmalymy? Bidereklik! Telewizor öz-özüne seretmeýär, edil şolar ýaly-da, sosial ulgamlardaky teswirleýjiler öz-özlerine jogap bermez. Gözüň aşagyndaky çekilen surat ýaly tegelekler hem ir ertirden gyzaryp duran gözleriňize gelişik berer. Karar alyndy, daňdan sagat 4-den öň uklamaly däl. Ähli zady başdan aýlap, irräk ýatmak pikirini ser bermek pikirinden el çekmek üçin klasdaşlaryňyza challenge (henek) oklaň «Uky körpeler üçin!». Mekdepde ir bilen kimiň gyjyndyryjydygyny, kimiň bolsa, äm-sämdigini deňeşdirip görmek gyzykly bolar.

2. Dişleriňi welin, arassalamaly bolar. Ýogsam, adamlar bilen känbir gürleşip bolmaz. Ýöne olaryň günde bir gezek (!) — diňe irden arassalamak ýeterlik bolar. Agşamlaryna hökman däl, çünki gije kimdir biri bilen gürleşme aladaň ýok, ýöne irden weli ýene-de diş çotgaňy ele almaly bolar. Ýöne çotgaňy täzelemeli wagtyň-a iki esse seýrekleşer.

3. Ertirlik naharyny iýmelimi? Ukusyz gijeden soň, kaşa ýa-da dorag ýetenoňdy-da. Ine, eger pizza bolan bolsady... Ýany bilen süýji tagamly gazly suw, çipsi... Soňundanam narpyzly sakgyç... Olar bolmasa, beýlekilerine wagt sarp edeniňe degenok. Eýýäm mekdebe gijä galyp barýaň.

4. Ýeri gelende, mekdep barada durup geçeliň. Amatly boldugy owadan bolmagyny aňlatmaýar. Şonuň üçin hem portfel ýa-da sumka mümkin boldugyndan amatsyz, kiçijek, durnuksyz hem-de agyr bolmaly, ýöne şol bir wagtda owadan hemem döwrebap bolsa bolýar. günüňiziň ýarysyny geçirýän egin eşigiňiz (forma) nähilidir bir howa geçirmeýän sintetikadan, köwşüňiz bolsa, agtaryp tapyp biläýjek iň tekiz dabanly köwüş bolmaly. Ýa-da klasdaşlaryňyza ýokardan aşak sereder ýaly, şeýle bir belent ökjeli köwüşde gezmeli.

5. Dogry iýmitlenmek — garrylara hem-de ýaňy bolan bäbeklere degişlidir. Gök önümler — zyýan, miweler — ondan beter zyýan. Tiz tagam — hem tagamly, hem dok saklaýar. Aşgazanyňy aşa düşürmek, deriňi we dişiňi zaýalamak üçin başga berhiz gözläp hem oturmaň. Beýleki bir tarapdan, hor bolmak — ýörgünli. Burger iýip o diýen horlanyb-a bolmaz. Ýöne munuň hem emeli bar: hepdede birnäçe gezek aşa düşinçäň iýip, galan günler bolsa, kaloriýalaryň ýanar ýaly aç gezmeli.

6. Sport hem möhümdir. Sport bilen hemmeler meşgullanýar. Onuň bilen meşgullananlar gelşikli sypata gelýärler. Şonuň üçin hem sporty taşlamak bolmaz. Eger-de hiç haçan onuň bilen meşgullanmadyk bolsaňyz, onda tizräk başlaň. Özi hem sypdyrylan wagtyň öwezini dolmak üçin hem-de bogunlaryňy tiz zaýalamak üçin agyr maşklardan başlaň. Golaýdaky sport zallarynda trenažýorlara gatnap bolar (elbetde, tälimçisiz, ýogsam, tälimçili gymmada düşýär). Internetde hem haýsy maşklardan bisepsleriň we arka oňurgaň tiz taplanýandygyny, haýsy maşklardan bolsa, aýaklaryň tiz horlanýandygyny görüp öwrenip bolar.

7. Sapaklaryňy göçürip alyp hem bolar. Doklady bolsa internetden ýükläp alyp bolýar. Prezentasiýany sapak başlamazdan hem edip ýetişersiň. Synaglara çenli wagt kän, informatika bilen taryh bolsa ömrüňde gerek boljak sapak däl. Haçanam bolsa gerek boljak zatlaryň ählisini Internetden tapyp bolýar. Akylly adamlar ony oýlap tapypdyrlar ahyry!

8. Öýi ýygnaşdyrmagyň, kir ýuwmagyň, ütüklemegiň möhümligi o diýen wajyp däl. Sizden başga siziň otagyňyza girip, taşlaşdyran zatlaryňyzy görjek adam ýok. Şkafyň ýüzündäki tozan bolsa, känbir päsgel beribem duranok. Burçdaky kerepdäki möý hem edil şolar ýaly. Oňa at dakyp, öý haýwany diýip atlandyrsa hem bolar. Hawa, eşikler adatça öz özlerinden ýuwulýar we ütüklenilýär. Birden bu zatlar saklanaýsa, onda ejeňe ýüz tutmaly.

9. Ýöne ene-atalar bilen aragatnaşygy mümkin boldugyndan azaltmaly. Olar size näme aýdyp biler? Siziň öz ömrüňiz hem öz tejribäňiz bar ahyryn. Özüňizem baş alyp çykarsyňyz. Siziň üçin gaýgylanmak asla gerek däl. Iň esasy, jübini puldan kesmeseler bolýar».

Öz gün tertibiňi weýran etmek boýunça binýatlaýyn ädimleri yzygiderli amal etmek bilen, Siz şulary gazanyp bilersiňiz:

  • hroniki ýadawlyk
  • hiç wagt aýrylmaýan kelle agyry
  • apatiýa (hiç zada höwesiň bolmazlyk)
  • gaharjaňlyk
  • gowşaklyk
  • gastri
  • şikesler
  • ingi
  • görşüň zaýalanmagy
  • diş, deri we saç bilen bagly meseleler
  • işjeňligiň we öndürijiligiň peselmegi
  • mekdepde sapaklaryňa ýetişmezlik
  • maşgalaň bilen dawa.

«Ýokarda agzalan maslahatlary amal etseňiz, Siz has köp mümkinçiliklere — zyýanly endiklere, hroniki (gaytalanyp durýan) kesellere, nesil näsaglygyna we intellektual we hünär taýdan ösmek üçin hiç hili bilimiň ýok bolmagyna baý bolan täze bir dünýäni açarsyňyz».

Related Content