You are here

Önelgesizlik– bu öz çagalaryňy dünýä indermäge ukyply bolmazlykdyr we ol hem erkek kişilerde hem aýal maşgalalarda duş gelýär. Ortaça alanymyzda önelgesizlik är-aýallaryň her onusyndan (10) birisiniň (1) paýyna düşýär. Eger-de ýörite gorag serişdelerinden peýdalanman amala aşyrylýan jynsy gatnaşyklaryň 12 aýlap dowam edeninden soň göwrelilik peýda bolmasa,onda bu är-aýal önelgesizdir diýlip hasaplanýar. Geçmişde çagalarynyň bardygyna garamazdan är-aýal önelgesiz bolup biler. Emma bellemeli zat, jübütler lukmana wagtynda ýüz tutsa we bejergi alsa, onda üstünlikli netijelere ýetip biler. 

UNFPA "Erkek kişi Maşgalany Meýilleşdirmek barada näme bilmeli?" atly maşgalany meýilleşdirmek, göwrelilik, önelgesizlik, gorag serişdeleri we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller, şol sanda AIW barada neşirler seriýasyny taýýarlady. 

Türkmen we Rus dillerindäki neşirleriň seriýalary şu aşakdakylardan ybarat: