Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýaşlar

Ýaşlar

Ýaşlar

UNFPA ýaşlary — olaryň zehinlerini, umytlaryny, geljegini we özboluşly zerurlyklaryny durnukly ösüşiň merkezinde goýýar. Şonuň netijesinde UNFPA Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) we Ilat ýagdaýy we ösüşi boýunça Halkara maslahatynyň Hereketler meýilnamasyna ýetmekligi goldaýar.

UNFPA ýaş adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, olaryň özleriniň saýlap bilmekleri we öz ykbalyny kesgitläp bilmekleri üçin Hökümet, raýat jemgyýetleri we dürli hyzmatdaşlar bilen iş alyp barýar.
Olar, öz gezeginde, parahatçylygy, adamlary, Ýer ýüzüni we gülläp ösüşi goldamak bilen, töweregini gurşap alan dünýäni emele getirip hem-de has-da gowulandyryp bilerler.

Ýaşlaryň abadançylygy we ösüşi 2021-2025-nji ýyllar üçin UNFPA-nyň Ýurt maksatnamasynyň — reproduktiw saglyk, gender deňligi we ilatyň ösüşi maksatnamalarynyň çäklerinde öz içine alnan maksatnamalaýyn ulgamlaryň arasynda esasy mowzuk bolup durýar 
Deňeşdiriji artykmaçlyklaryny ulanmak arkaly UNFPA ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek üçin syýasat meseleleri boýunça maslahat we tehniki goldaw bermegini dowam eder. Bu bolsa ilatyň ösüş depginini, adam hukuklaryny we gender deňligini üpjün etmäge, şeýle hem ilatyň ýurduň ösüşine goşant goşup bilmegi üçin şertleri döretmekligi üpjün eder.
 
Ýaşlar syýasaty boýunça täze Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, UNFPA ýaşlaryň gatnaşmagy üçin innowasion meýdançalary döretmekde we ýaşlar bilen bagly DÖM statistikasynyň we ölçegleriniň ulgamlaryny berkitmekde Hökümeti goldaýar. Hyzmatdaşlyk şeýle hem gender deňligini we jemgyýetde oňyn durmuş kadalaryny ilerletmekde erkekleriň we oglanlaryň gatnaşygyny höweslendirmeklige gönükdirilendir.
 
UNFPA-nyň bilim ulgamyna goldawy pedagogikanyň serişdeler binýadyny giňeltmegiň we okatmagyň kadalaryny we ülňülerini kabul etmek arkaly «Ýaşaýyş durmuş esaslary» sapaklarynyň çäklerinde reproduktiw saglygy, gender deňligini we durmuş endiklerini öwretmekligiň hilini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilendir. Mekdepden daşary çäklerde UNFPA ýetginjekleri durmuş endikleri bilen üpjün etmek we reproduktiw saglyk, gender deňligi we oňyn durmuş kadalary hakynda olaryň bilimlerini giňeltmek üçin hyzmatdaşlary bilen iş alyp barýar.
 
Yashlyk.info saýtynda ýaşlar, ene-atalar we mugallymlar üçin ýaşlaryň saglygy  meseleleri boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan maglumatlar berlendir. Yashlyk saýtynda şeýle hem ählumumy pandemiýa döwründe ýetginjekleriň reproduktiw saglygy, şeýle hem KOWID-19 atly täze rubrikanyň üsti bilen saglyga abanýan howplar we ýokançlaryň öňüni almak hakynda ýetginjekler we olaryň ene-atalary üçin täze we üsti ýetirilip durulýan ylmy-esaslandyrylan maglumat hödürlenilýär. UNFPA şeýle hem Deň-duşlary okatmagyň Ýaşlar tory ýa-da Y-PEER-iň — deň-duşlarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we gender deňligini ilerletmeklige ýardam edýän meýletinçileriň toparynyň işini goldaýar.
 
UNFPA ýetginjekleriň we ýaşlaryň zerurlyklaryna esasy üns berilýän saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasaty we maksatnamalary goldaýar. Reproduktiw, enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygy boýunça Milli strategiýanyň çäklerinde UNFPA ýetginjekler üçin lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini, laýyklygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekde Hökümete goldaw bermegini dowam edýär. UNFPA şeýle hem paýtagtda ýetginjekleriň saglyk merkezlerini döretmekde, şol sanda ýetginjek ýaşdaky oglanlar we gyzlar üçin kliniki hyzmatlaryň dürli ülňülerini işläp düzmekde we utgaşdyrmakda tehniki goldawyny berýär. Bu merkez ýurtda bilimler we okuw merkezi bolup hyzmat eder we ýetginjeklere lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlär.
UNFPA-nyň Ýurt maksatnamasy ilatyň has yza galan toparlaryna, şol sanda oba ýerlerindäki hem-de ýaşaýyş derejesi iň pes topardan bolan ýaş gyzlara, ýetginjek ýaşdaky oglanlara we gyzlara, şeýle hem mümkinçiligi çäkli ýaşlara aýratyn üns berer.

 

«Hemmeler üçin hukuk we saýlaw: Ýetginjekler we ýaşlar» analitik hatyny okaň. Analitik hatda dünýäde we Türkmenistanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň ýagdaýyna  syn berilýär, Türkmenistandaky ýörelgeler, UNFPA-nyň goldawy, şeýle hem 2021-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze ileri tutmalar we mümkinçilikler seljerilýär.

Other Topics

No content available.