Eneligiň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak — bu adam hukuklarynyň imperatiwidir. Ol UNFPA-nyň mandatynyň we ösüş ileri tutmalarynyň esasynda ýatýar. UNFPA lukmançylyk işgärlerine okuw geçmek, esasy derman serişdeleriniň we reproduktiw saglygy goramak boýunça hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmak, saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek we ene saglygynyň halkara ülňülerini ilerletmek üçin saglygy goraýyş ulgamynda we raýat jemgyýeti ulgamynda Hökümetler, bilermenler bilen iş alyp barýar.
Ene ölümliliginiň derejesini mundan beýläk hem peseltmegiň iň gowy usuly: (a) gaýraüzülmeleri bolan zenanlara öz wagtynda gaýragoýulmasyz akuşerlik kömegini bermegi üpjün etmek; (b) dogrum wagtynda howply şertlerde göwreli zenanlaryň ählisine ýokary hünär taýýarlykly we hormatly çemeleşmäni hödürlemek; (ç) fertil ýaşdaky zenanlaryň ählisiniň islenilmeýän göwrelilikden gaça durmaklary üçin kontrasepsiýa ulanmagy saýlamaga mümkinçiliginiň bolmagyny üpjün etmek.
UNFPA halkara maglumatlaryň, ýurtdaky barlaglaryň netijeleriniň we BSGG/UNFPA-nyň maslahatlarynyň esasynda ene saglygyny goramak boýunça hyzmatlary bermegiň lukmançylyk tejribesini standartlaşdyrmakda TSGDSM goldaw berdi. Akuşerçilik ulgamynda kyrk dört sany kliniki protokollar her bir dogrum öýünde ornaşdyryldy we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edildi. Dogrum öýlerinde zähmet çekýän ähli akuşerler ornaşdyrylan protokollara laýyklykda, enelere kömek bermek boýunça welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan okadyldy. Okuw döwlet býujetiniň serişdelerinden tölenildi.

2015-nji ýyldan başlap, UNFPA işgärler düzüminiň, enjamlaryň we hyzmatlaryň kesgitli düzümi bilen ene saglygyny goramagyň üç derejesini kesgitlemekde TSGDSM goldaw berip gelýär. Bu hili ulgam ene saglygyny goramak boýunça hyzmatlaryň netijeliligini we täsirliligini ýokarlandyrýar hem-de standartlaşdyrylan kliniki tejribe bilen bir hatarda 2007-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende ene ölümliliginiň derejesiniň düýpli aşaklamagyna ýardam etdi.
UNFPA Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllar aralygynda döwür üçin Ýurt maksatnamasynyň bäşinji aýlawynyň çäginde bu çäreleri amala aşyrmakda TSGDSM goldaw bermäge ygrarlydyr. Beýan edilen çäreler şeýle hem ýokarda agzalyp geçilen 2021-2030-njy ýyllar üçin reproduktiw, ene, çaga we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýa we 2021-2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasyna goşuldy. Olaryň bahasynyň hasaby 2021-nji ýyla meýilleşdirildi.
2020-nji ýylda geçirilen maşgalany meýilleşdirmegiň maýa goýum esaslandyrmasy ene saglygynyň görkezijilerini gowulandyrmaga ýardam edýän maşgalany meýilleşdirmekde maýa goýumlardan çykdajylary we bähbitleri seljermek üçin esas bolup çykyş edýär. 2021-nji ýylda UNFPA durmuş goraglylygyna mätäç zenanlara aýratyn üns berip, ene saglygyny goramak boýunça saglygy goraýyş hyzmatlaryny maliýeleşdirmek ulgamynda has uýgunlaşan çözgütleri gözlemekde Saglygy goraýyş ministrligine goldaw berýär. Bu barlagyň netijeleri ene saglygyny goramak ulgamynda saglygy goraýşy maliýeleşdirmegiň usullary boýunça esaslandyrylan çözgütleri kabul etmäge we ösüş ulgamyny maliýeleşdirmek boýunça milli gün tertibi ilerletmeklige ýardam edýär. Anemiýanyň derejesini peseltmek boýunça çäreler babatda aýdylanda, UNFPA ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda barlaghana barlaglaryny we bejergisini berkidýär. Bu bolsa UNFPA-nyň çäreleriniň täsirliligini ýokarlandyrýar we mätäçlik çekýän zenanlaryň arasynda gowşaklygyň derejesini peseltmäge ýardam edýär.

UNFPA SARS2 ählumumy pandemiýasyna aýratyn üns bermek bilen, ýokanç keselleriň ýaýramagyny öňüni almakda saglygy goraýyş ulgamynyň institusional mümkinçiliklerini berkitmekde konsultatiw we tehniki goldawyny bermegini dowam edýär.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde UNFPA akuşerçilik biliminiň we akuşerler düzüminiň işiniň düzgünleriniň, şeýle hem dogrum öýleriniň infrastrukturasynyň gowulandyrylmagy, şol sanda döwrebap lukmançylyk enjamlary we kontraseptiwleriň getirilmegi boýunça hyzmatdaş bolup çykyş eder.

«Hemmeler üçin saýlaw we hukuk: Ene saglygy» analitik haty okaň. Analitik hatda ene saglygynyň meseleleriniň hem-de tutuş dünýäde we Türkmenistanda öňüni alyp bolýan ene ölümliligini bes etmekligiň syny berilýär, Türkmenistandaky ýörelgeler, UNFPA-nyň goldawy, şeýle hem 2021-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze ileri tutmalar we mümkinçilikler seljerilýär.