Go Back Go Back
Go Back Go Back

Gender deňligi

Gender deňligi

Gender deňligi

Gender deňligi durnukly ösüş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr we adam hukuklarynyň hemmeler üçin durmuşa geçirilmegi üçin möhümdir. Gender deňliginiň umumy maksady — bu zenanlaryň we erkekleriň durmuşyň ähli ugurlarynda deň mümkinçiliklerden, hukuklardan we jogapkärçiliklerden peýdalanýan jemgyýetdir.

Erkekler bilen zenanlaryň arasyndaky deňlik, jynslaryň ikisi-de güýç we täsir paýlanyşygyna deň derejede gatnaşyp, iş ýa-da işewürligi döretmek arkaly maliýe garaşsyzlygyny gazanmak üçin deň mümkinçiliklere eýe bolanda bolup bilýär; bilime deň elýeterlilik we şahsy maksatlaryny, gyzyklanmalary we zehinleri ösdürmek mümkinçiligine eýe bolanda; öý jogapkärçiligini we öý işlerini paýlaşyp, işde-de, öýde-de gorkuzylmadan, sütemden we jyns zorlugyndan doly azat bolanda bolup bilýär.

UNFPA zenan-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de gender deňligini ilerletmek işinde otuz ýyla golaý wagt bäri Türkmenistanyň Hökümetiniň strategiki hyzmatdaşy bolup gelýär. Türkmenistanda gender deňligini öňe sürmek boýunça UNFPA-nyň alyp barýan işi adam hukuklary boýunça ykrar edilen halkara şertnamalaryň we konwensiýalaryň çäklerinde, şol sanda Zenanlar babatda kemsidilmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň çäklerinde borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň milli hukuk goraýjy ulgamyny goldamaklygy öz içine alýar.
Bäşinji ýurt maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, UNFPA bilermenlik goldawyny hödürläp biljek ulgamlarynda Gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berer.
UNFPA şeýle hem gender-jynsy syýasat we gender meselesini nazara almak ulgamynda syýasatçylaryň we döwlet gullukçylarynyň mümkinçiliklerini, şeýle hem gender deňligi meselelerini çözmegiň usullary boýunça milli edaralaryň we hünärmenleriň mümkinçiliklerini ösdürer.

Gender deňligi boýunça maksatnama zenanlara we ýetginjeklere aň-düşünjeli saýlaw etmäge we zorlukdan azat bolmaga mümkinçilik berýän toplumlaýyn ulgamlary we gurallary döretmek, şeýle hem jemgyýetde oňyn durmuş kadalaryny öňe sürmek üçin erkekleri we oglanlary çekmek boýunça döwlet edaralary bilen işlemäge gönükdiriler.

«Hemmeler üçin hukuk we saýlaw: Zenanlaryň mertebe bilen hem-de gorkusyz ýaşamak mümkinçiligini giňeltmek» analitiki hatyny okaň. Bu analitik hatda gender deňligi meselelerine, şol sanda tutuş dünýäde we Türkmenistanda gender zorlugyna syn berilýär, Türkmenistandaky ýörelgeler, UNFPA-nyň goldawy seljerilýär, şeýle hem 2021-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler we ileri tutulýan ugurlar getirilýär.
 

Other Topics

No content available.