You are here

UNFPA we hyzmatdaşlar jemgyýetimizde we sosial ulgamlarda çydamlylygy, mertebäni, sylagy we deňligi öňe sürmek maksady bilen “Diz dürli. Biz deň” atly sanly ulgam kampaniýasyny başlady.

Erkegiň maşgalada işjeň kaka hökmünde gatnaşygy enäniň we çaganyň saglygynyň gowulaşmagyna, zenanlara garşy zorlugyň azalmagyna we ogul-gyzlar üçin ömürlik gowy täsirlere sebäp bolup biler. Erkekleriň terbiýeçi hökmünde gatnaşmagy olaryň tejribeli kaka bolmagyna ýardam edip, gatnaşyklaryny we durmuş hilini ýokarlandyrýar. 

Öý işleriniň deň paýlaşylmagy, iş ýerlerinde maşgalalylar üçin oňaýly syýasaty ulanmak aýal-gyzlara bilim almaga, kärini dowam etdirmäge we ýaşaýan jemgyýetleriniň sosial-ykdysady ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

Gender deňligi hemmeler üçin bähbitli.