You are here

Halkara Maşgalalar güni mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy UNFPA we Readit kitap dükany bilen hyzmatdaşlykda kakalary, çagalary we ýetginjekleri “Kakam bilen” çäresine çagyrdylar.

Duşuşyk “Kakam bilen okaly” sessiýasy bilen başlap, onuň çäginde kakalar öz çagalarynyň iň halaýan kitaplaryndan böleklerini köpçülige okap berdiler.

“Kakam bilen gürleşeli” panel diskussiýasy psiholog tarapyndan alnyp baryldy, gürrüňdeşlikde atalaryň we ýaşlaryň arasyndaky nesil tapawudyny, maşgalalarda we jemgyýetde jemgyýetçilik kadalarynyň üýtgemegini maslahatlaşyldy, we kakalaryň öz çagalary, şol sanda ýetginjek çagalary bilen wagt geçirmeginiň wajypdygy barada bellenilip geçildi.