Bütindünýä ilat gününe we UNFPA-nyň “Dünýäniň ilaty” hasabatynyň 2025-nji ýylda çykarylan sanyna (SWOP 2025) bagyşlap, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasy akwarel eserleriniň bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň temasy: «Maşgala isleg, goldaw bilen başlaýar»
Bäsleşigiň temasy barada: «Maşgala isleg, goldaw bilen başlaýar». Akwarel suratda islenilýän maşgalany döretmek diňe bir öz islegiňe däl-de, eýsem päsgelçilikleriň hem aradan aýrylmagyna baglydygy görkezilmeli. Ykdysady durnuklylygyň, orta mekdep we çagalar bagynyň elýeterliliginiň, gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, reproduktiw saglygy babatynda ýokary hilli hyzmatlaryň elýeterli bolmagynyň, hem-de adamlarda geljege bolan ynamyň öz isleglerine görä maşgalany döretmäge nä derejede kömek edýändigi akwarel eserde suratlandyrylmaly.
Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri:
- 15 we ondan ýokary ýaşdaky suratkeşler
- Her gatnaşyjy yglan edilen tema bovunca bir (1) asyl nusgada akwarel bilen ýerine ýetirilen işi hödürläp biler.
Başga talaplar:
Işiň arka tarapynda aşakdaky maglumatlary aýdyň ýazmak zerur:
- Awtoryň doly ady we familiýasy
- Doglan senesi
- Telefon belgisi
- Elektron poçta salgysy (eger bar bolsa)
Işlere baha bermek:
Ähli işler ýörite düzülen emin agzalary tarapyndan baha beriler.
Işleri tabşyrmagyň soňky möhleti: 🗓️ 2025-nji ýylyň 30-njy iýuny
Işleri tabşyrmagyň tertibi: Akwarel suraty BMG-nyň Aşgabatdaky binasyna özüňiz ýa-da poçta arkaly şu salgy boýunça tabşyryp bilersiňiz: Arçabil şaýoly, 21. Aşgabat, Türkmenistan, 744036
Goşmaça maglumat üçin şu belgä ýüz tutup bilersiňiz: +99362833158