Go Back Go Back
Go Back Go Back

Öýde dyrnaklaryňa nädip dogry ideg (manikýur) etmeli?

Öýde dyrnaklaryňa nädip dogry ideg (manikýur) etmeli?

News

Öýde dyrnaklaryňa nädip dogry ideg (manikýur) etmeli?

calendar_today 23 September 2021

Dyrnaklaryňa ideg etmeklik çagalykdan endige öwrülmeli, galyberse-de, diňe gyzjagazlarda däl, eýsem, oglanlar hem muny endik etmeli. Çaga dyrnaklaryna gündelik esewan edip durmagy, olary çotga bilen arassalap, zerurlyk bolanda hepdede bir gezek olaryň artyk ýerlerini gyrkyp, görnüşini düzedip durmagy endik etdirmek — bu, elbetde, ene-atalaryň aladasy.

Emma bu günki gün manikýur (dyrnaga ideg etmek) bu diňe bir elleriň saglygynyň aladasy däldir. Bu şeýle hem moda industriýasynyň aýrylmaz bölegidir. Ondaky täze ýörelgeler gyzyl düşekçedäki beýleki täzeliklerden pes däldir.

Adamlaryň köpüsi soňlugy bilen pul gazanmak üçin manikýur etmegi öwrenýärler. Bilermenleriň hasaplamagyna görä, näsaglaryň 20%-e golaýy hili pes bolan manikýur ýa-da pedikýur (aýaklaryň dyrnagynyň idegi) sebäpli ýüz tutýarlar: sterilizirlenmedik enjamlar, dyrnaklaryň we matriks zolagynyň (dyrnagyň ösýän zolagy) şikesleri, tehnologiýanyň bozulmagy we pes hilli materiallar sebäpli temperatura we himiki ýanyklar.

Netijede lukmana uzak möhletleýin gatnawly bejergi we ummasyz köp sowlan çykdajy we ýakylan nerw gazanylýar. Emma dyrnagyňy zaýalamak howpundan başga-da, başga-da birnäçe çylşyrymlaşma gazanyp bolar.

Öýde manikýur etmek bilen siz onuň ähli tapgyrlaryny öz gözegçiligiňizde saklap bilersiňiz. Dyrnaklar diňe bir owadan däl, eýsem, sagdyn bolar ýaly manikýury we pedikýury nädip dogry ýerine ýetirmelidigi hakynda käbir peýdaly maslahatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

 

1-nji ädim. Gurallary taýýarlamak

Galyberse-de, manikýury lukmançylyk agyz-burun örtüginde etmek gowudyr — dyrnaklar sürtelende çykýan tozan dem alyş ýollaryna düşüp güýçli allergiýa döredip bilýär.

Eller we aýaklar üçin aýratyn gaýçy ýa-da gysgyçlary ulanmaly. Birinjiden, aýaklaryň dyrnaklary galyň bolýar. Adaty manikýur gaýçylary olary kesmän, diňe egreldip biler. Ikinjiden, aýaklaryň mikroflorasy elleriňkiden tapawutlanýar, deride dürli-dürli bakterialar ýaşaýar. Iň gowusy, elleriňdäki bakterialary aýaklaryňa ýa-da tersine geçirmezlikdir. 

 

2-nji ädim. Elleriňi we aýaklaryňy ýuwmak

Köpler bu wajyp tapgyry näme üçindir ýatdan çykarýarlar. Emma manikýura we pedikýura girişmezden öň, arassalaýyş çäreleri hökmanydyr. Derini sabyn garyndyly suw bilen arassalaň we mehaniki hapalary aýyrmak üçin çotga bilen dyrnaklaryňyzdan geçiň.

Eger-de, siz ýuwunman manikýura ýa-da pedikýura başlasaňyz we işiň dowamynda bir ýeriňizi sypjyrtsaňyz, onda mikroorganizmler we bakterialar ýaraň üstüne düşüp, çiş döredip biler.

Möhüm: eger-de siz manikýur prosesiniň dowamynda deriňizi bugartjak bolsaňyz, onda öňünden arassalanmak hökmandyr. Çünki bugartmak üçin niýetlenen suw deriňizdäki mikro bedenjikleri ýok etmek üçin ýeterlik gyzgyn bolmaýar.

Manikýurdan öň elleriňizi antiseptik bilen arassalaň.

 

3-nji ädim. Dyrnak plastinasyny arassalamak 

Hatda eger öň manikýur (ýa-da pedikýur) etmedik hem bolsaňyz, laky aýyrmak üçin dyrnaklaryňyzy suwuklyk bilen ýuwuň. Gowusy, dyrnak plastinasyny zaýalamazlyk üçin düzüminde aseton saklamaýan serişdeleri ulanyň.

 

4-nji ädim. Dyrnagyňyzy gerek bolan ýerine çenli gyrkyň

Munuň üçin gaýçy ýa-da gysgyçdan peýdalanyň. Gowusy dyrnagyňy «etine» çenli alman, az-owlak ýer goýmaly. Ony soň dyrnak igesi (pilka) bilen gysgaldyp bolar.

Eger-de dyrnaklaryňyz o diýen uzyn bolmadyk bolsa ýa-da olary düýbünden kiçeltmek islemeseňiz, olary gyrkman, pilkadan peýdalanyp bilersiňiz.

Möhüm: öýde ulanmak üçin professional hünärmenler 180-240 grit aýna pilkalaryny maslahat berýärler (dükanda satyn alanyňyzda soraň), çünki bu pilkalaryň dyrnaga az agyry döredýär we olaryň pytramagyna ýol bermeýär.

Aýaklaryň dyrnagyny iň gowusy burçlaryna degmän, göni (göni çyzyk) kesmek. Netijede kwadrat forma emele gelmeli. Şeýtseňiz, ol ösüp çykmaz.

 

5-nji ädim: Dyrnaklary igeläň.

Elleriňizi (ýa-da aýaklaryňyzy) guradyň. Dyrnagyňyzy gury ýagdaýda igelemeli, ýogsam, olary döwmek howpy ýokarydyr.

Elleriňizdäki dyrnaklara gelişjek görnüşi beriň: mindal, inedördül, tegelek ýa-da owal görnüş. Oglanlar dyrnaklaryny anatomiki gurluşyna görä igelese gowy bolar, gyralarynda 1 mm goýmaly.

Aýaklaryň dyrnaklaryny seresaplylyk bilen igelemeli, burçlaryny bolsa çalaja igelemek ýeterli, çünki şeýtseňiz, galan dyrnak deriňize ösüp gitmez.

Pilkany «çepe-saga» hereketlendirmäň — beýtseňiz, dyrnaklaryňyz gat-gat açylar. Pilkany emaý hereketler bilen bir tarapa hereketlendiriň. Dyrnaklary seresaplylyk bilen aýlaw ediň we aşa geçäýmäň: eger siz dyrnaklaryň burçlaryny aşa köp igeleseňiz, bu olaryň ösüp çykmagyna getirer.

 

6-njy ädim: Kutikulany süýşüriň

Kutikula özboluşly böwet bolup, ol derini ýokançlardan goraýar. Pyrtykal taýajygy ýa-da ýörite puşer bilen kutikulany we pterigini, ýagny ýuka örtük görnüşindäki kutikulanyň aşaky gatlagyny seresaplylyk bilen süýşüriň.

Möhüm: Pyrtykal taýajyklary — şahsy guraldyr, puşer bolsa ulanylmazdan öň arassalanmaly we zyýansyzlandyrylmalydyr, çünki kutikulany süýşürmek işi — dyrnaklara ideg etmekde (manikýurda we pedikýurda) iň agyryly prosesdir. Ol sypjyrmalara we şikeslere getirip biler.

Soňra kutikulany ýumşatmak üçin ýörite serişde — remuwer çalyň. Eger-de ol ýok bolsa, onda ýagly krem hem ýeterlik bolar. Ondan soňra kutikulany ýene-de bir gezek süýşüriň. Bu proses kesilmeýän ideg diýlip atlandyrylýar, munda kutikula kesilmän, ýumşadylýar.

Kutikulny kesmekligi professionallara goýuň. Ýöne eger-de siz ony yzygiderli süýşürip durýan bolsaňyz, onda kesmäge zerurlyk hem bolmaz.

Eger-de siz adatça kesilmeýän manikýur edýän bolsaňyz, onda kutikulany kesip başlamaly däl: ony näçe ýygy-ýygydan kesdigiňizçe, ol şonça-da gödek bolar we şonça-da ony aýyrmak kynlaşar.

 

7-nji ädim. Syzylary kesip aýryň

Eger-de dyrnagyňyzyň töwereginde syzylar bar bolsa, onda olary ýörite giň agyzly gysgyçlar bilen kesip aýyrmagyň wagty geldi. Deriňize şikes ýetirmejek boluň. Elleriňizi ýene-de bir gezek zyýansyzlandyryjy bilen süpüriň.

Oglanlar makalamyzy şu tapgyrynda okamaklaryny bes etseler hem bolar, ellerine krem çalyp, öz işlerine meşgul bolup bilerler.

 

8-nji ädim. Dyrnagyňyzy lak aýyrmak üçin suwuklyk bilen süpüriň.

Hawa. Ýene-de bir gezek süpüriň. Bu remuweriň ýa-da kremiň galyndylaryny aýyrmaga hem-de dyrnagyň üstüniň ýagyny aýyrmaga kömek eder.

 

9-njy ädim. Binýatlyk örtügi çalyň

Binýatlyk örtügi islendik lagyň aşagyndan çalyp bolar. Munuň 2 sebäbi bar.

  1. Ol lagyň reňkleýji jisimleriniň dyrnaga geçmeginiň öňüni alýar.
  2. Ol lak bilen oňat alyşmany üpjün eder. 

Örtügi ýuka gatlak edip, kutikuladan çala yzrak çalyň. Hatda dyrnagyňyza ýagty reňkli lak çalmak isleseňiz hem, bu tapgyry ünsden sypdyrmaň.

 

10-njy ädim. Lak çalyň

Lagy ýuka, ýöne jebis gat edip dyrnagyň tutuş ýüzüne çalyň. Doly guraýança, garaşyň. Ol 10-15 minut töweregi alar. Adamlaryň köpüsi ultramelewşe çyradan peýdalanýar — ol lagyň gurama wagtyny bir minuta çenli azaldýar. Eger-de siz öýde ýygy-ýygydan manikýur edýän bolsaňyz, onda bu enjamy alsaňyz kem bolmaz.

Eger-de has ter öwüşgin gerek bolsa, onda lagyň ikinji gatyny çalyň. Ikinji gat hem doly guraýança garaşyň.

 

11-nji ädim. Iň üstki gatlagy çalyň

«Top» ýa-da iň üstki gatlak — bu dury lak bolup, ol reňkli gatlagy bozulmalardan — sypjyrylmada, döwülmeden goraýar we onuň ömrüni uzaldýar. Iň üstki gatlagy çalmak hökman däl, emma bu gatlak manikýuryňyzyň uzak wagtlap aýawly galmagyna ýardam eder.

Doly gurandan soň, iň üstki gatlagy zyýansyzlandyryjy bilen süpüriň, soňra ýumşadyjy krem çalyň. Manikýur tamamlandy.

 

12-nji ädim. Gurallaryňyzy, iş ýeriňizi we ulanan gaplaryňyzy arassalaň

Manikýur tamamlanandan soň, ulanan gurallaryňyzy oňat arassalamaly we zyýansyzlandyrmaly, iş ýeriňizden dyrnak tozgasyny aýyrmaly we spirt ergini bilen süpürmeli. Ulanan gaplaryňyzy — wannoçkalary, banoçkalary we flakonlary hem şu görnüşde arassalaň.

 

GEÇIŞ

Çylşyrymly görünýändigine garamazdan, öýde manikýur etmeklik bu ýönekeýdir we ýakymlydyr (aýratyn hem, eger-de gurallaryňyzy arassalamak tapgyryny sypdyrmaýan bolsaňyz).

Oglanlar üçin: Belläp geçsek, erkekleriň manikýury bu adaty ýagdaýdyr. Şonuň üçin hem çekiner ýaly zat ýok. Töweregiňizdäkiler siziň igeden we gysgyçlardan peýdalanýandygyňyzy bilip hem durmazlar we dyrnagyňyzy adaty bolmaly zat ýaly kabul ederler. Emma gödek dyrnaklar welin göze dürtülip durar.

Dyrnagyňa ideg etmeklik  endige girse, onda bu iş üçin hepdede ýarym sagatdan geçmez. Göze gelüwli dyrnagyňyzdan welin aljak lezzetiňiz tükeniksiz bolar. Iň esasysy hem, saglyk üçin örän peýdaly.