Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Meseleli derä nädip dogry ideg etmeli?

Meseleli derä nädip dogry ideg etmeli?

News

Meseleli derä nädip dogry ideg etmeli?

calendar_today 30 September 2021

Gormonlarda bolup geçýän islendik üýtgeşmeler deri asty ýag mäzleriniň artykmaç bölünip çykmasyna getirýär. Artykmaç ýaglar deri öýjüklerinde howa bilen täsirleşmä girýär. Netijede düwürtikler peýda bolýar.

Elbetde, akneniň, düwürtikleriň we sowuklamanyň ýüze çykmasynyň sebäbi köp, neslegeçijilikden başlap nädogry iýmitlenmek hem munuň sebäbi bolup biler. Muňa garamazdan, derä ideg etmek üçin umumy maslahatlar islendik ýagdaýda-da ulanylyp bilner.

 

Kosmetologa ýüz tutuň.

Ortaça ilkinji jahyl düwürtikler 12-13 ýaşda çykyp başlaýar, emma her kimiňki dürlüçe tamamlanýar. Düwürtikleriň büs-bütin ýitirim bolýan jadyly döwri bolmaýar.

Şonuň üçin hem deriniň sagdynlygynyň bozulmagynyň ilkinji alamatlarynda hünärmene — kosmetologa ýüz tutmaly. Ol binýatlyk idegi — ýuwunmak üçin penka ýa-da losýony, ideg kremleri, düwürtikleri guratmak üçin serişdeleri saýlap almaga ýardam eder.

Bu ideg serişdelerini özbaşdak gözlemäge we barlamaga wagt ýitirmezden düwürtikleri badabat bejermäge ýardam eder. 

 

Dogry ýuwunmak

Özüňize laýyk serişdeler bilen yzygiderli ýuwunmak hökmanydyr. Iň gowusy, günde iki gezek— irden we agşam. Goşmaça ýörite serişdeler bilen eger-de daşarda güýçli ýel we tozan bolanda ýa-da köp gatly makiýaž aýrylanda ýuwnulyp bilner. Ýygy-ýygydan hem hökman däl.

Düzüminde ýag bolan serişdeleri ulanmak has ýerlikli, çünki ýag ýagy dargadýar. Düzüminde spirt bolan losýonlar we himiki tonikler hemişe derini guradýar, olardan soň çyglandyryjy kremleri ulanmak hökman. Eger-de ol bolmasa, ýüzüňi ýuwunmaga derek süpürgiç bilen çyglandyrmak ýeterlik bolar.

Şeýle-de gigiýena talaplaryny berjaý ediň. Saçlaryňyzy arassa saklaň, çünki olardaky ýag ýüzüňize düşüp, düwürtik çykarmagy mümkin.

Zerur bolmadyk ýagdaýynda, ýüzüňize eliňizi degirmezligi endik ediň. Şonda ýüzüňize bir zatlar düşmek howpy azalar.

 

Deriňe şikes ýetirme

Meseleli derili adamlar ýuwnulýan serişdeler näçe “agyr”, berk we güýçli bolsa, şonça-da düwürtikler çalt aýrylar diýip edýärler.

Gynansak-da bu toslama, üstesine-de zyýanly. Iri bölejikli skrablary, spirtli losýonlary, gaty sponžlary ulanmak bilen Siz diňe deriňizi şikeslendirýäňiz. Deri gyjynýar, guraýar, onda mikroşikesler peýda bolýar we oňa mikroblar düşýär. Netijede—öňküden-de köp düwürtikler. 

Meseleli deri = duýgur deri. Netijede oňa laýyk ideg gerek — ýumşak serişdeler, mylaýym suw we seresap hereket

 

Gysmaň!

Ýene bir gezek ýatladýarys: düwürtikleri özbaşdak gysmaly däl! Elbetde, eger-de Siz oňa derek ýara yzlaryny we tegmilleri gazanmak islemeseňiz.

Düwürtigi ýörite serişde bilen guratmaly (ine, onuň düzüminde spirt bolup biler) we indiki gezek lukmana gidýänçäniz degmejek bolmaly. Kosmetolog bolsa ony seresaplyk bilen ýörite guralyň kömegi bilen aýrar we ýara mikrob düşmez ýaly antibiotik poroşok seper.

 

Gün şöhlesi az bolmaly

Günüň aşagynda düwürtikler azalanok. Günde guraýan derini çyglandyrmak üçin ýagyň bölünip çykyşy çaltlaşýar.

Şonuň üçin hem meseleli ýüzlerde mümkin boldugyndan, göni Gün şöhlesiniň düşmesinden goranmaly we Gün şöhlesinden goraýan kremleri ulanmaly. Tomsuna UV- filtri ýokary bolan, gyşyna bolsa, az-kem aşak bolanyny ulanmaly. Esasy zat, komedogen serişdeleri saýlamazlyk. Bu babatda size kosmetolog ýardam eder.

 

Köpräk gök önümler we miweler

Dogry iýmitlenmeklik — sagdyn hem owadan deriniň syrlarynyň biri. Şonuň üçin ýagly fast-fudlar we gazly içgiler bilen gyzyklanmaň.

Köpräk ter gök önümleri we miweleri iýjek boluň — olarda deri we tutuş beden üçin zerur bolan witaminler saklanýar.

 

Sabyrly boluň.

Ideg üçin serişdäniň dogry saýlanylmagynda we kosmetologyň maslahatlarynyň ählisiniň berjaý edilmeginde bejergi uzak wagta çekmez we Siz eýýäm bir aýdan deriňiziň ýagdaýynda görnetin gowulaşmany görüp bilersiňiz.

Ýöne ol uzaga hem çekip biler. Sabyrly boluň, gündelik ýuwnup durmakdan boýun gaçyrmaň. Mümkin, birnäçe serişdäni barlamaly bolup biler. Ýöne netije şoňa degýär.

 

GEÇIŞ

Islendik düwürtik kesik ýa-da gyzylymtyl tegmil görnüşinde sizde hemişelik yz goýup biler. Şonuň üçin hem, deride çişler döräp başlan badyna hünärmene ýüz tutmaly. Ol zerur bolan idegi saýlap berer we sagdyn derä eýe bolmagyňyz üçin sizi goldar.

Ýatdan çykarmaň, kähalatlarda meseläniň daşky täsir bilen çözmek mümkin bolman hem biler. Eger-de, ideg serişdeleri uzak wagtlap haýyr etmeýän bolsa, lukmana ýüz tutuň. Düwürtikleriň sebäbi belki-de siziň asla güman etmeýän keseliňizde bolup biler.  Bu keseli bejerip, siz düwürtikler bilen hem hoşlaşyp bilersiňiz.