Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjek ýaşda nädip dogry horlanyp başlamaly?

Ýetginjek ýaşda nädip dogry horlanyp başlamaly?

News

Ýetginjek ýaşda nädip dogry horlanyp başlamaly?

calendar_today 11 November 2021

Horlanmak biziň günlerimizde — durmuş ýörelgesine öwrüldi. Baýramçylyklar mynasybetli, tomsuň gelýänligi sebäpli, bize bary-ýogy birküç ölçeg kiçi bolýan jinsileriň täze nusgalaryny almak üçin, garaz, elmydama horlanmak bilen bolýarys. Kimdir biri sagdyn bolmak üçin horlanýar, kimdir biri fotosuratlara düşmek üçin. Emma bu ýagdaý hiç wagt tamamlanmaýar, biz bolsa bir berhizden beýlekisine geçip barýas. Horlanmak islegini diňe bir gyzlar däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeginden oglanlar hem tassykladylar. «Ýaşlyk» saglygyňyza zyýan ýetirmezden, nämelerden başlamalydygyny we durnukly netijeleri neneňsi gazanmalydygyny beýan edýär.

«Ulularyň» berhizini tutjak bolmaň

Ýetginjekleriň çaga däldigine garamazdan, ýagny olaryň eýýäm çaga däldigini, ýöne uly hem däldigini boýun almaly. Şonuň üçin hem žurnal sözbaşylarynyň şowhunly wasp edýän berhizleri köplenç ýagdaýda size laýyk gelmeýär. Horlanmak üçin iýmitlenmek ulgamy adatça işjeň ýagdaýda ösmegini tamamlan we zyýan ýetirmesiz iýmit möçberini azaltmak mümkin bolan beden üçin işlenip taýýarlanýar. Ýöne ýetginjekler üçin bu örän howply bolup biler. Bedeniň ähli ulgamlary işjeň ösüş tapgyrynda bolýar – daýanç-hereket apparaty, ýürek-damar ulgamy, nerw we neslegeçiji saglyk ulgamy kemala gelýär. Eger-de olary «gurluşyk materialdan» kesseň — iýmitden alynýan dürli görnüşli peýdaly zatlardan aýyrsaň, onda bu beden üçin ýaramaz netijelere getirer. Ýetginjek üçin berhiz indiwidual ýagdaýda, onuň fiziki başarnyklaryny, işjeňlik derejesini we beden gurluşygyny nazara alyp işlenip düzülmelidir. Ýöne şol bir wagtda umumy kadalar hem bar.

Oňatja oýlanyň

Eger-de siz kimdir biri üçin — oglan ýa-da gyz, dostlaryňyz, ene-ataňyz üçin horlanmak isleýän bolsaňyz, gaýtadan ýene bir gezek oýlanyp görüň. Eger-de häzirki wagtda şu durşuňyz özüňize ýaraýan bolsa, kimdir biri üçin üýtgemek zerurmy? Siziň sarp etjek wagtyňyz we tagallalaryňyz şuňa degýärmi? Horlanmagyň näderejede SIZIŇ kararyňyz hem-de SIZIŇ islegiňizidigini anyklamak üçin ýönekeý usul bar. Aýnanyň öňüne geçip, soraga jogap beriň: onda görünýän keşp size ýaraýarmy ýa-da ýok? Eger-de jogap «Hawa» bolsa, onda ikinji soragy beriň: «Näme üçin men horlanmak isleýärin?». Iň esasy zat, öz-özüň bilen dogruçyl bolmak. Eger-de jogap «Ýok» bolsa, onda işiň esasy ýollaryny kesgitlemeli we horlanmaga girişmeli.

Bu işe ene-ataňyzy çekiň

Gelşiklilige tarap gadamlaryňyzy ene-atalaryňyz bilen gürleşmekden başlaň. Çünki köplenç halatda nahar tarapyna eje jogap berýär, hut ejäniň taýýarlaýan tagamlary ertirlerine hem agşamlaryna saçak başyny bezeýär. Ejeňiz bilen aç-açan gürleşiň hem-de horlanmak isleýändigiňizi oňa düşündiriň. Goý, siziň aýdýan zatlaryňyz «parallel klasdaky Jeren ýaly bolasym gelýänligim üçin» ýaly däl-de, delilli gürläň! Elbetde, ejeňiz siziň saglygyňyz üçin aladalanar. Ýöne siz bu mowzuga çynlakaý çemeleşjekdigiňize — öz-özüňizi 40 kilograma getirmejekdigiňize, galyberse-de, kadaly hem wagtly-wagtyna iýip-içjekdigiňize wada etseňiz, ejeňiz siziň iň esasy ýardamçyňyz bolar. Indiki wezipe — kakaňyz bilen gürleşmek. Bu hem ýeňil iş däl. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Erkekler adatça işden soň käşirli işdäaçarlardyr kabaçkili kotletler bilen iýmitlenmäge kaýyl bolmaýarlar. «Horlanmak» hem-de «dogry iýmitlenmek» sözleri etsiz nahar bilen deňeşdireniňde olarda bir ýere sygyşmaýan düşünjeleri düzýär. Aslynda berhiz menýusy etden büs-bütin el çekmeýär. Galyberse-de, bu hili menýu işden soňra bary-ýogy ýarym sagadyň dowamynda ýönekeýje önümlerden taýýarlap boljak dürli-dürli tagamlary öz içine alýar. Ine, siz hut şuny maşgalaňyza subut etmeli bolarsyzyň. Eger mümkinçilik bolsa-ha bu tagamlary özüňiziň taýýarlajakdygyňyza söz bermeli. Beýle etmek bilen siz tagamyň taýýarlanylyşyna gönüden-göni özüňiz gözegçilik edip bilersiňiz we ýakynlaryňyzy dürli-dümen süýjülikler bilen begendirersiňiz.

Pikirdeş birini tapyň

Maşgalada sazlaşyk — bu diýseň oňat. Ýöne pikirdeş birini edinmek — horlanmak isleýän deň-duş birini ýoldaş edinmek ýakymly bolar. Onuň bilen meýilleriňizi, netijeleriňizi paýlaşyp, netijeli usullary we ähmiýetsiz hereketleri maslahatlaşyp bilersiňiz. Özara goldaw öňde goýlan maksadyňa ýetmekde peýdaly bolar, ýaş boýunça ýakynlyk bolsa, sport toplumlaryna bilelikde gatnamaga mümkinçilik berer.

Sport zerurdyr

Indi bolsa sport barada. Horlanmakda bedeniňi üýtgeşmelere we artykmaç herekete taplamak zerurdyr. Beden üçin adaty bolan kilogramlary aýyrmak — hemişe-de dartgynlylyga getirýär. Hatda artykmaç agramy ýok etmek lukmançylyk taýdan zerurdygyna garamazdan şeýledir. Şonuň üçin hem sport maşklary tejribeli tälimçiniň gözegçiligi astynda ýerine ýetirilmelidir. Tälimçi Siziň üçin aýratyn programma işläp düzýär we ondan siziň heniz başaryp bilmejek maşklaryňyzy aýyrýar. Eger-de siz sportda öwrenje bolsaňyz, onda sportuň bedeni umumy berkidiji görnüşlerine — suwda ýüzmeklige, welosporta, ylgamaklyga ýöriteleşmek gerek. Eger-de täze dostlary tutunmak hem-de wagtyňy hoş geçirmek isleseňiz, onda sportuň toparlaýyn görnüşleri — futbol ýa woleýbol bilen meşgullanyp bolar.

Tereziniň birküç kilogram aratapawudyna gaýgylanyp oturmaň

Ýetginjegiň bedeni elmydama ösýär hem özgerýär. Gormonlaryň birdenkä ýokarlanyp, terezide agramyňyzyň birküç kilogram üýtgemegi — bu kadaly ýagdaýdyr. Munuň üçin alada galmaň, çünki bedendäki bu hili «ýygnanmalar» gaty bir bildirip duranok we işjeň durmuş ýörelgesinde dessine ýok bolup gidýär.

Ertirlik ediniň

Ertirlik — bu günüň birinji ýarymynda beden üçin ýangyç mysalydyr. Ertirlik bolmasa, beden ruhy çökgünlige düşýär we aşlygyň agyr güzaplaryny duýup durýar. Artykmaç agram bilen göreşmegi pyrtykal gabyklaryndan başlamazlyk üçin ertirlik edinmegi endik etmeli. Kaşa, dorag ýa-da miweli işdäaçarlar, irimçik üwelen undan blinçikler — bu tagamlar bary-ýogy birnäçe minutda taýýar edilse-de, siziň aşgazan ulgamyňyzy günortana çenli dok saklap, sapaklaryňyza we dostlaryňyz bilen gürrüňdeşligiňize päsgel bermez.

Ýürekselik ediniň

Ajykdyňyzmy, günortanlyk ýa agşamlyk naharyna çenli bolsa heniz wagt barmy? Ýürekselik ediniň. Ýatdan çykarmaň, aç gezmek ≠ horlanmak bilen deň zat däldir. Dietolog lukmanlaryň geçiren barlaglaryna görä, günüň dowamynda 5 gezekden az garbanmaly däl — üç gezek doýa garna, birnäçe gezek bolsa miweler, gury iýmişler, gematogenler bilen ýeňiljek hem peýdaly garbanmaly. Beýle etmek bilen siz açlyk duýgusyny aýrarsyňyz we bedene artykmaç agram salmarsyňyz. Kaloriýalar bolsa energiýa tiz özgerer. Günortanlyga çenli aç garna gezip bolmaz. Eger-de, siz ýürekse edinseňiz, onda tagamlara açgözlük bilen topulmarsyňyz. Netijede bolsa, az mukdarda iýmitden doýarsyňyz.

Haýsy hem bolsa bir zyýanly «gowşaklyga» ýol beriň

Zyýanly iýmitler — çipsiler, burgerler, pagta süýjüler we beýleki lezzetler — adatça şeýle bir tagamly bolýar. Olardan ýüz döndermek şeýle bir kyn welin, asla mümkin hem däl. Ýöne horlanmak kararyna geldiňmi, eglişik bolmaz: ýaha popkorn we gazly suw ýa-da artykmaç kilogramlar. Özüne oňat erk edip bilýänler üçin iýmit menýusynda haýsy hem bolsa bir zyýanly «gowşaklyga» ýol bermek mümkinçiligi bar. Eger-de mekdep aşhanasyndaky mini-pizzasyz oňup bilmeýän bolsaňyz, zyýany ýok, iýiberiň. Ýöne galan zatlaryň ählisini gadagan etmeli. Kolany mineral suwa, duzlanan çörek bölejiklerini bolsa miwelere, mysal üçin, alma çalşyň.

Süýji tagamly gazly suwa «ÝOK!» diýiň

Ýok. Anyk ýok. Horlanmak isleýärmiň, süýji tagamly gazly suw barada asla-da pikir etme. Bu hili içginiň 250 ml-de siziň iki günlük maksimal normaňyza deň bolan şeker bar. Galyberse-de, gazly suwuň ýanynda ýene-de bir zatlar bolýar ahyry: ýagly, gowrulan, duzlanan. Netijede bolsa, artykmaç kilogramlar ýene-de dolanyp geler. Süýji tagamly gazly suwa derek — miwe şireleri we suw bar. «Şekersiz» ýa-da «0 kaloriýa» ýaly süýji tagamly gazly suwlar hem muňa laýyk gelmez. Üstesine, süýji tagamly gazly suwdan el çekseňiz, deriňizdir dişleriňiz hem size sagbolsun aýdar. Diş syrçasy goralyp saklanar, eger haýsy hem bolsa bir kesel zerarly ýüze çykmadyk bolsa, düwürtikleriň sany azalar we çişler aýrylyşyp başlar.

Ukyňyzy alyň

Sagdyn uky — ähli zadyň — ýokary işjeňligiň, gormon hereketini dolandyrmagyň, açlyk duýgusyny aradan aýyrmagyň binýadydyr. Ukusyz gijeden soňra holodilnigi açyp barlap görmek islegi hemmelere mälim bolsa gerek. Beden uky wagtynda alyp bilmedik energiýasyny iýmitden almak isleýär. Şonuň üçin hem, eger siz ukyňyzy alsaňyz, bedene artykmaç energiýa çeşmesini gözlemek zerur bolmaýar.

Tiz netijelere garaşmaň

Adamlar birnäçe sekundyň dowamynda horlanmaýarlar. Sabyrly bolup, artykmaç agramlaryň ýitirim bolmagy we asla dolanmazlygy üçin ähli tagallalary etmeli bolar. Ilkinji netijeler, bir hepdeden soň hem, bir aýdan ýa birnäçe aýdan soň hem ýüze çykyp biler. Iň esasy zat — maksada okgunlylyk we janypkeşlik. Eger-de berlen maslahatlary berjaý etseňiz we öz bedeniňizi diňleseňiz, öz saglygyňyza zyýan ýetirmän oňat netijeleri gazanyp bilersiňiz.

Soňky slaýd

Biz haçanda sagdyn wagtymyz owadandyrys we biziň gözelligimiz köp öwüşginlidir. Bolşuňyz özüňize ýaraýan bolsa, özüňizi başga birleriniň standartlaryna getirjek bolmaň. Eger-de daşky görnüşiňizi düýpli özgertmek kararyna gelen bolsaňyz, onda akylly hereket ediň we Ýaşlyk saýtyndan peýdalanyň.