Sport dünýäsi gyzlar hem-de oglanlar sporty diýip olaryň arasynda parh goýmasa-da, özümiz üçin biz elmydama bu bölünişigi edýäris. Mysal üçin, çeper gimnastika zenanlaryň sporty. Boks welin — erkekleriň sporty. Sportuň şular ýaly köpdürli dünýäsinde ýetginjek gyzlar nädip özüne mynasyp sporty tapmaly?
Sport tanslary, gimnastika, figuralaýyn typmak
Ilki bilen, öz-özüňe diň salmakdan başlamaly. Sen näme bilen meşgullanmak isleýärsiň, iň esasy hem, näme üçin meşgullanmak isleýärsiň? Bedeniň gelşikli bolmagy we artykmaç agramyň bolmazlygyny gazanmak isleseňiz, sport tanslary, gimnastika ýa-da figuralaýyn typmak ýerine düşer. Sportuň bu görnüşleriniň ählisinde hereketleriň utgaşykly, emaý bolmagy, sazlaşyklylyk endikleri kämilleşýär. Şeýle hem ritm duýgusy we synpdaşlaryňyzdyr dostlaryňyzda täsir galdyryp biljek saza laýyk hereket etmek duýgusy ösýär. Sportuň bu görnüşinde bäsdeşlik örän çekeleşiklidir. Şonuň üçin hem eger-de bu sportlar bilen doly derejede meşgullanmak isleseňiz, türgenleşiklerde yhlasyňyzy gaýgyrmaly däldir. Ýöne ýaňy başlan türgen gyzlar üçin tans sporty, figuralaýyn typmak we gimnastika sportuň beýleki görnüşlerine geçmek üçin oňat başlangyç bolar. Çünki başlangyç tapgyrda bedeniň ähli agzalary işjeňleşýär.
Suwda ýüzmek
Gyzlar üçin laýyk bolaýjak sportuň ýene-de bir ajaýyp görnüşi — suwda ýüzmekdir. Suwda ýüzmek bilen siz myşsalaryňyzy sazlaşykly ösdürip, bedeniňi dik tutmagy, dem alşyň kadaly bolmagyny öwrenip bilersiňiz.
Tennis
Tennis sporty hem gyzlara ýarap biler. Tennis sportuň owadan hem aristokratik görnüşleriniň biri. Mariýa Şarapowa, Mendi Minella, Ejeni Buşar we beýleki meşhur tennisçi zenanlar bütin dünýä bellidir we öwrenje tennisçileriň aglabasy üçin nusgalyk mekdep bolup durýarlar. Tennis arkaly köp zady gazanyp boljakdygynyň aýdyň mysaly bolýarlar. Tennis bedeniň funksiýalaryny we mümkinçiliklerini ösdürýär, myşsalaryň ählisini diýen ýaly herekete getirýär, görüş ukybyňy, pikirleniş tizligiňi gowulandyrýar. Bedeniň gelşikli bolmagyna getirýär. Ýöne bu sportda hem şikes almaga we ýiti bäsdeşlige taýýar bolmaly.
Atçylyk sporty
Atçylyk sporty — bu gadymy ertekilerdir rowaýatlardan gözbaşyny alýan romantik sport görnüşidir. Atlara gözegçilik etmek bilen gyzlar köp zady — haýwanlara ideg etmegi, jogapkärçilikli hem işjeň bolmagy öwrenýärler. Atçylyk sporty şeýle hem bedeniňi dik saklamagy öwredýär. Açyk howada meşgullanylýandygy sportuň bu görnüşiniň görnetin artykmaçlygydyr.
Basketbol
Sportuň toparlaýyn görnüşleriniň islendigi ýaly, basketbol hem deň-duşlaryň bilen hemişe aragatnaşykda bolmagy, goldaw duýmagy we toparyň möhüm agzasydygyňy bilmegi öwredýär. Toparda hereket etmek jogapkärçiligi, rehimdarlygy we reaksiýaň tiz bolmagyny kemala getirýär. Galyberse-de, elmydama hereketde bolmak, toparyň goldawyny duýmak bu hemmeleri begendirse gerek. Artykmaçlyklar: daýanç-hereket agzalaryň işini, hereketleriň sazlaşyklylygyny gowulandyrýar, bil oňurgaň dogry kemala gelmegine ýardam edýär. Sportuň elýeterli bolmagy, köpsanly bäsleşikleriň geçirilmegi, gazanç etmek mümkinçiligi hem artykmaçlyklaryň hatarynda. Zenanlar basketboly we basketbolçy zenanlaryň özleri toparlaýyn sportuň zenanlar üçin görnüşleriniň içinde iň ýörgünlisidir. Hatda boýuň o diýen uzyn bolmasa-da, wagtyňy hoş geçirmek üçin sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp görmek bolar.
Awtosport
Iki we dört tekerli tehnika ussatlarça erk etmek endigi elmydama gerek bolar. Rulda zenan oturan bolsa-ha, bu has hem täsir galdyryjy bolýar. Awtomobil sporty çözgüt kabul etmek tizligini ýokarlandyrýar we jogapkärçilik duýgusyny terbiýeleýär. Ýöne elmydama ruluň başynda oturyp, bil oňurgaňa zeper ýetmez ýaly, sportuň bu görnüşini beýleki görnüşleri bilen utgaşdyryp durmaly.
Ýeňil atletika
Ýeňil atletikany köplenç «sportuň şazenany» diýip atlandyrýarlar. Oňa sportuň köp sanly görnüşleri degişlidir — dürli aralyklara ylgamak, uzak aralyga bökmek, daş zyňmak we beýlekiler. 7-8 ýaşlaryňda onuň ilkinji basgançaklaryna gadam basyp, gyzlar ýetginjek ýaşa ýetip, onuň haýsy hem bolsa bir görnüşini saýlap, şoňa ýöriteleşip bilerler. Ýeňil atletika bilen meşgullanan mahalyň, ýürek-damar, süňk-myşsa we dem alyş ulgamlaryň berkeýär, tizligiň, güýç-gaýratyň, erjelligiň hem-de çydamlylygyň artýar. Psihikaň has çeýe bolýar, ýeňşe bolan erk, maksada okgunlylyk, jogapkärçilik terbiýelenýär. Üstesine, ýeňil atletika sportuň beýleki görnüşleri bilen deňeşdireniň hem elýeterli sportdur.
Başa-baş göreş
Boks, jiu-jitsu ýa-da taekwan-do — zenanlaryň sporty däl diýip kim aýdypdyr? Başa-baş göreş bilen meşgullanylanda reaksiýaň we pikirlenişiň tizligi, çeýeligiň, batyrgaýlygyň, garşydaşyň hereketlerini öňünden aňmak we öz güýjüňi dogry kesgitlemek endikleriň artýar. Garagollara gaýtawul bermek we öz-özüňi goramak başarnygy-ha hemişe-de gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde, ringde burnuňdyr gaşyňy çapyp, sportda iň ýokary basgançaga çykjak bolup dyrjaşmak hökman däldir. Mysal üçin, Gal Gadot, Adriana Lima we Irina Şeýk sportuň söweş sungatlary bilen diňe özleri üçin meşgullanýarlar.
Şu makalada sportuň ...
Şu makalada sportuň aglaba görnüşleriniň ady agzalmady. Ýöne bu diýildigi gyzlar ol sportlar bilen meşgullanyp bilmez diýmegi aňlatmaýar. Iň esasysy hem, sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşine ýazylmazdan ozal, saglygyňa zyýan ýetirmezlik üçin lukman bilen maslahatlaşmalydyr. Galyberse-de, türgenleşikleriň başlangyç tapgyrynda üstünlik gazanmaga we gerekmejek şikeslerden goranmaga ýardam etjek tejribeli tälimçiniň goldawynyň zerurdygyny ýatdan çykarmaly däldir.