You are here

Janyňa kast etmek – kimdir biriniň ýaşaýyşa derek ölümi saýlamagydyr. Bu saýlaw onuň maşgalasy, dostlary we jemgyýet üçin elmydama weýran ediji bolup galýar. Ene-atasy, jigi-doganlary, klasdaşlary, türgenleşdirijileri we goňşylary soň özlerine köp wagtyň dowamynda “Näme üçin?” we “Biz nädip onuň öňüni alyp bilerdik?” ýaly soraglary sorap gezýärler.

 

Ýetginjeklik döwründe janyña kast etmek töwekgelçiligi köpelýär

Çagalaryň arasynda janyňa kast etmek seýrek duş gelýär. Emma ýetginjeklik döwründe hemme zat üýtgeýär. Keselleri gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziň (CDC) hasabatyna göra özüni öldürmeklik 15 we 24 ýaşlar arasynda betbagtçylyk hadysasyndan we öldürilmekden soň ölümiň öňdebaryjy üçünji sebabi.

Şeýle hem her bir janyňa kast etmek wakasyndan has köp janyňa kast etmäge synanyşmak ýagdaýlary bar.

Oglanlarda we gyzlarda janyña kast etmek derejesi dürli. Gyzlaryň özüni öldürmek baradaky pikirleri, we janyna kast etmeklige synanşyklygy oglanlaryňka garanyňda iki esse köp. Iň köp ulanylýan usul – aşa köp derman/narkotik serişdelerini ulanmak ýa-da damaryny kesmek bolup durýar.

Emma oglanlaryň arasynda janyňa kast etmeklik başarnygy gyzlaryñka garanyňda 4 esse köp bolýar. Ekspertleriň aýtmagyna göra, onuň sebäbi oglanlar has köp ölüme getiriji usullary ulanýandygyndan.

 

Näme üçin ýetginjekler janyña kast etmek barada oýlanýarlar?

Ýetginjeklik döwri – mümkinçilikleriň köp wagty, ýaş ýetginjegiň çagalyk we ýetişgenligiň aralygyndaky wagt, şol sanda stresiň we biynjalyklygyň ýokary wagty bolup durýar. Onuň sosial durmuşa utgaşýan wagty, jogapkärli hereket etmegi öwrenýän wagty.

Şeýle hem onuň özüniň jynsy şahsyýedini we gatnaşyklaryny, garaşsyzlyga bolan hyjuwyny kesgitleýän wagty, ol hereketleri köplenç beýlekileriň goýan tertibine we tamasyna ters gelip bilýär.

Şol şertlerde ýetginjekler köp halatlarda nähili hereket etjegini bilmeýär. Herdürli durmuş meselelerinden in az yitgi bilen çykyp başarmak üçin yetik durmuş tejribeleri heniz yok.

Olaryň pikirinde iň aňsat ýol bir hereketde ähli zady öçürip göýbermek: gatnaşyklar, ýokary talaplar, saglyk we daş keşpleri bilen bagly meseleler.

 

Janyña kast etmek töwekgelçiligi kimlerde has ýokary?

Ýetginjekler ýaş döwri howsalalyga ýakyn bolýar. Gormonlaryň köp sanly bolýan döwründe olarda käbir psihiki näsazlyklaryň ýitileşmegine getirýär: depressiýa, bipolýar bozuklyga ýa-da ukusyzlyga. Şol sanda janyňa kast etmeklik baradaky pikirleriň köpelmegine getirýär.

Uly töwekgelçilige durmuşynda uly üýtgeşmeleri başdan geçirenler: ene-atasynyň aýrylyşmagy, başga ýere göçmegi, ene-atasynyň biriniň gulluk sebäpli öýden gitmegi, maliýe üýtgeşmeler, üstünden gülünýänler ýa-da ünsden düşürilýänler sezewar bolýar.

Janyña kast etmek töwekgelçiligini köpeldýän faktorlar şol sanda:

  • Psihologiki bozulma, esasan depressiýa, bipolýar bozulma (ýiti we kontrolsyz keýpiň üýtgemegi), alkogol we narkotik serişdeleri ulanmaklyk (janyña kast edenleriň 95% psihologiki bozulmaly adamlar)
  • ​Stress, gaharjaňlyk we uly howsalalyk
  • ​Depressiýa bilen birlikde çykgynsyzlyk we umytsyzlyk duýgusy bolanlar
  • ​Birnäçe gezek janyňa kast etmäge synanyşmaklyk
  • ​Nesil yzarlaýan depressiýa we janyňa kast etmeklik
  • Emosional, fiziki ýa-da jynsy zorlama
  • Goldawyň ýoklugy, ene-ata bilen ýa-da deň-duşlar bilen bozulan gatnaşyklar we sosial çetleşdirme duýgusy bolanlar

 

Ýetginjegiň janyna kast etmeklik barada pikirlenýändigini nädip anyklamaly?

Ýetginjeklerde janyña kast etmeklik durmuşynda haýsydyr bir stressli ýagdaýy başdan geçirenden soň bolýar. Meselem, mekdepdäki meselelerden, gatnaşygyň kesilmeginden, söýýän adamynyň ölüminden soň, ene-atasynyň aýrylyşmagyndan ýa-da iri maşgala dawa-jenjelinden soň.

Howsala bildirýän alamatlar:

  • Janyña kast etmek ýa-da ölüm barada gürrüñ açmagy
  • ​Ol elmydama ýanyňyzda bolmajagyny aýtmagy
  • Çykgynsyzlygy ýa-da günäli duýýanlygy barada aýtmagy
  • ​Dostlaryndan ýa-da maşgalasyndan daşlaşmagy
  • ​Ölüm, aýralyk we ýitgi barada aýdym, goşgy ýa-da hat ýazmagy
  • ​Özüne gymmatly bolan zatlary başgalara paýlamagy
  • Islendik işe ýa-da güýmenjä gatnaşmakdan boýun gaçyrmagy
  • Konsentrasiýa ýa-da dury pikirlenmek bilen bagly meseleleriniň ýüze çykmagy
  • Töwekgelçilikli hereketlere gatnaşmagy
  • Mekdebe ýa-da sporta bolan gyzygyny ýitirmegi

Bu sanawa gabat gelmegi ýetginjegiň özüni öldürmek islegi baradaky 100% subutnamasy däl. Emma gysga wagtyň içinde gabat geleni üç sandan köp bolsa, ýetginjek bilen gürleşiň we ony näme bimaza edýäni bilen hökman gyzyklanyň.

Möhüm! Ýakyn adamlaryň goldawy aýyklaýjy bolup biler – iň gaharjaň herekedine pozitiw jogap we ideg gaýtargysyny alan ýetginjek pikirini üýtgedip bilýär we janyna kast etmäge synanyşmakdan yüz öwürmegi mümkin!

 

Ene-ata nämeler edip biler?

Janyna kast eden ýa-da synanşan ýetginjekleriň köpüsi bu barada ýakynlaryna öňünden duýdurýar. Ýöne hemme ene-ata ol alamatlary okamagy we wagtynda öňüni almagy başarmaýar. Käbir uly adamlar çagalaryň özüne zyýan ýetirmegini ýa-da öldürjekligini aýtmaklaryny “ýönekeýje üns çekmek islegi bilen aýtýandyr” öýdýär. Şol üns bermek mümkinçiligi wagtynda ulananyň soň elmydama bu mümkinçiligi sypdyranlygyňyza ökünip ýaşanyňyzdan has gowy.

Üns beriň we diňläň

Ýetginjek ile goşulman başlan bolsa ünsli boluň. Dostlary, bahalary, ukusy, gaharjaňlygy bilen bagly meseleler ýüze çykyp başladymy?

Uly adamlar bilen gürleşýän ýaly, dilini aýnatman, açyk gürleşjek boluň. Öz alada edýänligiňizi, goldawyňyzy we söýgüňizi görkeziň. Bu siziň öz maşgalaňyzda hiç haçan bolup geçmedik hem bolsa, siz şeýle ediň.

Siz we çagaňyzyň arasynda ýeterlik ýyly gatnaşyklaryňyz bar bolsa, öz gorkularyňyz barada gürrüň beriň. Dost bilen sögüşiňiz size uly mesele däl ýaly bolsada, ýetginjek üçin ol uly we irizýän bolup biler. Onuň başyndan geçýänleri kiçeltmäň ýa-da äsgermezçilik etmäň, beýle herekediňiz onuň ýekesiremegini ýa-da umytsyzlygyny güýçlendirer.

Eger ýetginjek siz bilen gürleşmegi özüne birahat görse oňa başga bitarap bir adam bilen gürleşmegi hödürläň, meselem başga bir garyndaşyňyz, molla, türgeni, mekdep psihology ýa-da çagaň öz lukmany bilen.

Sorag beriň

Käbir ene-atalar öz çagalaryndan janyna kast etmek ýa-da özlerine bilkastlaýyn şikes ýetirmek islegi barada sorag bermek islänok. Käbiri şeýle soraglary bilen ýetginjege şeýle pikir etmäge itergi bermeginden gorkýar. Käbirleri “onuň çagasy beýle zatlary hiç haçan pikirine getirmez” diýip oýlanýar. Käbirleri bolsa jogabyň “hawa” bolmagyndan gorkýar.

Soramak soramazlykdan elmydama has gowy. Näme üçin soraýandyňyzy düşündirmek wajyp. Meselem siz oňa “Ölmek isleýändigiňi köp agzaýanyňa üns berdim. Soňky wagtlar ýadaw, ile goşulmaýan ýaly görünýäň. Sen janyňa kast etmek barada pikirlenýän dälsiňa?”

Kömek nädip almaly

Çagaňyzyň janyna kast etmek baradaky pikirlerini eşiden badyňyza kömek üçin ýüzleniň. Saglyk öýlerdäki maşgala lukmanlardan psihoterapewte gönükdirme alyp bolýar. Bu diýmek siziň çagaňyzy psihiki näsag, sizi bolsa erbet ene-ata diýip hasap ediler diýmek däl. Bu siz öz çagaňyzy alada edýändigiňizi aňladýar, tejribeli kömege ýol açýanyňyzy we ony bejergi döwründe goldamaga taýýardygyňyzy aňladýar. Eger siziň ýagdaýyňyz mediki gatyşygy ýa-da dermanlar bilen bejergini talap etmeýän bolsa, psihoterapewt sizi psihologa ýollaýar.

Hünärmen bilen görüşme bellenilen ýagdaýda siziň ýetginjek çagaňyz ýagdaýynyň gowulaşandygyny aýtýan ýa-da gitmekden boýun gaçyrýan hem bolsa hökman baryň. Janyňa kast etmek baradaky pikirler hakykatdan hem gelip, soňam gidip bilýär. Emma çaga ölüm baradaky pikirlerini we krizis wagtyndaky özüni alyp baryşyny kontrol astynda saklamagy öwrenmeli.

Möhüm! Ýetginjege agram salyp, ony bejergä onuň islegine garşy çykyp, “çekeläp” akitmäň. Ene-ata we özüni daşlaşan, düşnüksiz, gadyry gaçan ýa-da janyna kast etmäge ýykgyn edýän ýetginjek arasyndaky dawalar ýagdaýy agyrlaşdyryp biler. Hünärmen bilen maslahatlaşyň, ýetginjege kömek üçin ýüzlenmäge ýardam berjek usullary gürleşiň.

Möhüm! Maşgala taryhyňyzy ýada salyň, kimdir biri maşgalaňyzda depressiýa, alkogol içgileri köp içmek, narkotik ýa-da psihoaktiw serişdelerini ulanmak, zorluk ýaly hereketleri bolan bolsa ony lukmana gürrüň beriň. Başga islendik stress barada, elmydama gaýtalanyp duran tankyt barada gürleşiň.

 

NETIJE

Ýetginjekler janyna kast etmek barada pikirlenýär. Bu fakt. Ene-atalar öz çagalary bilen elmydama aragatnaşykda bolmaly, olaryň adaty herekediniň islendik üýtgeşikligine üns bermeli. Bu zatlary çagalary bilen gürleşmeli.

Köp ýagdaýlarda ene-ata kömek edip bilýär. Nädip? Goldaw, ideg, üns we maslahat berip. Çaganyň aladasy kiçijek ýa wajyp däl ýaly görünsede çaga üçin olar gaty möhüm. Diýmek ony kiçeltmeli ýa-da äsgermezçilik etmeli däl.

Onuň ýetginjek döwründe siz oňa diňe “eje” ýa-da “kaka” däl, eýsem elmydama ýüz tutup biljek dosty bolmaly.​