You are here

Ýetginjek ýaşlar daşyny gurşap alýan dünýäni, ene-atalaryny, galyberse-de, özlerini synagdan geçirmekden irmeýärler. Ýetginjeklik asyrlarboýy üýtgemese-de, daşymyzy gurşap alýan dünýä özgerdi. Baryp öňki nesil rolikde, skeýtbordlarda hem-de welosipedlerde wagtyny geçiren bolsa, bu gün olar bu zatlaryň ählisini köpsanly internet-tomaşaçylary üçin edýärler. Ýekeje şowly düşülen surat üçin janlaryny howp astyna salýarlar. Daş-töweregi welin, gör, nähili howp-hatarlar gurşap alýar! Perzentleriniň şular ýaly bir işe meşgul bolmaklary ene-ata üçin uly bir çagyryş. Şol bir wagtda çagaňa janyny howp astyna salmagy gadagan edesiň gelýär, şol bir wagtda hem onuň işjeňligini goldamak isleýärsiň. Elbetde, bu zatlary oňa gadagan edip, onuň iň bir ganym duşmanyna öwrülmegi hem hiç kim islemeýär.

 

Köçede öz-özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada gürrüň beriň

Ene-atalara uly jogapkärçilik düşýär. Ilkinji nobatda, olar çagalaryna köçede öz-özüňi alyp barmagyň düzgünlerini öwretmeli. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleri hem muňa degişlidir. Ýol-ulag hadysalary agyr netijelere getirýär. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolan ýetginjekleriň aglabasy pyýadalar ýa-da welosipeddir moped sürüp barýanlar. Bu hili hadysalar çagalaryň köçäni rugsat edilmedik ýerinden kesip geçende, gulagyna saz diňlenilýän enjamy dakyp, ýakynlaşyp gelýän awtomobili eşitmän galanda, köçä birdenkä ylgap çykanda ýa-da egin-eşiklerinde ýagtylygy serpikdiriji elementler bolman, günüň garaňky wagtynda herekete gatnaşýanlara görünmeýän ýagdaýynda bolup geçýär. Çagaňyzyň howpsuzlygynyň siziň üçin ilkinji nobatdaky zatdygyny oňa düşündirjek boluň. Eger-de, ol köçäni gadagan edilen ýerden kesip geçmän, ýörite pyýada geçelgeden geçenligi sebäpli sapaklaryna ýa-da öýe gijä galyp gelse, munuň üçin käýejek bolup durmaň. Pyýada geçelgede ähli ulaglaryň pyýada ýol bermelidigine garamazdan, sürüjileriň ählisiniň bu kadany berjaý edip barmaýandygyny düşündirip, geçelgede wagty gulagyndaky saz diňlenýäni aýyrmagyny soraň. Gynansak-da, awtomobil sürüjileriniň aglabasy pyýada geçelgelerine ähmiýet bermeýärler, gaýtam, ondan geçip barýan pyýadalary özlerine ýol bermäge borçly hasap edýärler. Ýogsam, ýol hereketiniň düzgünlerinde bu düýbünden tersinedir. Çagaňyza welosiped süreninde daş görnüşinden utanmaz ýaly, gelşikli gorag başgabyny alyp beriň. Ýörite temperaturany kadalaşdyrýan materialdan tikilen, köp sanly jübüsi bolan, köp dürli reňkleri we ýagtylygy serpikdirijileri bolan ýeňsiz alyp beriň. Siziň aladaňyz hem bildiren ynamyňyz gadagan etmeleriňizden we haýbatlaryňyzdan has gowy täsir eder. Ýetginjek siziň özüne umyt edýändigiňizi duýar we has ünsli bolmaga çalşar.

 

Üns bermeli meseleleri kesgitläň

Ir bilen işe gyssanyp barşyna, ýene-de bir taslama bilen başagaýlap ýörşüne ýa-da işden soň ýadap gelip, dynç alyp otyrka ene-atalaryň köpüsi çagalarynyň nirede näme bilen meşguldygy hakynda känbir oýlanyp barmaýarlar. SIZ islendik wagt ýetginjek çagaňyzyň nirededigi, nämä meşguldygy we haçan öýe dolanyp geljekdigi hakynda çen bilen hem bolsa bilmäge borçlusyňyz. Geçiş döwründe munuň gözegçilik däl-de, ýöne bir aladadygyny çaga düşündirmek aňsat däldir. Ýöne nähilem bolsa, muny başarjak bolmaly. Çagaňyza onuň nirdedigini bilmegiňiziň näme üçin zerurdygyny düşündirmäge çalşyň. Onuň şol ýere nädip barjakdygyny we ol ýerden nädip gaýtjakdygyny, nirelerde oňa howp abanyp biljekdigini ýa-da kynçylyk çekip biljekdigini bilmegiňiz üçin munuň zerurdygyny aňlatmaga çalşyň. Möhüm! Çaga elmydama aragatnaşykda bolmaly. Mobil telefonlaryň eýýamynda aragatnaşyk saklamak siziň şahsy gatnaşyklaryňyza baglydyr. Çagaňyzyň siziň jaňyňyzy bilkastlaýyn öçürmeginiň öňüni almak üçin zerurlyk bolmasa, ony bimaza edip jaň edip durmajakdygyňyzy aýdyň. Bu sözüňizi saklamaga çalşyň. Çünki ynamy gazanmak kyndyr.

 

Sport bilen meşgullanmagy teklip ediň

Oglanlar gyzlara garanyňda has köp şikes alýarlar. Aýratyn hem, tomus aýlary şikesleriň has köp alynýan wagty hasaplanylýar. Dynç alyşlar, boş wagtlar, wagtyňy hoş geçirmek islegi ýetginjekleri köplenç ýöne bir eýmenç däl, eýsem, janyna howp salyp biläýjek hereketlere iterýär. Ene-atalar ýetginjegiň gujur-gaýratyny has döredijilikli akyma gönükdirip biler. Fiziki işjeňlik – bu örän ajaýyp. Gowusy çagany sportuň haýsy hem bolsa, bir görnüşi bilen meşgullanmagy üçin sport mekdebine bermek. Bu ýerde çaga ýeke bolmaýar we tälimçiniň gözegçiliginde bolýar. Bu usulyň netijeliliginiň aýdyň mysaly hökmünde suwda ýüzmek boýunça olimpiýa çempiony we ady rowaýata öwrülen Maýkl Felpsi bellemek bolar. Öz döwründe onuň ejesi Debora Felps oglunyň fiziki işjeňlige bolan höwesini duýup, ony basseýne äkidipdir. Dostlar bilen gezelenç etmek hem sporta degişli bolup biler. Ýöne sport mekdepleridir gurnaklary çaga adrenalin berer, onuň zerurlyk çekýän emosional täsirini berer. Dartgynlylygyny türgenleşiklerine siňdirip, ol özüni rahat duýar.

 

Bardy-geldi bir zatlar bolaýsa...

Eger-de bardy-geldi nämedir bir zatlar bolaýsa, ýetginjege käýemäge ýa-da «Gözden saldyk-da!» diýip, öz janyňy ýakmaga howlukmaly däl. Ilkibaşda, oňa ilkinji lukmançylyk kömegini bermeli, lukmandan şikes barada, ony bejermegiň usullary hakynda soraşdyrmaly. Diňe şondan soňra asuda, parahat aň bilen çagaňyzyň nädip şikes alandygyny oýlanyp görüň. Eger-de çaganyň seresapsyzlygy zerarly şikes alnan bolsa, onuň bilen gürleşip, bu ýalňyşlyklaryny gaýtalamazlygyny düşündirmäge çalşyň. Eger-de şikes alynmagyna başga biri günäkär bolsa, hakykaty agtarjak boluň. Mümkin, siziň janypkeşligiňiz we günäkäri jogapkärçilige çekmegiňiz şular ýaly ýagdaýlaryň beýleki çagalarda gaýtalanmagynyň öňüni alyp biler. Çaganyň iň bir ownujak şikesini hem ünsden düşürmäň. Dogry, köplenç ýagdaýda sypjyrmalardyr gök-alalar o diýen ähmiýetli däl bolup biler. Ýöne kähalatlarda bu şikesler çaganyň seresapsyzlygyna däl-de, toplumlaýyn bir meseläniň — mekdepde topara goşulyp bilmeýändigi üçin çaganyň beýleki çagalar bilen uruşmagy, öz-özüne bolan ynamy ýokarlandyrmak üçin özüne we beýlekilere nämedir bir zatlary subut etmäge bolan synanyşyklaryň, üns ýetmezçiliginiň we beýleki köp sanly meseleleriň bardygynyň alamaty bolup biler. Çaganyň durmuşynda nämeleriň bolup geçýändiginden, iň esasy hem, näme üçin bolup geçýändiginden hemişe habardar boluň.