Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

News

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

calendar_today 07 March 2022

Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk
Ýetginjekler we alkogol — ýaramaz sazlaşyk

Tomsuna şüweleňlerde dynç alyp, dostlaryň bilen wagtyňy geçiresiň gelýär. Köplenç bolsa bu hili şagalaňyň hemrasy alkogol bolýar. Ýoldaşlaryň bilen alkogolly içgileri içmeklik — bu mertebe meselesi. Ondan hemmeler ýüz dönderip bilmeýär. Ýogsa näme, çaga ýa özüni oňarmaýan däl ahyry. Galyberse-de, gadagan edilen zat süýji bolýar. Geçiş döwri — ýetginjegiň daşky täsirlere has köp düşüp biljek ýeňil bolmadyk döwrüdir. Şonuň üçin hem şu döwürde ýetginjekler dürli hili endiklere ýeňil baglanýarlar. Hut şonuň üçin hem ýetginjekleriň arasynda alkogolizmiň öňüni almaklyga üns bermek möhümdir. Hatda az mukdarda hem spirtli içgiler ýetginjegiň ösüp barýan organizmine düzedip bolmajak zeper ýetirip bilýär. Iň az mukdardaky içgiler hem düýpli zyýan ýetiriji bolýar. Mundan başga-da, alkogolizmiň, ululara garanyňda, ýetginjeklerde 3-4 esse tiz formirlenýändigi subut edildi.

Ýetginjekler we alkogol bir ýere sygyşmaýar

Ýetginjek ýaşda spirtli içgileri içmek (ulgamlaýyn däl-de, aslynda) diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem, psihiki taýdan ösüşiň yza galmagyna sebäp bolup biler. Ýetişiklilik pese düşýär, daş-töwerekde bolup geçýän zatlara biperwaýlyk döreýär. Ýetginjek bilen aragatnaşygy ýola goýup, ony bela-beterden goramaga çalyşýan ene-atalar bolsa, duşman kimin görünýär.

Näme üçin isleg döreýär?

- Kinoda, telewideniýede, reklama neşirlerinde gahrymanlar köplenç alkogol içýärler; - Alkogol — «ýetişen adamlaryň» medeniýetiniň bir bölegi, özbaşdaklygyň, ýetişenligiň, batyrlygyň alamaty (hakykatda welin, BEÝLE DÄL. Oňa derek zyýan ýetirip biljek zatdan ýüz dönderip bilmek welin, HAWA). - Töwerek daşyňda kimdir biri setanda-seýranda bolsa-da alkogol içýär — ene-atalar, deň-duşlar, goňşular; - Ene-atalar basýar, aşa hossarlyk edýärler. Topalaň turzasyň gelýär; - Jyns gatnaşyklaryna ir başlamak bilen (rast ulaldyňmy, diýmek, eýýäm bolýar); - Maşgaladaky dawaly ýagdaýdan, mekdepde ýetişip bilmezlikden, aragatnaşyk etmekdäki kynçylykdan çykmagyň usulyny gözlemek we dünýäde öz ornuňy gözlemek jogapkärçilikden we çykgynsyzlyk duýgusyndan gaçmak; - Seýrek ýagdaýlarda ýetginjegiň şahsynyň şowsuz göwrelilik zerarly aň ýetmezçiligi, dogrum we kelle-beýni şikesleri, fiziki we psihiki ösüşiň yza galmagy bilen bagly aýratynlyklary üçin.

Nädip goranmaly?

  1. Aragatnaşyk etmeli Ene-ataň, dostlaryň, tanyşlaryň bilen aragatnaşyk etmeli, gyzyklanmalaryň çägini giňeltmeli we öz-özüňi çetleşdirmeli däl.
  2. Güýmenje tapmaly Islendik hemişelik güýmenje — sport, saz bilen meşgullanmak, surat çekmek, beýleki bir güýmenje — alkogol içmäge bolan ýaramaz islegden goragdyr. Eger-de gyzykly güýmenjäň bolsa, ýaramazlyklara asla wagt galmaz.
  3. Aragatnaşyk edýän adamlaryňy öwrenmeli Köplenç ýagdaýda alkogoldan ilkinji gezek dostlaryň ýanynda dadyp görülýär. Dostlaryň ýanynda çaga ýa-da özüni oňarmaýan bolup görünmek islemeýärsiň — şeýdibem, eliňde bulgur ýa-da kiçijik stakan peýda bolýar. Ýöne siziň bilen wagtyny geçirmegi üçin belli bir şertleri berjaý etmeli bolýan adamlara öz wagtyňy sarp etmek gerekmi? Bu gün siz «özüňizi aldyrmak üçin içmeli». Ertir näme etmeli? Hakyky dostlar — siziň şol durşuňyza — ähli kemçilikleriňizdir ýetmezçilikleriňiz, geň gyzyklanmalaryňyz we endikleriňiz bilen kabul edip bilýän adamlardyr.
  4. Öz-özüňe ynanmaly Elmydama özüňi gerekli, ähmiýetli hem aýratyn adam hökmünde duýasyň gelýär. Biziň göwnümize, beýlekileriň bizi gowy görmekleri üçin biz hökmany suratda nämedir bir zat etmeli ýaly bolýarys. Ýöne beýle «gözükdirmeleriň» güýji ýok. Köplenç ýagdaýda bizi diňe barlygymyz üçin — hut şu durşumyza, bolşumyzdan has üýtgeşik, gyzykly hem meşhur görünmäge bolan ymtylyşsyz söýýärler.
  5. Görelde almaly Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgeleri — köpçülikleýin medeniýetiň bir bölegi. Alkogol içmek welin oňa asla sygyşmaýar. Meşhur adamlaryň, media-personlaryň ýa-da bolmasa, hatda kitapdaky gahrymanlaryň içinden özüňe görelde tutunyň hem-de olaryň göreldesine eýeriň. Gün tertibiňizi berjaý edip, sport arkaly sagdynlygyňyzy berkidiň.
  6. Ene-atalar bilen gürleşmeli Geçiş döwründe ýetginjekleriň köpüsi üçin ene-atalarynyň eýeleýän orny düýpli aşak düşýär. Ýöne muňa garamazdan, bu adamlar heniz hem bolsa sizi dünýä getiren adamlardyr. Olar sizi gowy görýärler we size diňe gowulyk isleýärler. Olar bilen täzeden dil tapyşyp, gaýtadan aragatnaşygy ýola goýmaga synanyşyň. Şonda siziň ýene-de ygtybarly daýanjyňyz bolar we siz tutuş dünýä çagyryş edip bilersiňiz — çünki, ene-ataňyz sizi elmydama goldar.

NETIJE

Bu günki gün ýetginjekler çagalygyň mazasyny doly alyp ýetişmän, diýseň ir ulalýarlar. Ulalybam, indi-hä bolýar, indi-hä biz ulaldyk diýip, edip bolýan ähli zatlara baş goşýarlar. Rahatlanyň. Çaganyň ýetişmegi gutulgysyz ýagdaýdyr. Siz islendik ýagdaýda hem ulalarsyňyz hem-de garrasyňyz. Mundan gaçyp gutulyp bolmaz. Durmuşdan häzir hem şu ýerde lezzet alyň. Jan saglygyňyzy geljekki işleriňiz üçin aýaň.