Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

News

Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

calendar_today 04 October 2021

Horlanmagyň kül-külüne düşen ýetginjekler kähalatlar bedenlerini örän howply derejä çenli ýetirip, çenden aşa geçýärler. Bu zatlaryň ählisi ata-enäniň gözüniň öňünde bolup geçýändigine garamazdan, köplenç, olar şeýle meseläniň bardygy hakynda asla güman hem etmeýärler. Çagalarynyň gün-günden horlanyp, boýunyň uzalyp gidip barýandygyny synlaýan köp sanly ejelerdir kakalar «Bu zatlar gormonlaryň işi!» diýip pikir edýärler we ýetginjegiň barha az iýip-içýändigine ähmiýet hem bermeýärler. Kimdir biri munda ýaramaz üýtgeşmeleri duýsa-da, ol ýöne bir geçiş döwrüdir diýip oňaýýarlar. «Anoreksiýa» we «bulimiýa» ýaly aýylganç keseller uly ýaşly adamlara moda görkezilişiniň hem-de meşhur adamlaryň şüweleňleriniň bir meselesi bolup görülýär. «Biziň çagalarymyz-ha bu hili güne düşmez» diýip olar pikir edýärler. Emma bu ýagdaý her kimiň başyna düşüp biler. Anoreksiýa — bu näsagyň özi tarapyndan goldanylýan we/ýa-da ýörite edilýän beden agramynyň bilkastlaýyn azaldylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazanyň işiniň bozulmagydyr. Bulimiýa — aşgazanyň işiniň bu hili bozulmagy beden agramynyň aşa gözegçilikde saklanmagy bilen, iýmiti zor bilen bedenden çykarmak arkaly yzygiderli gaýtalanýan aşa iýmitlenmek (iýmit hüjümleri) ýaly kesgitlenilýär.

 

Gyzlar — howp toparynda

Anoreksiýa we bulimiýa bilen islendik adam keselläp biler. Ýöne ýetginjek gyzlar bu kesele has duçar bolguç bolýarlar. Göwnüňe bedeniň gelşiksiz, tagaşyksyz ýaly görünýär. Beden göýä hökmany suratda ýeňmeli garşydaşyň ýaly kabul edilýär. Aç gezmek bolsa, ýaraga öwrülýär. Birbada bolmasa-da, kem-kemden gyzlar iýmit kabul etmeklerini çäklendirip başlaýarlar — iýýän zatlarynyň möçberlerini azaldýarlar, dürli bahanalar tapyp, ertirlik, günortanlyk we agşamlyk naharlaryndan ýüz öwürýärler, berhiz hem ýagsyz önümlere has köp üns berip başlaýarlar. Gyzlar üçin bu ýaşda horlanmak — durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeleri gözegçilik astynda saklamagyň usuly bolup durýar. Olaryň şu çaka çenli ýaşan oňaýly zolagynda saklanmagynyň usuly bolýar. Aşgazanyň işiniň bozulmak howpy şu ýaşdaky oglanlarda 10 esse azdyr. Olaryň öz-özlerini ykrar etmekleri bedeniniň gelşikliligi bilen bagly däldir, gaýtam bu tersinedir. Ýöne kadadan çykmalar hem seýrek ýagdaýda hem bolsa, gabat gelip bilýär.

 

Näçe ir bolsa, şonça-da gowy

Ýetginjekleriň ählisiniň horlanýandygyny ata-eneler unutmaly däldir. Eger-de tomsa çenli ogluň ýa-da gyzyň birnäçe kilogram ýeňlemek islese, munuň üçin galmagal turuzmagyň zerurlygy ýok. Bu anoreksiýa-da, bulimiýa hem däldir. Muňa garamazdan, berhiz bilen öwrenişmek hem bolmaz. Ýetginjekler nädip dogry horlanmalydygy hakynda biz ýazypdyk. Ata-enä meseläni ýüze çykarmaga ýardam edip biljek ýetginjegiň özüni alyp barşynyň birnäçe markerleri bar. Eger-de siz öz çagaňyzda üç ýa-da ondan hem köp alamaty ýüze çykaran bolsaňyz, onda hünärmene ýüz tutmagyň wagty geldi.

 

Maksatsyz horlanmak

Her bir berhiziň maksady we anyk kesgitlenen çäkleri bolmalydyr. Mysal üçin, söýýän jins jalbarymyza sygmak üçin gapdal bykynlardan 1 sm aýyrmaly. Ýa-da uçuryma çenli 3 kg horlanmaly. Eger-de berhiziň maksady bar bolsa, onda çaganyň iýmitlenmek boýunça ýüz döndermeleri hakynda howsala düşmek zerur däl. Emma horlanmagyň hatyrasyna horlanmak welin — eýýäm meseledir. Diýmek, ýetginjek öz bedenini ýigrenýär hem-de aç galmak arkaly oňa garşy göreşýär. Galyberse-de! Adatça berhiz saklaýan ýetginjek iýmit boýunça çäklendirmelere zeýrenýär, mysal üçin, enesiniň datly kökejiklerinden iýip bilmeýändigi üçin jany ýanýar. Anoreksik bolsa edýän işine gizlinçe guwanýar. Ýüregedüşgünç berhizden zeýrenmäni bolsa, siz ondan asla eşitmersiňiz.

Önümleri saýlamak

Anoreksiýanyň alamatlarynyň biri — önümleri saýlamak. Anoreksiklerde nämedir bir «zyýanly», «arassa däl» zat iýmeklige bolan gorky duýgusy artyp başlaýar. Olar iýmitlenýän önümleriniň hiç bir zada galtaşmazlygyna berk gözegçilik edýärler, hatda käwagtlar ol önümleri öz otaglarynda, hamana, «kadaly» şertlerde saklaýarlar. Kähalatlarda bolsa, olar çemçe-käselerini hem hemişe ýanynda göterýärler.

Aşa köp suw içmek

Suw beden üçin peýdalydyr. Bedendäki madda çalşygynyň kadaly işlemegi üçin adam her günde 1,5-2 litr suw içmelidir. Berhiz saklaýan ýetginjek bu kadany berjaý etmän, günde şol möçberden ýa köp, ýa-da az suw içýär. Anoreksiýadan ejir çekýän ýetginjekde suw içmek — bir möhüm däp. Onuň pikirine görä, suw bedeni iç ýüzünden iýmitden arassalaýar. Ol ony litrläp içýär, hemişe ýanynda içer ýaly suw saklaýar. Nahar iýmäge derek suw içýär, açlyk duýgusyny birnäçe litr suw bilen ýeňýär.

Ýakynlaryň göwnüne degmezlik üçin, görmeksiz keşp

Ýetginjek kem-kemden ýakynlaryndan we dostlaryndan çetleşdi, «ýadaw, eýýäm garbandym, gijräk iýip-içerin» ýaly bahanalar tapyp, üýşmeleňlerden we maşgala agşamlyklaryndan ýüz öwrüp başlady. Egnindäki geýimi has giňäp, onuň aňyrsynda hiç hili sudur görünmeýär diýen ýaly. Çaga bularyň barsyny ýakynlarynyň göwnüni ýykmazlyk üçin edýär. Aň etmese-de, ýalňyşlyk edýändigini duýup, ol çöpe dönen bedenini, işdäsiniň bolmazlygyny, iýmite bolan ýigrenjini özüne gymmatly bolan adamlardan gizläp saklamaga çalyşýar.

Sport, aşa işjeňlik, janypkeşlik.

Berhiz saklap sport bilen yhlasly meşgullanmak ýetginjek üçin ýeňil däl — energiýa sarp etmek üçin gurbat hem, isleg hem ýok. Anoreksik bolsa, munuň tersine, sagatlap trenažýorlardan aýrylman, sütüni süýnme derejä çenli gelip bilýär. Peýdaly maddalaryň ýetmezçiligi nerw ulgamyny tapdan düşürýär. Ýetginjek galagoply, gaharjaň halda, hemişe hereketde bolýar.

Berk berhizden açgözlüge

Dek düýn hem ýetginjek ähli tagamlardan, hatda iň söýgüli tagamlaryndan hem ýüz dönderip oturyp, bu gün bolsa, bir gap çipsi, çorba, tort iýip, bularyň barsynam gazly suw bilen içdimi? Bu eýýäm bulimiýanyň alamatlary. Diýmek, bedeniňi dolandyrmak boýunça şowsuz synanyşygyň üstüne «Men muny başarmadym!» günä duýgusy hem goşuldy. Iýen zadyndan tiz dynmak üçin ýetginjek emeli ýagdaýda gaýtarýar ýa-da içiňi geçirýän serişdeleri kabul edýär. Ýöne indiki gezek hem nahardan saklanyp bilmän, bir ujundan bar zatdan iýýär. Ýene-de ýaňky zatlar gaýtalanýar. Ýaňaklardaky öçügsi reňk, saralyp giden, elmydama ýaşaryp duran gözler bulimiýadan habar berýär. Bu alamatlar eýýäm aşa giç bolan ýagdaýlarda ýüze çykýar.

 

Bu näme üçin howply?

Anoreksiýanyň we bulimiýanyň netijeleri köpsanly hem dürli-dürlüdir. Iň görnetini — arryklykdyr. Adaty bolmadyk inçejik ellerdir aýaklar, somalyp duran bil süňkleri, ýüzüň çekilmegi hem inçelmegi. Organizmde madda çalşygy haýallaýar, beden energiýa tygşytlylygy ýagdaýyna geçýär — basyş, temperatura peselýär, beden üçin zerur bolan gormonlar işlenip taýýarlanmasyny bes edýär, gyzlarda menstruasiýa döwri bilen bagly meseleler ýüze çykýar. Beden agzalarynyň ählisi hem-de deri kiçelýär. Aşgazan-içege trakty kadaly işlemegini we iýmiti gaýtadan işlemek üçin zerur bolan fermentleri işläp taýýarlamagyny bes edýär. Saç düşüp başlaýar, dyrnaklar gat-gat bolýar, deri we dişler zaýalanýar. Myşsalar ölýär, süňkler zaýalanýar. Anoreksiýa bilen kesellän adama gün-günden irden turmak has agyr degýär. Suw-duz deňagramlylygynyň bozulandygy sebäpli, myşsalarda gysylma ýüze çykýar, ýürek urşunda aritmiýa bellenilýär. Fiziologik meseleler bilen çäklenilmeýär. Öz janyňa kast etmek ýaly pikirler has elhenç netijelere getirip biler. Näsag çuňňur göwnüçökgünligine düşýär. Köpsanly fobiýalar (gorkylar) ýüze çykýar, newroz ýagdaýlar duş gelýär. Köplenç ýagdaýda esassyz ýere gaharlanmak, gyjynmak bolup geçýär. Ýatkeşlik ýaramazlaşýar (ýatkeşlikde bulaşyklyk bolup biler), pikir işjeňligi düýpli aşak düşýär. Adam hiç kim bilen aragatnaşyk etmeýän, ýapyk şahsyýete öwrülýär.

 

Çagaňyz anoreksiýa bilen kesellese, näme etmeli?

Ilkinji ädim — ýene-de bir gezek oýlanyp görmeli. Ýagdaýa gaýtadan baha bermeli. Bu zatlaryň göwnüňe däldigini bilmeli. Siz çagalaryňyza öz gorkularyňyzdyr howatyrlanmalaryňyzy ýazýan bolaýmaň? Eger-de siz çagaňyzyň öz-özüne zyýan ýetirýändigini bilseňiz, onda ilki çaga bilen däl-de psihoterapewt lukman bilen gürleşmeli. Hünärmene ýüz tutmak çagaňyzyň psihiki taýdan näsagdygyny aňlatmaýar. Ýöne anoreksiýa meselesi psihika degişli bolup durýar. Şonuň üçin hem ony diňe ökde, tejribeli hünärmeniň maslahaty bilen ýeňip bolar. Psihoterapewt size çagaňyz bilen bile bu meseleden nädip baş alyp çykyp boljakdygyny maslahat berer. Ol size saglygy dikeltmek boýunça indiwidual programma düzüp berjek hem-de dikeldiş döwründe size we çagaňyza gözegçilik etjek beýleki hünärmenlere — dietologlara, psihologlara ugrukdyrar. Saglygyňy dikeltmek tiz amala aşmaz. Sabyrly boluň. Bejergi döwründe siz çagaňyz bilen has ýakynlaşyp, onuň dostuna hem-de gapma-garşylyklara garşy göreşmekde ýoldaşyna öwrülersiňiz. Gygyrmagyň, haýbat atmagyň, ýalbarmagyň haýyr etmejekdigini ýatdan çykarmaň. Ýetginjek-anoreksigiň dünýä bilen gatnaşyklary eýýäm bozulandyr. Onuň üçin diňe bir meselä siziň nukdaýnazaryňyzdan garamag-a däl, eýsem, şu meseläniň bardygyny boýun almak hem örän kyndyr. Ýalbarmagyň hem, gorkuzmagyň hem nepi degmez. «Öz-özi akyllanar» diýmek bilen ata-eneler lukmana ýüz tutmaklygy gijikdirýärler.

 

Ýene-de özara ynamdar gatnaşyklar

Eger-de siz ilkibaşdan ýetginjek-çaga bilen «uly ýaşly-uly ýaşly» görnüşinde ynamdar gatnaşyklaryny ýola goýsaňyz, onda köp sanly meselelerden gutulyp bilersiňiz. Ol nahar iýmesini azaltdymy? Işdäsi ýokmy? Tersine sport gurnaklarynda türgenleşikleri iki esse diýen ýaly artdymy? Eger-de siz çagaňyz bilen ýakyn aragatnaşykda bolsaňyz, onda şular ýaly howply alamatlary gözden salmarsyňyz we çagaňyzyň özüne bolan ynamyny we saglygyny wagtynda gorap bilersiňiz.