Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ýetginjeklik döwri: Gyzlaryň bedeninde bolup geçýän 9 üýtgeşme

Ýetginjeklik döwri: Gyzlaryň bedeninde bolup geçýän 9 üýtgeşme

News

Ýetginjeklik döwri: Gyzlaryň bedeninde bolup geçýän 9 üýtgeşme

calendar_today 03 April 2025

Ýetginjeklik döwri: Gyzlaryň bedeninde bolup geçýän 9 üýtgeşme
Gyzlaryň bedeninde bolup geçýän 9 üýtgeşme

Bagyň, sepiň nähili berk bolsa, ol mizemez bolýar, durmuşyňa päsgel bermeýär. Ýetginjeklik hem çagalyk bilen ululygyň arasyndaky sep, bag, ýagny bu ikisiniň arasyndaky geçiş tapgyry. Bu makala bu tapgyry dogry we peýdaly geçirmäge ýardam berer diýip umyt edýäris. 

Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň bedeninde, şeýle hem akyl we emosional taýdan uly üýtgeşmeler ýüze çykýar. Bu makalada diňe beden taýdan üýtgeşmeler hakda durup geçeris.

Bu tapgyr, adatça, 8-13 ýaş aralygynda başlap, 16-18 ýaşlaryna çenli dowam edýär. Her gyzyň genetikasyna we daşky gurşaw şertlerine baglylykda bu proses dürli wagtlarda bolup biler. Bu makalada gyzlaryň diňe bedeninde bolup geçýän fiziki üýtgeşmelere nygtap geçmän, eýsem olara berilýän maslahatlara hem serederis.

1. Bedeniň ösmegi we boýuň uzalmagy

Gyzlaryň boýy ýetginjeklik döwründe çalt ösýär. Bu ösüş, adatça, göwüsleriň ösüşi başlandan soň 1-2 ýylyň dowamynda iň güýçli depgine ýetýär. Käbir gyzlar bu döwürde gysga wagtyň içinde 8-12 santimetr boý alyp bilerler. Şeýle hem, eller we aýaklar ir ulalyp, beden bilen deňleşýär. Eliň barmaklary hem ösüp, inçelip biler. Bu ýagdaý 10-15 ýaş aralygynda bolup geçýär.

Maslahat: Eger-de tiz ösmegiň netijesinde bedende agyrylar (esasan, dyz, topuk, egin we bil böleklerinde) ýüze çykýan bolsa, bedeniň rahat dynç almagyna we ýeňil maşklara üns bermek möhümdir.

Gyzykly fakt: Gyzlarda boýuň iň çalt ösýän döwri, köplenç ilkinji aýbaşy döwrüne gabat gelýär. 

 

2. Göwüsleriň ösmegi

Göwüsleriň ulalmagy ýetginjeklik döwrüniň ilkinji alamatlarynyň biridir. Bu, adatça, 9-11 ýaş aralygynda başlap, birnäçe ýyl dowam edýär. Ilki bilen, göwüsleriň ujy näzik we duýgur bolup biler, soň bolsa doly ösüş tapgyry başlanýar. Her gyzyň göwüs ösüşi genetikasyna baglylykda dürli derejede bolup biler.

Maslahat: Göwüsleriň ösmegi bilen gyzlar üçin amatly we sagdyn içki geýim (göwüsbent) geýmek möhümdir. Eger göwüslerde agyry ýa-da näziklik ýüze çyksa, ýeňil mataly, ýumşak göwüsbent saýlamak kömek edip biler. Göwüsiň ösüşini tizleşdirjek bolmak maslahat berilmeýär! 

Gyzykly fakt: Göwüsleriň doly ösüşi 17-18 ýaşlaryna çenli dowam edip biler.

 

3. Aýbaşy görmegiň başlamagy

Gyzlarda aýbaşy sikli, adatça, 9-16 ýaş aralygynda başlap biler. Bu, ýetginjeklik döwrüniň esasy alamatlarynyň biridir we aýbaşy her aýda bir gezek bolup geçýär. Ilkinji aýbaşy (menarhe) başlananda, aýbaşy döwrüniň dowamlylygy we mukdary dürli bolup biler. Emma adatça bir-iki ýylyň dowamynda bu ýagdaý kadalaşýar.

Maslahat: Aýbaşy döwründe arassaçylyk düzgünlerine üns bermek möhümdir. Aşa agyry duýulsa ginekolog lukman bilen maslahatlaşyp bolar. Agyry aýyryjy dermanlary özbaşdak içmek maslahat berilmeýär. 

Gyzykly fakt: Aýbaşy döwrüniň dowamynda gyzlar, ortaça, 30-80 ml gan ýitirýärler. 

 

 

4. Beden gurluşynyň üýtgemegi

Gyzlarda ýetginjeklik döwründe beden gurluşy üýtgäp, ýumrulanýar. Esasan, bil, but we garyn böleklerinde ýaglylylyk bolýar. Bykyndan aşagy iki gapdala ýarsar, ýarsyş çaga dogurmaga uly ýardam berýär. Bu, bedeniniň aýal keşbine girýändigini görkezýär.

Maslahat: Bu tapgyrda sagdyn iýmitlenmek we bedeniň ösüşine üns bermek möhümdir. Şeýle-de, bu döwürde ýag dokumalarynyň artmagy aladalanarly ýagdaý däl, sebäbi bu, gyzlaryň bedeniň tebigy ösüşiniň bir bölegidir.

Gyzykly fakt: Estrogen gormony gyzlaryň bedenindäki ýagyň mukdaryny ýokarlandyryp, olary aýal bedenine mahsus keşbe getirýär. 

 

5. Deriniň ýaglanmagy we düwürtikleriň peýda bolmagy

Ýetginjeklik döwründe deri ýag mäzleriniň işjeňleşmegi sebäpli ýagly bolup biler. Bu ýagdaý ýüzde, esasan-da maňlaýda, burnuň töwereginde we ýaňaklarda düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar.

Maslahat: Günde iki gezek ýüzüňi mylaýym arassalaýjy serişdeler bilen ýuwmak we ýagly iýmitleri çäklendirmek deriniň sagdyn bolmagyna kömek eder. Düwürtikleri gysmazlyk möhümdir, sebäbi yz galdyryp biler.

Gyzykly fakt: Düwürtikler ýetginjek gyzlaryň takmynan 80%-inde ýüze çykýar, ýöne olar wagtlaýyn ýagdaýdyr. Eger-de düwürtikler dowam edýän bolsa ýa-da alada edilse dermatolog lukmanyna ýüz tutmak maslahat berilýär.

 

6. Beden tüýleriniň köpelmegi

Ýetginjeklik döwrüniň dowamynda gyzlaryň bedeninde käbir täzeden döreýän üýtgeşmelerden biri-de tüýlenmedir. Esasan, goltuk, gasyk we burun töwereginde tüýler köpeler. Şeýle-de, käbir gyzlaryň ýüzünde, ellerinde we göwüsleriniň üstünde inçe, ýumşak tüýler peýda bolup biler. Bu tüýlenme gormonlaryň täsiri bilen bolup geçýär

Maslahat: Eger-de bu ýagdaý özüňi oňaýsyz duýmaga sebäp bolsa, dermatolog bilen maslahatlaşyp, dogry ideg usullaryny öwrenmek mümkin.

Gyzykly fakt: Beden tüýleriniň reňki we galyňlygy genetika bilen baglanyşykly bolup, her gyzda dürli derejede bolup biler.

 

7. Agramyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň agramy üýtgäp biler we bu, gormonlaryň täsiri bilen başdan geçirýän tebigy bir üýtgeşmedir. Bu döwürde, käbir gyzlar horlanyp, käbirleri bolsa agram alýarlar. Agramyň üýtgemegi, genetika, iýmitlenme endiklerine, fiziki hereketliligiň derejesine we beýleki daşky gurşaw faktorlaryna baglydyr.

Gyzlaryň agramy artanda, bu bedendäki ýag mukdarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Şeýle-de, bu, olaryň fiziki we emosional ösüşine täsir edýär, şonuň üçin agramyň üýtgemegi dürli ýagdaýlary emele getirip biler. Käbir gyzlar, bu döwürde duýgularyndaky üýtgeşmeleri we bedenindäki tapawutlary kabul etmekde kynçylyk çekýär.

Maslahat: Agramy kadaly saklamak üçin deňagramly iýmitlenmek we fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak möhümdir. Aýratyn hem, süýji we gazly içgileri çäklendirmek saglyk üçin peýdalydyr.

Gyzykly fakt: Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň bedenindäki ýag düzümi, adatça, 20-25%-e çenli ýokarlanyp biler. 

 

8. Jyns agzalarynyň ösmegi

Ýetginjeklik döwründe gyzlaryň jyns agzalarynyň ösmegi, aýal bedeniň ulalmagynyň we özgerişiniň möhüm bir bölegidir. Gyzlaryň jyns agzalary hem içki, hem daşky organlaryň ösmegi bilen özgerýär. Şeýlelikde, bu döwürde daşky jyns agzalary, ýagny, genital sepler we içki organlar, şol sanda jyns ýollary we ýokary içki organlar ösýär. Bu ösüş, aýbaşy döwrüniň başlanmagy bilen baglanyşykly bolup, gormonlaryň täsiri bilen degişli organlaryň ösmegi we işjeňleşmegi üçin ýörite taýýarlyklar görülýär.

Gyzlaryň gormonal üýtgeşmeleri netijesinde, içki jyns organlary, jyns ýollary we ýumurtgalyklar, şeýle hem daşky genital agzalar bu ösüşde möhüm rol oýnaýar.

Maslahat: Günlük arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek we bedenindäki üýtgeşmeleri kabul etmek möhümdir. Eger-de näsazlyk ýa-da aşa agyrylar bolsa, ginekolog lukman bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

Gyzykly fakt: Aýbaşy başlamazdan 6 aý töweregi öň, jyns agzalarynyň töweregindäki tüýlenme artyp başlaýar.

 

9. Bedeniň ysynyň üýtgemegi

Ýetginjeklik döwründe der mäzleriniň has işjeňleşmegi sebäpli bedeniň tebigy ysy üýtgäp biler. Bu, esasan, goltuk we gasyk ýerlerinde has güýçli ýüze çykýar.

Maslahat: Gündelik arassaçylyk düzgünlerini ýerine ýetirmek we antibakterial sabynlary ulanmak bedeniň ysyny dolandyrmaga kömek eder.

Ýetginjeklik döwri gyzlar üçin uly ösüş we üýtgeşmeler bilen gelýän tapgyrdyr. Bu döwürde sagdyn durmuş endiklerini gazanmak, beden bilen dogry aragatnaşykda bolmak we özüňi kabul etmek möhümdir.

Bu tapgyrda sabyrly bolmak, dogry maglumat almak we arassaçylyk endiklerine üns bermek, gelejekde beden we ruh sagdynlygyňy saklamaga kömek eder. Sebäbi bagy, sepi nähili dogry we berk ýola goýsaň, ol gelejekde şonça-da gowy öser.

 

Peýdalanylan çeşmeler:

https://breastcancernow.org/about-breast-cancer/awareness/signs-and-symptoms-of-breast-cancer/how-breasts-develop-during-puberty/

https://turkmenistan.unfpa.org/tk/news/aýbaşy-näme

https://iastate.pressbooks.pub/humanreproduction/chapter/puberty/

https://health.ucdavis.edu/blog/cultivating-health/what-causes-acne-and-how-do-i-treat-it/2022/08

https://amp.cnn.com/cnn/2023/05/08/health/healthy-weight-gain-in-adolescence-wellness 

https://my.clevelandclinic.org/health/body/puberty

https://dermnetnz.org/topics/skin-changes-at-puberty 

https://www.who.int/health-topics/adolescent-health#tab=tab_1