You are here

Güýz — ýiti ýokanç keselleriniň, sowuklamanyň we beýleki keselleriň ýaýraýan möwsümi. Okuw ýylynyň başlanmagy bilen bolsa, bu keseller okuwçylaryň arasynda tiz ýaýraýar.

Ene-atalarda köp sanly soraglar ýüze çykýar: Çaga kesellän bolsa, ony öýde alyp galmalymy? Ýiti respirator ýokanç kesellerini nädip bejermeli? Mekdep okuwçysyna keselden soň taplanmagyna nädip kömek etmeli?

 

Siziň çagaňyz ýiti respirator ýokanç keseli bilen keselledi

Ýiti respirator ýokanç keseli — bedeniň dem alyş agzalarynyň ýiti sowuklama keselleriniň çalymdaş toparynyň umumy atlandyrmasy. Adatça bu keselleriň gyjyndyryjylary bolup, respirator ýokançlary çykyş edýär. Ýiti respirator ýokanç keseli — bu sowuklama (ýokanjyň ýeňil geçmegi), dümew (ştammlarynyň-görnüşleriniň köplügi) we bronhiolit (bronhiolalara degýän kesel) däldir.

Ýiti respirator ýokanç keseli hroniki kesel däldir we o tiz geçip gidýär. Şeýle hem ol şu alamatlara eýe:

  • Temperaturanyň ýokarlanmagy
  • Üşütme, umumy nähoşluk, ysgynsyzlyk, kelle agyry, myşsalardaky agyry
  • Işdäniň peselmegi, ýürek bulanma we ögemek ýagdaýlary bolup biler
  • Konýunktiwit (mümkin)
  • Iç geçme (mümkin)

Alamatlar mese-mälim ýa-da gowşak ýüze çykyp biler.

 

Çagany öýde alyp galmalymy?

Eger-de çagaňyz nähoşluk duýýan bolsa, onda lukman bilen maslahatlaşmaly. DIŇE HÜNÄRMEN KESELI ANYK KESGITLÄP WE BEJERGINI BELLÄP BILÝÄR.

Ýiti respirator ýokanç keselini «aýak üstünde gezip» geçirmek maslahat berilmeýär. Munuň iki sebäbi bar:

Çylşyrymlaşma howpunyň ýokary bolmagy – adaty sowuklama çynlakaý çemeleşmezlik we ýatyp bejergi almak talaplaryny äsgermezlik has çylşyrymly keselleriň döremegine getirip biler: otit, traheit, meningit, pnewmoniýa (öýken sowuklamasy) we beýlekiler.

Keseliň ýokuşyp bilmek mümkinçiliginiň ýokary bolmagy – Ýiti respirator ýokanç keseli depginli ýaýraýar, aýratyn hem ýaňy dynç alyşdan gelen mekdep okuwçylarynyň – ýetginjekleriň arasynda  giňden ýaýraýar. Güýzde howanyň üýtgemegi, pubertat möwsümi, adamlaryň uly toparynyň ýapyk binada toplanmagy hakyky epidemiýanyň başlanmagyna getirýär. 

Şonuň üçin hem, eger-de LUKMAN siziň çagaňyzda ÝITI RESPIRATOR ÝOKANÇ KESELINI — dümewi we sowuklamany kesgitlän bolsa, onda çagany hökmany suratda öýde alyp galmaly we berlen maslahatlary berjaý etmeli.

 

Ýiti respirator ýokanç keselini näçe wagtlap bejermeli?

Adatça, ýiti respirator ýokanç keseli 7 günde bejerilýär diýlip hasaplanylýar. Alamatlarynyň näderejede agyrlygyna garamazdan, bir hepdäniň dowamynda näsag ýatalgada ýatyp bejergi almak düzgünlerini berjaý edýär, bellenilen derman serişdelerini kabul edýär, köp mukdarda suwuklyk içýär, bedenine aşa agram salmakdan we dartgynlylykdan gaça durýar.

Eger-de ýiti respirator ýokanç keseli çylşyrymlaşmasa (BU ÝAGDAÝDA BEJERGINI GAÝRA GOÝMAN, ŞOL BADA ALMALY) we keseliň ähli alamatlary aýrylan bolsa, onda dikeldiş bejergini almaly.

Dikeldiş bejergisi bedeni «kesele çenli» ýagdaýdaky görnüşe dolap getirmegi — intoksikasiýada we beden agzalarynyň ähli funksiýalarynyň dikeldilmeginde jemlenýär.

Dikeldiş bejergisiniň dowamlylygy indiwidualdyr. Ortaça ol 14 güne ýetýär. Şol döwürde eýýäm çagany mekdebe ugradyp bolýar, emma hökmany suratda çaga fiziki we akyl işjeňliginiň aşa agyr bolmazlygyny üpjün etmeli.

 

Ýiti respirator ýokanç keselinden soň dikeldiş çärelerine nämeler girýär?

Kesel sowlanyndan soň, umumy ysgynsyzlyk — bu adaty ýagdaýdyr. Iň esasysy, bu uzaga çekmeli däl we ýürege düşgünç bolmaly däl. adaty durmuş akymyna dolanyp gelmek üçin şular kömek edip biler:

Rahatlyk. Dartgynlylyk köp sanly keselleri döredip biler. Çagaňyza okuwda yza galmaklygynyň öwezini hökman dolup biljekdigini we sapaklaryna ýetişmedik ýagdaýynda siziň oňa käýinip durmajakdygyňyzy düşündiriň. Şeýtseňiz, çaga okuw işine bejerginiň netijesini bozman, aňsatlyk bilen gaýtadan goşulyp biler.

Şäht. Siziň çagaňyz häzir gowşak, emma ol kadaly ýagdaýa dolanyp geler — siz muňa ynanmaly we ýetginjekde bu ynamy berkitmeli.  Gowulyga tarap ymtylyş adaty durmuşa dolanyp gelmäge ugur görkezer. 

Kadaly uky. Munda her günde azyndan 8 sagat ýatmaklyk kadadyr. Uky wagtynda beden güýç toplaýar, taplanýar. Uky kadaly ýagdaýda gurnalmaly — ýatylýan otagyň howasy tämizlenip durulmaly, ýatalga gyjyndyryjylardan arassalanan bolmaly.

Suw deňagramlylygy. Gorag üçin immunitet elýeterli bolan ähli serişdelerini, şol sanda ätiýaçlyk suwlaryny güýje girizýär. Çaga çaý, kofe ýa-da süýjüli gazly suwlary däl-de, köpräk suw içmegi teklip ediň.

Arassalaýyş we ýelejiretme işleri. Käbir keseller howada gaýyp ýa-da mebellerde ornaşyp bilýär. Kesellemäniň gaýtalanmazlygy üçin keselläniň otagyny arassalamakda çygly arassalaýyş işlerini geçirmek we ýetginjek otagda däl wagty ony ýelejiredip durmak hökmanydyr.

Işjeňlik. Eger-de çagaňyz sport bilen meşgullanýan bolsa, onda işjeň türgenleşiklere dolanyp barmak üçin birnäçe hepde garaşmaly boljakdygyny oňa düşündirmek gerek. Türgenleşikler gowşan beden üçin artykmaç agram bolup durýar. Iň gowusy — ýöremek, ýoga we öz bedeniňi aerob gimnastikasy bilen meşgullandyrmak.

Iýmitlenmek we witaminler. Saglygyny dikeldýänleriň menýusynda miweler, gök önümler we beloklar (süýt önümleri, et, kösükli önümler) köp bolmaly. Şolaryň hasabyna beden ýetmeýän serişdelerini toplaýar we keseliň täsirlerine garşy tiz taplanýar.

 

Netije

Diňe lukmanyň maslahatyndan soň, islendik keselden bejergi almalydyr. Diňe lukmançylyk hünärmeni keseliň dogry kesgitlemesini kesgitläp, dogry hem netijeli bejergini belläp biler.

Bejergini doly-derejede almaly, özüňe agram salyp we töweregiňdäkilere ýokuşdyryp, ony «aýak üstünde» geçirmäge synanyşmaly däl. başdan geçirilen ýiti respirator ýokan keseliniň soňlugy bilen gowşan we doly dikelmedik bedene zyýan bermezligi üçin hökmany suratda dikeldiş bejergisini geçmeli.

Iň esasysy, mazalyja ukyňyzy alyň, köpräk gezim ediň, özüňize agram salmaň, dartgynlyga düşmäň. Şahsy göreldäňiz bilen çagany goldaň. Şonda çaga saglygynyň we wagtynyň gadryny bilip başlar.