Go Back Go Back
Go Back Go Back

Aýbaşy näme?

Aýbaşy näme?

News

Aýbaşy näme?

calendar_today 16 August 2023

Aýbaşy näme?
Aýbaşy näme?

*Aýbaşy saglygy barada bilim:

 

Geliň aýbaşy barada gürrüň açalyň!

10 - 14 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin onlaýn habarnama

 

  1. Aýbaşy näme?

Kemala gelen aýal bolmak üçin gyz maşgalanyň bedeni jynsy kämillik döwrüne geçişdäki aýbaşyny öz içine almak bilen dürli taýýarlyklardan geçýär. Bu amal, beýniniň bedene çaga dogurmak mümkinçiligine taýýarlyk görmegi üçin habar (signal) iberende ýüze çykýar. Gyz maşgalanyň bedeninde olaryň aýal köpeliş organlary ösüp başlaýar we gormonlar diýlip atlandyrylýan tebigy himiki maddalar çaganyň ýumurtgasynyň kämilleşmegine we gyzlar ýumurtgalyk diýlip atlandyrylýan organyndan çykmagyna we çaganyň ulalmagy üçin möhüm orny eýeleýän ýatgy diýilýän organlarda saklanmagyna sebäp bolýar, çaga dogurmak üçin ýatgyda ýumşak düşek ýaly içki gatlak bilen örtülýär.

Göwrelilik ýüze çykmasa, ýatgyda taýýarlanan gatlak diýilýän düşek zerurlygyny ýitirýär we bedenden çykarylýar. Bu siziň aýbaşyňyzdyr. Gatlak, adatça ösýär we takmynan bir aýyň dowamynda bölünip çykýar, şonuň üçin gyzlaryň we aýallaryň köpüsi aýbaşy aýlawlaryny takmynan aýda bir gezek başdan geçirýärler.

Aýbaşy başlan soň, gyzlaryň göwreli bolmak mümkinçiligi bardyr. Jynsy gatnaşykda bolmagyň, göwreliligiňize sebäp bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.

 

Aýbaşy döwrüniň ilkinji gezek ýüze çykmagyna "Menarhe" (ilkinji aýbaşy) diýilýär. Aýbaşy gany şikeslerden emele gelen gandan tapawutlanýar. Ganyň garyndysyndan we ýatgynyň gatlagyndan ybarat bolup, her aý takmynan üç-sekiz gün aralygynda waginanyň (jynshana) üsti bilen boşadylýar we adatça bäş gün töweregi dowam edýär1. Iň agyr gan akma, adatça ilkinji iki günüň dowamynda ýüze çykýar we günleriň geçmegi bilen adatça ýeňilleşýär1. Aýbaşyňyzyň iň agyr geçýän wagty ganyň reňki gyzyl bolar. Ýeňil geçýän günlerinde, aýbaşy ganynyň reňki köplenç gülgene ýa-da goňur bolup biler. Menarheden soň, aýbaşy şahsa baglylykda 50 ýaşlara çenli 23-35 gün2 aralygynda dowam edýän bir aýlawda (sikl) takmynan aýda bir gezek ýüze çykýar3.

 

Aýbaşy ähli gyzlarda bolup geçýän tebigy ýagdaýdyr. Munuň her bir gyz tarapyndan garşy alynýan waka bolan ululyga (kämillige) ýakynlaşmagyň alamaty hökmünde kabul edilýändigini aýdyp bileris. Köp gyzlar üçin ilkinji aýbaşy garaşylmadyk bolup biler. Bedeninde näme bolup geçýändigini we näme üçin bolup geçýändigini bilmeýandikleri sebäpli, gyzlar üçin menarhe wakasy aljyraýjy/geň galdyrajty tejribe bolup biler gorkunç we çylşyrmly wagt bolup biler. Şeýle-de bolsa, bu ýagdaý töweregiňizdäki ähli aýallaryň, şol sanda ejeňiziň we uly uýalaryňyzyň, aýal garyndaşlaryňyzyň we aýal goňşularyňyzyň başdan geçiren adaty ýagdaýy, şonuň üçin arkaýyn boluň.

 

  1. Aýbaşyny başdan geçirmek nahili duýgy?

Aýbaşy döwründe dürli adamlar dürli fiziki üýtgeşiklikleri başdan geçirip bilerler. Bu üýtgeşmeler garyn agyrysyny, döş mäzlerinde agrylary, ukusyzlygy, agramyň ýokarlanmagyny, kelleagyryny ýa-da ýadaw duýmaklygy öz içine alyp biler. Bu täsirler, bedeniň aýbaşy aýlawyna gatnaşýan aýal gormonlary diýilýän ýörite maddalar sebäpli ýüze çykýar4. Bu üýtgeşmeleriň kesel däldigini, ýöne käbir gyzlar üçin oňaýsyz bolup biljekdigini bellemelidiris. Agrynyň derejesi gyza baglylykda ep-esli üýtgäp biler we bir aýdan beýleki aýa hem üýtgäp biler5. Burgy agyrynyň köpüsi garnyň aşaky böleginde emele gelip biler, sebäbi ýatgyňyz özüniň gatlagyny çykarmaga kömek etmek üçin gysylýar4. Bu agyry, adatça gysga gezelenç etmek, her gije ýeterlik uky almak, köp suw içmek bilen bedeniňi suwly saklamak, garnyňy ýyly saklamak arkaly ýeňilleşdirilip bilner5. Ýeňil, agyry aýyrýan dermanlary ulanýan bolsaňyz, mekdep lukmanlaryndan ýa-da maşgalaňyzdaky uly ýaşly agzadan maslahat soramagyňyzy haýyş edýäris.  

 

Şeýle-de bolsa, käwagt käbir gyzlarda aýbaşy döwründe azaply agyry ýa-da dörtden bir ýa-da has uly ölçegde lagtaly ýa-da lagtasyz aşa köp gan döreýär, şeýle hem bejergini talap edýän adaty däl alamatlar bolmagy mümkin bolan duýdansyz aýbaşy aýlawyndaky üýtgeşmeler bolýar6. Alamatlar mekdebe gatnamaga ýa-da jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmaga päsgel berip biljek derejede agyr bolsa, geňeşmek üçin hassahana lukmanyna ýüz tutmak maslahat berilýär. Alamatlary nädip ýeňletmelidigi barada görkezme berip bilerler. Aýbaşyny başdan geçirýän aýal ömrüniň dowamynda üç ýyldan sekiz ýyla çenli wagtyny aýbaşyna sarp edip bilýär7. Şol sebäpli, ähli gyzlaryň özleriniň ömürlik saglygy, abadançylygy we bagty üçin bir aýalyň öz alamatlaryny nädip dolandyrýandygyny, erk edýändigini we gözegçilikde saklaýandygyny bilmek möhümdir.

 

Käbir gyzlaryň utanmagy ýa-da bu alamatlary adaty hasaplamagy sebäpli aladalary barada lukmana ýa-da saglygy goraýyş hünärmenine ýüz tutmandygy habar berilýär8. Beýleki gyzlar, ol alamatlary ulaldýandyklaryny aýdan adamlar tarapyndan ruhdan düşürlendiklerini aýtdylar, bu bolsa olaryň zerur kömek soramakda ikirjiňlenmeklerine sebäp boldy9. Şeýle-de bolsa, her bir gyz degişli kömegi bermeli we aýbaşy aýlawyňyzda kynçylyk çekýän bolsaňyz, kömek soramaga we zerur goldawy almaga hakyňyz bardyr. Ýagny, utanç sebäpli ýekelikde çydajak bolup olary gizlemäň we haçanda aýbaşy alamatlaryňyzyň adaty däldigini duýanyňyzda lukmana ýüz tutmak arkaly kömek soraň. Gyzlaryň töweregindäki adamlar, aýbaşy döwrüni başyndan geçirýän kömege mätäç gyzlary açyk ýüreklilik bilen kabul etmeli we ýardamjy bolamydyrlar.

 

  1. Menarhe - ilkinji aýbaşy haçan geler?

Siziň we joralaryňyzyň boýlarynyň we agramlarynyň tapawutly bolşy ýaly, aýbaşy hem her bir gyz üçin tapawutly bolýar. Käbirlerinde aýbaşy ir başlanýar, käbirlerinde giç başlanýar. Joraňyz eýýäm ilkinji aýbaşy döwrüni başdan geçiren bolsa we sizde entäk gelmedik bolsa, çenden aşa alada etmegiň zerurlygy ýok. Arkaýyn boluň we garaşyň, sebäbi her bir gyzyň öz wagt tertibi bar. Adatça, gyzlar ilkinji aýbaşylaryny 9-15 ýaşaralygynda başdan geçirýärler10. Orta hasap bilen, gyzlaryň köpüsi 12 ýaşdan 13 ýaş aralygynda bu sepgitlere ýetýärler11. Ilkinji aýbaşyňyzyň başlajakdygyny görkezýän käbir alamatlar bar. Ilki bilen, bir gyz göwsi ösüp başlandan takmynan iki ýyl soň aýbaşyny görüp başlaýar12. Ikinjiden, gyzyň içki eşiklerinde görüp biljegi mukus ýaly suwuklygyň, waginal akymyň bolmagy12. Bu akym, adatça gyzyň ilkinji aýbaşy döwri bolmanka 6 aýdan bir ýyla çenli aralykda başlaýar12. Şeýle-de bolsa, ilkibaşda käbirleriniň aýbaşy aýlawlary kadasyz bolup biler, ýöne ahyrynda adatça aýda bir gezek bolýan kadaly bir aýlaw emele gelýär. Jynsy kämillik döwründe beden henizem ösmegini dowam etdirýär we ownuk-uşak fiziki meseleler, güýçli sport ýa-da bedenterbiýe hereketleri we stres sebäpli aýbaşy aňsatlyk bilen kadasyz ýagdaýa öwrülip biler. Şonuň üçin, aýbaşy aýlawynda azajyk bozulmalar sebäpli özüňizi aşa alada bilen meşgul etmegiňiziň zerurlygy ýok. Şeýle-de bolsa, ilkinji aýbaşyňyz 16 ýaşa çenli ýüze çykmasa, mümkin bolan esasy sebäpleri derňemek zerur bolup biler13. Mundan başga-da, aýbaşylaryňyz seýrek bolsa we üç aýdan gowrak wagt görmedik bolsaňyz, hassahana lukmanyna ýüz tutmak hem möhümdir14.

 

Aýbaşynyň başlaýyş görnüşi her şahs üçin tapawutly bolýar. Käwagt az mukdarda goýy reňkli aýbaşy gany ýa-da gan bilen garylan gülgüne akyp çykmalary görüp bilersiňiz (bu waginadan (jyns organyndan) we ýatgydan öýjükleriň we suwuklygyň birleşmegi bolup, waginany mikroblardan goramaga hyzmat edýär)12. Mundan başga-da, gyzyl aýbaşy ganyny görmegiňz mümkin. Bu alamatlaryň haýsydyr birini görseňiz, ilkinji aýbaşyny rahatlyk bilen dolandyryp bilmekleri üçin 10 ýaşyndan başlap aýbaşy desmallaryny öňünden taýýarlamak maslahat berilýär. Aýbaşysy başlan gyzlar şeýle hem, kimdir birine birden gerek bolsa ätiýaçlyk prokladkalary we matalary saklap, synplaryndaky joralaryna kömek edip biler5.

 

  1. Aýbaşydan nädip baş alyp çykmaly?

Aýbaşy döwrüňizde aýbaşy ganyny dolandyrmak üçin birnäçe çözgüt bar. Size laýyk usuly tapmak üçin käbir synaglar gerek bolup biler. Käbir gyzlar bir usula ýapyşýarlar, käbirleri dürli usullary gezekleşdirip ulanýarlar. Aýbaşylary ýaňy başlan gyzlaryň köpüsi ýelim zolaklary ulanylyp içki eşiklere dakylýan dürli ululykdaky we şekilli pagta prokladkalar bolan gigiýeniki desmallary ulanmagy saýlaýarlar. Bu desmallar günde bäş-alty gezek çalşylýar, adatça hajathana barlanda, ýöne agyr aýbaşy akymy bolan ýagdaýynda ýygy-ýygydan çaşylmagy zerur bolup biler. Mekdepdäki her sapakdan soň olary çalyşmak howpsuzdyr.

Desmallary ulanmazdan ozal we ulananyňyzdan soň hökman elleriňizi sabyn bilen ýuwmagyňyzy haýyş edýäris.  Ulanylan bir gezeklik desmallary talaba laýyk görnüşde bir gaba salyp, zibil taşlanýan gutulara taşlaň. Jyns agzalaryňyzda arassaçylygy saklamak üçin, waginanyň daşarky böleklerini her gün ýyly suw we sabyn bilen ýuwmagy ýatdan çykarmaň.  Waginanyň içinde öz-özüni arassalaýan beden agzasydygyny ýadyňyzdan çykarmaň.  Artykmaç ýuwmak ýa-da tämizleýji serişdeleri ulanmak arkaly waginanyň tebigy pH deňagramlylygyny üýtgetmekden gaça duruň16.

 

Ilkibaşda aýbaşyňyzyň döwründe eşikleriňiziň tegmil bilen hapalanmagy barada aladalanyp bilersiňiz, ýöne gigiýeniki desmallary ulanmak bu aladany aradan aýyrar. Mundan başga-da, gigiýeniki desmallar bilen bir hatarda gigýeniki içki geýimi ulanyp bilersiňiz. Käbir adamlar gigiýeniki desmallary satyn almakda özlerini oňaýsyz duýup bilerler, ýöne aýbaşy gelmegi gyzyň durmuşynyň tebigy bölegi, utanmagyň zerurlygy ýok. Aýbaşy görüp başlanyňyzdan soň, ululylaryň durmuşy üçin özüňizi taýýarlamak zerurdyr. Ejeň öň hemme zady seniň üçin çözýän bolsa, indi oňa ýoldaş bolup, saňa laýyk desmaly saýlamagyň wagty.

 

Aýbaşy döwründe gyzlar gan ýitirýärler we bu ganazlyga öwrülip bilýär. Ganazlyk ýadawlyk, baş aýlanmak, ýüregiň çalt urmagy we ünsi jemlemek ukybynyň peselmegi ýaly birnäçe alamatlara sebäp bolup biler, bu bolsa umumy saglygyňyza bildirmän täsir edýär15. Şeýle-de bolsa, hatda yetişkin zenanlar aýallar aýbaşy sebäpli gan azlyk ýagdaýynyň bardygyny bilenoklar. Aýal ugry saglygyňyzdan ýetginjeklik ýyllaryňyzdan başlap habarly bolmak we mümkin boldugyça öňüni almak üçin çäreleri görmek möhümdir, sebäbi aýal ugry saglygynyň ýaramaz bolmagy geljegiňize täsir eder, mysal üçin, durmuşa çykanyňyzda we çagalaryňyz bolanda. Ganazlygyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almak üçin noýba we gök önümler ýaly demire baý iýmitleri öz içine alýan deňagramly iýmitlenmäni berjaý etmek möhümdir15.

 

Aýbaşy bu kesel däl, garnyňyzda ýa-da arkaňyzda ýiti agyrylary başdan geçirmeseňiz ýa-da özüňizi erbet duýmasaňyz, hemişeki ýaly bedenterbiýe sapaklaryna we gurnak çärelerine gatnaşyp bilersiňiz. Aýbaşy, gyzyň durmuşynyň tebigy we sagdyn bölegi bolup, maşk etmek, wagtyny gowy geçirmek we durmuşdan lezzet almak ukybyna päsgel bermeýär.

 

  1. Aýbaşy döwründe gyzlara goldaw bermek oglanlara nähili oňyn täsir edýär?

 

Gyzlaryň jynsy kämillik döwründe aýbaşyny başdan geçriýändigi hakykatyna hormat goýmagy öwredilen oglan bolsaňyz, bu oňyn we manyly netijelere getirip biler. Şeýle-de bolsa, köp erkekleriň aýbaşy döwrüniň nämedigine, aýbaşy döwründe gyzyň bedeniniň nädip üýtgeýändigine we munuň näme üçin adatydygyna düşünmän ulalýandygy geň däldir. Käbir adamlar henizem aýbaşyny gizlin saklanmaly gadagan mowzuk we oglanlara aýdylmaly däl diýip hasaplap bilerler. Aýbaşy hadysasy ulalmagyň/kämillik rposessiniň adaty bir bölegidir. Käbir adamlar olar hakda köpçülikde gürleşmek islemezligi mümkin we muňa hem hormat goýulmalydyr. Şeýle-de bolsa, biz indi gyzlaryňam, oglanlaram ýetginjeklik döwründe bedeninde bolup geçýän üýtgeşmelere düşünýän we aýbaşy barada gürleşmegiň gadagan edilmän kabul edilýän täze döwürde ýaşaýarys. Oglan hökmünde dünýädäki ilatyň ýarysyna golaýynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna duýgudaşlygy ösdürmek üçin bilim we düşünje alyp bilersiňiz. Eger-de oglanlar durmuşlaryndaky zenanlaryň şol sanda geljekki ýoldaşlarynyň we çagalarynyň başdan geçirmelerine has gowy düşünip bilseler, geljekde aýallaryna we gyzlaryna doly duýgudaşlyk bildirip bilerler. Aýbaşy, gyzlar üçin ulalmagyň adaty bir bölegidir we bu proses ýüze çykanda özüni gorkuly duýýan jemgyýetinde bolmaly däldir.

 

Oglan bolsaňyz, aýbaşy hakda dogry maglumatlar bilen bu döwürde gyzlary goldamakda oýnaýan möhüm wezipäňizden habarly bolup bilersiňiz. Oglanlaryň aýbaşy hakda edinen täze bilimleri, gyz synpdaşlaryna we uýalaryna aýbaşy döwürlerini abraýly başdan geçirmäge kömek edýär. Şeýle-de bolsa, bilimiň ýoklugy oglanlary gyzlaryň üstünden gülmäge eltip biler, mysal üçin, desmallary mekdebe getirýän gyzlary görenlerinde ýa-da aýbaşy akymy tötänleýin mekdep eşiklerine çykanda. Synpda, oglan hökmünde, eşigini hapalan gyza kömek etmekden utanmazlygyňyz örän oňyn çemeleşme. Gyzlara hoşniýetli boluň we aýbaşy döwürlerinde olara goldaw beriň, sebäbi aýbaşy diňe gyzlaryň meselesi däl. Aýbaşy döwrüne bolan garaýyşlarynda gyzlaryň aýbaşysynyň gelmeginiň utanç däl-de, mertebäniň nyşany hasaplaýan täze nesliň döredilmegine goşant goşmagyň wagty geldi.

   

 

 

Reference

 

1 The Society of Obstetricians and Gynecologists of Canada. 2023. Menstrual Cycle Basics. Available from: https://www.yourperiod.ca/normal-periods/menstrual-cycle-basics/

 

2 National Health Services UK. 2023. Period. Available from: https://www.nhs.uk/conditions/periods/

 

3 World Health Organization. 2022. Menopause. Available from: https://www.who.int/news-room/fact-sheets/detail/menopause

 

4 Mayo Clinic. 2022. Menstrual cramps. Available from: https://www.mayoclinic.org/diseases-conditions/menstrual-cramps/symptom…

 

5 UNICEF. 2019. Period lesson plan: guide to menstruation for teachers.

Available from: https://www.unicef.org/rosa/stories/period-lesson-plan-guide-menstruation-teachers

 

6 U.S. Department of Health and Human Services, OASH Office on Women's Health. 2021. Period problems. Available from: https://www.womenshealth.gov/menstrual-cycle/period-problems

 

7 UNFPA. 2022. Menstruation and human rights – Frequently asked questions. Available from: https://www.unfpa.org/menstruationfaq

 

8 Seear K. The etiquette of endometriosis: stigmatization, menstrual concealment and the diagnostic delay. Social science & medicine. 2009 Oct 1;69(8):1220-7.

 

9 Agarwal SK, Chapron C, Giudice LC, Laufer MR, Leyland N, Missmer SA, Singh SS, Taylor HS. Clinical diagnosis of endometriosis: a call to action. American journal of obstetrics and gynecology. 2019 Apr 1;220(4):354-e1.

 

10 Center for Young Women’s Health. 2022. Menstrual Period: General Information. Available from: https://youngwomenshealth.org/guides/menstrual-periods/

 

11 Department of HEALTH, State Government of Victoria, Australia. 2022. Better Health Cannel. Menstrual cycle. Available from: https://www.betterhealth.vic.gov.au/health/conditionsandtreatments/menstrual-cycle

 

12 Nemours Children’s Health. Teens Health. 2018. All about Period. Available from: https://kidshealth.org/en/teens/menstruation.html

 

13 National Health Services UK. 2022. Health for Teens. PERIODS: JUST THE FACTS. Available from : https://www.healthforteens.co.uk/growing-up/puberty/periods-just-the-facts/

 

14 Department of HEALTH, State Government of Victoria, Australia. 2022. Better Health Cannel. Absent periods-amenorrhea. Available from: https://www.betterhealth.vic.gov.au/health/conditionsandtreatments/menstruation-amenorrhoea 

 

15 World Health Organization.2023. Fact sheets, Anemia. Available from: https://www.who.int/news-room/fact-sheets/detail/anaemia

 

16 Centers for Disease Control and Prevention. 2023. Menstrual Hygiene. Available from :  https://www.cdc.gov/hygiene/personal-hygiene/menstrual.html

 

Related Content