Aýbaşynyň başlanmagy - daşy pyşyrdap aýdylýan her hili gep-gürrüňlerden doly we syr bilen örtülen geçiş ýagdaýydyr. Gyzlaryň birnäçesi bu hadysa bilen baglya uludan-uly aladalary başdan geçirýärler. Ýene birnäçesi bolsa onuň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu ýerde siziň dykgatyňyza gyzlaryň aýbaşysy bile bagly ýedi sany umumy soraga jogaplar getirilen.
Name üçin sizde aýbaşy bolýar? Aslynda nämeler bolup geçýär?
Görüm görme döwründe siziň bedeniňizde her hili özgerişler bolup geçýär. Bularyň hemmesiniň bolup geçmegini mümkin edýän gormonlardyr. Tä aýbaşyňyz başlanýança gijelerine gormonlaryň işlenip goýberilmegi dowam edýär. Olar san taýdan barha artýar we aňrybaş mukdara ýetirilýär. Gormonlaryň artyp, ýokary derejä ýetmegi bilen aýal jyns mäzinde erkeklik jyns öýjükleri ösüp, kemala gelýär. Her aýda erkeklik jyns öýjükleriniň biri siziň ýatgy turbaňyza düşýär. Muňa owulýasiýa diýilýär. Erkeklik jyns öýjügi turbadan ýatga düşýär. Şu hadysalar bolup geçýänçä siziň ýatgyňyzyň diwarlary ganyň gelip durmagy netijesinde barha galňaýar, ýagny erkeklik jyns öýjüginiň spermatozoid tarapyndan tohumlandyrylmagyna garaşyp durma ýagdaýynda bolýar. Eger wagt nukdaýnazaryndan bu hadysalar amatly pursatda bolup geçýän bolsa, onda erkeklik jyns öýjügi bilen spermatozoid birigýär we tohumlandyrylan erkeklik jyns öýjügi ýatgynyň nemli bardasyna berk ýapyşýar. Şeýlelik bilen göwrelilik başlanýar. Tohumlandyrylan erkeklik jyns öýjügi bolmasa, ýatgynyň galňan diwarynyň peýdasy ýokdur. Hut su sebäpden hem ol jyns agzalarynyň agzyndan gan bilen bile çykýar. Şunluk bilen siziň aýbaşyňyz başlanýar we her aý gaýtalanýar. Kä halatlarda sizde her aýda gaty köp ganym gidýär diýen pikir döremegi mümkin. Emma her gezek biliňiz açylan 2-7 günüň dowamynda ýitirýän ganyňyz diňe birnäçe nahar çemçesine barabardyr. Emma siz aşa köp gan gidýär ýa-da aýbaşyňyz adaty bolmalysyndan uzak dowam edýär diýen pikirde bolsaňyz, onda lukmanyňyza ýüz tutuň.
Siziň aýbaşyňyz haçan başlanar?
Aýbaşynyň başlanmagy üçin ortaça ýaş 12 bolup durýar, emma gyzlaryň aglabasynda ol irräk, birnäçesinde bolsa gijräk başlanýar. Haçanda siziň göwsüňiz ýaňy bir ulalyp başlanda we çatyňyzda biraz tüý peýda bolanda, adatça şol döwürdäki ýaşyňyza iki ýyl goşsaňyz, alnan ýaş çak bilen aýbaşyňyzyň başlanmaly wagtyny görkezýär. Ýöne aýbaşyňyzyň kadaly häsiýete eýe bolmagy üçin ýene-de iki ýyl gerek bolar, çünki gormonlaryň işlenip çykarylmagy deň däldir. Ilki başda aýbaşy aýda bir gezek, soňky aýlarda bolsa birnäçe aýdan bir gezek bolýar. Şeýle-de bolsa, aýbaşyňyz kadaly esasda her aýda bolup durmasa-da, siz göwreli bolmak ukybyňyz bar. Gyzlaryň köpüsinde aýbaşylary edil ejeleriniňki ýaly şol bir ýaşda başlanýar. Şonuň üçin ejeňizden aýbaşysynyň haçan başlandygyny we onuň nähili geçendigini soraň. Eger-de siz 16 ýaşyňyzy dolduryp barýan bolsaňyz, aýbaşyňyz hem başlanmadyk bolsa, onda hökman lukmana ýüz tutmaly.
Siziň aýbaşyňyz näçe wagtlap dowam eder?
Gelin-gyzlaryň hersiniň aýbaşysy başgaça geçýär we biri-birinden tapawutlanýar . Ýöne adatça aýbaşy üç günden bäş güne çenli dowam edýär. Onuň birnäçe gün azrak ýa köpräk bolýandygyna garamazdan, ony kada laýyk hasaplap bolar.
Aýbaşyňyz dowam edýän günlerde sizde agyry ýüze çykýarmy?
Ýatgynyň galňan diwarjyklaryny ýeňletmek, ýagny onda üýşen gany bedeniňizden çykarmak maksady bilen ýatgy ýygrylanda sizde agyry döreýär. Emma bu agyrylara gyzlaryň hemmesi deň çydamaýar. Bu agyrylary aýyrmak üçin ejeň ýa-da uýaň bilen maslahatlaş. Eger agyryny kesiji derman içeniňizden we agyrynyň bar ýerine ýyly bir zat goýanyňyzdan soň hem kösenseňiz, onda öz lukmanyňyza ýüz tutuň.
Aýbaşyňyz siziň duýgylaryňyza täsir edermi?
Aýbaşysy dowam edip duran döwürlerde gyz-gelinleriň iňňirdegen, gözi ýaşly we umuman sustupes bolýandygy barada eşiden bolsaňyz gerek. Bu ýagday aýbaşyň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýüz berýän sindrom diýlip atlandyrylýar. Hut şu sindromyň we aýbaşynyň başlanmagyna sebäp bolýan zat hem şol bir gormonlardyr. Gyzlaryň birnäçesi aýbaşylarynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda bolup geçýän emosional özgerişleri duýýan bolsa, kä bir gyzlar bolsa asla duýmaýar. Bu sindrom aýbaşy döwründe bolup bilýän gaharjaňlyk, sustupeslik ýaly dürli-dürli psihologiki ýagdaýlary, ondan başga hem içiň ýellenmegi, süýt mäzleriniň agyrmasy ýa-da içiň gatamasy ýaly fiziki ýagdaýlar üçin ýüze çykýar. Eger sizde bu sindrom bar bolsa, siz hökman ukyňyzy almaly, kofeinly we gazly içgilerden gaça durmaly we düzüminde köp däl-de, az mukdarda natriý bolan azyk önümleri iýmäge çalyşmaly. Çünki duz hem köp gazlaryň üýşmegine alyp barýar.
Siz taýýarmysyňyz?
Garaşylmadyk ýerden aýbaşyňyzyň başlanan ýagdaýynda muňa taýýar bolmak üçin göterýän torbaňyzda gigiýenik podkladka ýaly serişdeleri saklamak zyýan etmez. Aýbaşyňyzyň başlanan pursatyndan biraz wagt geçenden soň, onuň bilen bagly hiç hili syryň ýa-da aýbyň ýokdugyna göz ýetirersiňiz. Aýal maşgalanyň organizminiň işleýşiniň hut özi bir täsin tebigy gudratyň bir bölegidir.