Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Aşgabatda Halkara ýaşlar güni 2024: Sanly geljek ýaşlaryň elinde

Aşgabatda Halkara ýaşlar güni 2024: Sanly geljek ýaşlaryň elinde

News

Aşgabatda Halkara ýaşlar güni 2024: Sanly geljek ýaşlaryň elinde

calendar_today 13 August 2024

Participants on scene for group photo
© UNFPA Turkmenistan | Muhammet Kadyrov | 2024

Ýer ýüzündäki her bir ikinji adamyň 30 ýaşdan kiçi ýaşlardygyny bilýärdiňizmi? 2030-njy ýyla çenli bolsa bu görkezijiniň 57%-e ýetmegine garaşylýar.* Bu nesil trendlardan habardar bolup, üýtgeşmeler bilen aýakdaş gidýän we öz durmuşyny internetsiz hem-de gadjetsiz göz öňüne getirmeýän nesildir. Her ýylyň 12-nji awgustynda bellenilýän Halkara ýaşlar gününiň hem bu ýylky temasynyň “Ýaşlaryň durnukly ösüşe sanly ýollary” diýip saýlanylmagy ýöne ýere däldir.

2022-nji ýylda 15 ýaşdan 24 ýaşa çenli ýaşlaryň dörtden üçüsiniň internet ulanýandygy hasaba alyndy. Bu görkeziji beýleki ýaş toparlarynyňka garanyňda has ýokary.* Ýaşlar sanly dünýäniň hakyky pionerleri bolup, täze tehnologiýalary aňsatlyk bilen özleşdirýärler hem-de olary pikirlerini beýan etmekde, aragatnaşykda we bilim almakda ulanýarlar. Ýaşlar täze kontentleri döredýärler, täze işleriň başyny başlaýarlar we öz daşky gurşawlaryny üýtgedýärler.

Emma ýaşlaryň uly mümkinçiliklerine garamazdan, global derejede aýdylanynda tehnologiýalar hemmeler üçin elýeterli däl. Sanly mümkinçilikleriň elýeterliligindäki deňsizlikleriň gender tarapy hem bar. Bütin dünýade internet aýallara garanyňda erkekler üçin has elýeter - aýallaryň 63%, erkekleriň 69% internetden peýdalanýar. Edil şonuň ýaly sanly başarnyklary öwrenmekde hem deňsizlikler bar: ýetginjek gyzlar we ýaş zenanlaryň sanly başarnyklary erkekleriňkä garanyňda çäkli.*

Hut şonuň üçin hem Aşgabatda Halkara ýaşlar gününe bagyşlanyp geçirilen çäräniň ähmiýeti uly. Bu çäre bu deňsizlikleri aradan aýyrmak üçin habardarlylygy artdyrmaga, gender deňligi meselelerini we inklýuziwliligi öňe sürmäge, ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga, hususan-da gyzlaryň sanly ulgamdaky mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilip geçirildi. Bu çäre BMG-nyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde gurnalyp, oňa 100 golaý ýaşlar, şol sanda maýyplygy bolan ýaşlar hem gatnaşdylar. Çäräniň hut ýaşlaryň özleriniň işjeň gatnaşmagynda gurnalandygyny bellemek zerur.

Çäre maýyplygy bolan zehinli ýaşlaryň ruhlandyryjy çykyşlary bilen başlady. Elçin Gulamow saz guralynda saz çaldy, Şabibi Osmanowa bolsa gatnaşyjylarda täsir galdyryjy şygyr okady.

Ýaş blogger Abdyrahym Agajykow özüniň mediýa we sanly sowatlylyk baradaky çykyşy bilen çäräni dowam etdi. Onuň çykyşy çära gatnaşyjylara onlaýn dünýäniň aýratynlyklaryny öwrenmäge we hakykat bilen ýalany tapawutlandyrmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle-de ol sosial torlary jogapkärçilikli ulanmak we bu ulgamda gender deňligi we birek-birege sylaşyk ýaly gymmatlyklary saklamalydygyny nygtady. Ýaşlar hem öz gezeginde sosial torlarda gender etikasynyň, hemmeler üçin howpsuz we sylaşykly sanly gurşawy döretmegiň ähmiýeti barada öwrendiler.

Gender deňligi we sport barada geçirilen wiktorina çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ýaşlar soraglara höweslilik bilen jogap berip, özleriniň gender barada bilimleri bilen sportda we jemgyýetde gender stereotiplerini aradan aýyryp bolýandygyny görkezdiler. Bu wiktorina gender deňligi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma öwrüldi.

Çärede howpsuz we inklýusiw sanly geljege aýratyn üns berilip, “Hemmeler üçin howpsuz we sagdyn sanly geljek” atly tegelek stoluň sahnalaşdyrylmasy geçirildi. Onuň çäklerinde kiber howpsuzlyk, şahsy maglumatlary goramak, tehnologiýalardan dogry peýdalanmak we sanly hyzmatlaryň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň we Türkmenistanyň gimnastika federasiýasynyň gimnastikaçylarynyň çykyşy günüň iň şowhunly pursatyna öwrüldi. Hemmäniň gatnaşmagynda geçirilen fleşmob bolsa örän joşgunly boldy. 

Aşgabatda geçirilen Halkara ýaşlar gününe bagyşlanan çäre diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem inklýuziw we durnukly geljegi gurmak üçin möhüm ädim boldy. Geljekde bolsa tehnologiýalar we maglumatlar her bir ýaş adam üçin deň derejede elýeterli bolmaly, ýaşlaryň hem öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga we jemgyýetiň ösüşine goşant goşup bilmeli.

* BMG-nyň Ykdysady we jemgyýetçilik meseleleri boýunça departamenti (UNDESA)