Hem gündelik durmuşda, hem sosial mediýada gürrüňlerimiz alyşýan we düşünjelerimiz gabat gelýän dost-ýarlarmyzy sylamak gaty aňsat.
Emma bizden tapawutlanýan kişini sylamagy we onuñ mertebesine hormat goýmagy kyn görýäris.d Bize garanyňda üýtgeşik görünýän, pikirlenýän, ýaşaýan, duýýan, hereket edýän we biziň adaty hasaplaýan zatlarymyzdan tapawutly bolanlara nähili garaýarys?
UNFPA we hyzmatdaşlar jemgyýetimizde we sosial ulgamlarda çydamlylygy, mertebäni, sylagy we deňligi öňe sürmek maksady bilen “Biz dürli. Biz deň” atly sanly ulgam kampaniýasyny başladýar. Kampaniýa 2021-nji ýylyn 25 Noýabrynda başlap 2022-nji ýylyň 11 Iýul aralygynda dowam eder.
UNFPA BMG-niň ähli guramalary bilen birlikde bu kampaniýany 16 Gün Işjeňlik bilen başlap, kampaniýanyň dowamynda: 25-nji noýabrda, 3-nji dekabrda we 10-njy dekabrda Zoom onlaýn platformasy arkaly Hukuk, Deňlik we Inklýuziýa barada gürrüňdeşlik geçirer.
25-nji noýabr - “Ýaşlar söhbetdeşligi: Hukuk, Deňlik we Inklýuziýa” barada 16 Gün Işjeňlik, şeýle-de UNFPA “Biz dürli. Biz deň.” kampaniýasynyň resmi açylyşyna goşulyň. [Tertibi]
3-nji dekabr - Halkara maýyplar güni - “Inklýuziw jemgyýetlere kuwwat bermek we giňeltmek” atly ýaşlar söhbetine goşulyň. [Tertibi]
10-njy dekabr - Halkara adam hukuklary güni, "Deň hukukly jemgyýetde ygtyýarlylyk we gatnaşyk" atly ýaşlar söhbetine goşulyň. [Tertibi]
Kampaniýanyň çäginde geçirilen Ýaşlar Söhbetdeşligiň wideo ýazgylary:
- Kampaniýanyň açylşy we 16 Gün Işjeňlik Hereketi
- Inklýuziw jemgyýetlere kuwwat bermek we giňeltmek
- Deň hukukly jemgyýetde ygtyýarlylyk we gatnaşyk
Kampaniýanyň çägindäki söhbetdeşlikler: