Ählimiziň bir dünýäde ýaşaýandygymyza garamazdan, her bir adam maglumaty özüçe kabul edýär. Kimdir biri daş töweregi gurşap alýan ýaz möwsümi barada gürrüň edip, reňkleriň ýagty öwüşginlerini ýatlasa, kimdir birleri dag ýaňyny ýaňlanyşyny, käbirleri bolsa – otlaryň ýumşaklygyny ýatlar. Şeýdip hem biziň kabul edişimizde tapawutlyklar ýüze çykýar.
Maglumaty eşidiş arkaly oňat kabul edýänler audial diýlip atlandyrylýar. Şekiller we sudurlar wizuallaryň aňynda oňat ýatda galýar. Kinestetikler bolsa dürli hereketleriň we duýgularyň (galtaşmalaryň, yslaryň we ş.m.) üsti bilen dünýä akyl ýetirýärler.
Kabul edişiň ýene-de bir ýaýlymy bar — digital ýa-da diskret. Bu usula laýyklykda, maglumat logikanyň, akyl ýetirişiň we seljermäniň kömegi bilen kabul edilýär. Bu usuldan azda-kände ähli adamlar hem peýdalanýar, ýöne bu usuly hem kähalatlarda «diskret» atly aýratyn kategoriýa bölýärler.
Möhüm!: Bu hilli bölünişigiň şertlidigine düşünmek gerek. Arassa bir görnüş bolmaýar, bizde elmydama kabul edişiň 4 görnüşi hem utgaşýar. Ýöne maglumaty kabul etmekde esasy ýaýlymy ýüze çykarsak, onda okamak we täze zatlary özleşdirmek işi ýeňil bolar.
Audial
«Bir gulagyndan girip, beýlekisinden çykyp gitdi» diýen aýtgy size tanyşmy? Bu audiallara degişli däldir. Olaryň eşiden zatlary ýadynda uzak wagtlap galyp, gaýtadan işleniler we özleşdiriler, logiki netijelere we gipotezalara öwrüler.
Audial gürlemegi we diňlemegi halaýar, ol detallara aşa üns berýär, öý işlerini eden wagtynda meseläniň çözgütlerini köplenç samyrdap işleýär. Hatda partadaşy bilen gürrüňdeşlige gümra ýaly görünse-de, mugallymyň sapakda aýdýan zatlaryny ünsli diňleýär we eşidýär.
Ses — ine, audial üçin maglumaty kabul etmegiň esasy çeşmesi. Ol «eşidýän», «sesler», «aýdýaryn», «dymýaryn», «gaty», «ýuwaş» ýaly sözleri köp ulanýar.
Audial nädip kämilleşip biler?
Möhüm! Arassa bir görnüş bolmaýar, hut şonuň üçin hem maslahatlar umumydyr we bilim bermegiň beýleki usullary bilen utgaşdyrylmalydyr.
Kabul edişiň audial görnüşi bolan adamlaryň kämilleşmeginde aragatnaşyk etmek — okalan kitaplary maslahatlaşmak, audio-kitaphanalara ýazylmak, şol sanda okuw kitaplary bilen baglylykda, wideo-leksiýalar, täzelikler bolan podkastlar çagalygyndan möhüm orun eýeleýär. Hatda «sarafan radiosy» (haryt barada sarp edijiniň sarp edijä dil üsti bilen aýdýan maglumaty geçirmegiň resmi däl görnüşi we usuly) hem şeýledir.
Mekdepde ýa-da okuw kurslarynda audiallar uly bolmadyk toparlarda taýýarlanmagy gowy görýärler — şeýle ýagdaýda olar galmagala ünsüni bölmän ýeňil özleşdirip bilýärler. Mugallym hem her öwrenijä we onuň bilen gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga ýeterlik wagt sarp edip bilýär.
Daşary ýurt dillerini olar ýeňillik bilen özleşdirýärler, çünki dil öwretmeklik gepleşik tejribesi esasynda gurnalandyr. Edebiýat, taryh, beýleki ynsanperwer ylymlar — bu dersleri audiallar artykmaç güýç sarp etmän, uly lezzet bilen özleşdirýärler.
Emma ähli sesler olaryň aňynda ornaşmaýar. Monoton leksiýalar hatda audialyň hem aňynda galmaz. Äheň bermek we zerur detallary säginme arkaly belli etmek möhümdir.
Möhüm! Bu ýagdaýda diktofon — audial üçin peýdaly serişdedir. Düşündirişi ýa-da çözüwi ýazgydan gaýta-gaýta diňläp bolýar.
Ýa-da bilim bermegiň beýleki serişdelerini ulanmaly, çünki öň belläp geçişimiz ýaly, kabul edişiň arassa görnüşi bolmaýar.
Wizual
Möhüm! Arassa bir görnüş bolmaýar, hut şonuň üçin hem maslahatlar umumydyr we bilim bermegiň beýleki usullary bilen utgaşdyrylmalydyr.
Siz kimdir biriniň: «görýärin, seredýärin, ýagty, aýdyň, garaňky» ýaly sözleri ulananyny eşitdiňizmi? Şeýle adamlaryň maglumaty esasy kabul ediş çeşmesi — görüşdir. Kabul edişiň wizual görnüşine eýe bolan adamlar suratlardan, grafikalardan, shemalardan, tekstiň bölünen parçalaryndan, plakatlardan we ş.m.-den ybarat bolan maglumaty oňat ýatda saklaýarlar.
Olaryň barmaklarynyň motorikasy ösen bolýar, görüş ýady we fantaziýasy oňat bolýar. Emma dilüsti düşündirişleri olar elmydama birbada kabul edip bilmeýärler, gaýtadan soramaly bolýar.
Wizuallaryň okuw torbalarynda adatça «köp reňkler» duş gelýär — açyk reňkli penal we reňki bilen tapawutlanýan ruçkalar, depderlerde mowzuklar iri hem owadanlap ýazylan, möhüm detallar marker bilen aýratynlandyrylan, sözlere derek köp sanly shemalar we tablisalar bar. Okuw kitaplarynda hem diňe wizualyň öz düşünip biljek bellikleri köp duş gelýär. Şonda-da bu usul netijesini berýär.
Wizual nädip kämilleşip biler?
Okuwçy-wizuallar üçin mugallym düşündirýän zadyny okuw tagtasynda ýa-da shemalarda utgaşdyryp düşündirse oňat ýatda saklap bilýär. Şeýdip olar maglumaty kabul etmegiň eşidiş ýaýlymyny görüş bilen doldurýarlar.
Okuw işinde wizuallar üçin görüş oňaýlylygy – oňaýly ýagty ýer, kanselýariýa enjamlarynyň doly toplumy (skrepkalar, galamlar, markerler, blaknotlar) möhümdir. Olar stikerlerden, shemaly we suratly kartlardan peýdalanmagy, maketleri we öwrenmegi we shema çyzmagy gowy görýärler.
Kähalatlarda olar okuw bilen ugurdaş hem bir zatlar çyzýarlar. Şonuň üçin hem okuw ýylynyň ahyrynda wizuallar okuw kitaplaryny belliklerden, suratlardan we aýratynlandyrmalardan arassalap çykmaly bolýarlar. Bu ýagdaýda öz hususy okuw kitabyňy satyn almak ýa-da bellenilen sahypalardan möhüm abzaslary göçürip alar ýaly bloknotdan peýdalanmak usulyny ulanyp bolar.
Kinestetik
«Kinestetik» «praktik» bilen deň diýen ýalydyr. Ol ähli zada galtaşasy, ysgap göresi, synanyşyp, ulanyp göresi gelýär. Şeýle adamlar daşky dünýäni ählitaraplaýyn öwrenmek isleýär. Çagalykda olaryň oýnawaçlary uzaga çekmeýär — olar derrew olary böleklere bölüp başlaýarlar.
Mekdepde kinestetik amaly sapaklary gowy görýär — ol okuw materiallaryna galtaşmagy, gurmagy, toplamagy ýa-da tersine böleklere bölmegi halaýar.
Kinestetik nädip kämilleşip biler?
Hereketlilik — bu möhüm. Diňe okap ýa diňläp sapagy geçirmek kinestetige kyn. Sapagyň netijeli bolmagy üçin oňa amaly materiallar gerek — göwrümli oýnawaçlar, haýwanlaryň şekiljikleri, daşlaryň we minerallaryň toplumy, globus we beýlekiler.
«Iş ýüzünde» bilimleri toplamak üçin göwrümli suratlary bolan «janly» kitaplar, sergilere, haýwanat bagyna, muzeýlere baryp görmeklik — kinestetigiň materialy özleşdirmegi üçin iň gowy usuldyr.
Oturyp ýerine ýetirilýän ýumuşlary hereketli işler bilen gezekleşdirmeli.
Kinestetikleriň nerw-dokuma ýady oňat ösendir. «Awtomatlaşdyrma çenli ýetirmek» diýen aýtgy hut şular üçin ýerine düşendir. Kähalatlarda uzak wagtlap düşündirmeklige derek, olara ýatda saklamasy kyn bolan sözi birnäçe gezek gaýtalap ýazmak ýeterlik bolýar.
Diskret
Maglumaty kabul edişiň esasy ýaýlymlarynyň üç sanydygyna garamazdan, adam durmuş tejribesini dört usul arkaly özleşdirýär. Dördünji — digital ýaýlym — bu sanlar we sözler bilen bagly içki monologdyr.
Diskretler (ýa-da digitallar) duýgularyny beýan etmek, duýgular barada gürleşmek, suratlary çeper gürrüň bermek we ş.m. üçin uýgunlaşan däldirler. Bu görnüşdäki adamlar, ilkinji nobatda, logika, mana we funksionallyga ýöriteleşendir.
Diskret bilen gürrüňdeş bolnanda, ol köp zatlary bilýär we ondan hem has köp zatlary bilmäge, akyl ýetirmäge, düşünmäge we ýerbe-ýer etmäge ymtylýandygy anyklanylýar. Olaryň paýhaslylygy kähalatlarda sowuk-salalyk ýala görnüp bilner, ýöne köplenç olar aşa duýguçyl we ynjyk bolýarlar.
Bu görnüşiň wekilleriniň arasynda küştçüler, programmistler, şeýle hem alymlar we ylmy barlagçylar köp. Olar köplenç: «Näme üçin?», «Manysy näme?», «Hany, bärde logika?» diýip soraýarlar, «Seljerip görmeli», «Diýmek, inkär etmek usulyna laýyklykda...» ýaly jümleleri peýdalanýarlar.
Diskret nädip kämilleşip biler?
Diskretlere hemme zady öwrenmek ýaraýar. Olar alyp bolýan ähli ýerden maglumat alýarlar: kitaplardan, filmlerden, leksiýalardan, hekaýalarda. Emma alnan maglumatlaryň ählisi hakykylyk babatda barlagdan geçirilýär, çeşmeler düýpli öwrenilýär we ygtybarlysy saýlanyp alynýar.
Diskret islendik ýagdaýda maglumaty «logika laýyk – laýyk däl» formatda kabul edýär. Olar bilen diňe logiki netijeleri çykaryp aragatnaşyk edip bolar, statistiki maglumatlar bilen berkidilse hem kem bolmaz.
Hasaplamaklaryna görä, kabul edişiň digital ýaýlymy hemmelere mahsus bolup, beýleki ýaýlymlar bilen ugurdaş ösýär.
Öz maglumaty kabul ediş usulyňy nädip anyklamaly?
Kabul edişiň görnüşini kesgitlemek we nädip aňsat okap boljakdygyna düşünmek üçin S.Ýefremsewiň 48 sany kyn bolmadyk soragyna jogap berip, «Audial, wizual, kinestetik» testi çözmeklik ýardam edip biler.
GEÇIŞ
Her birimiziň duýgy organlarymyzda esasy biri öňdebaryjy bolýar. Bu organ beýlekilere garanda, signallara we daşky gyjyndyryjylara has tiz hem ýygy-ýygydan seslenýär.
Emma haýsy usula degişliligimize garamazdan, ählitaraplaýyn kämilleşmek zerurdyr.
Kabul edişiň arassa görnüşiniň bolmaýandygyny ýatda saklamalydyrys. Biz köplenç birbada iki görnüşden hem peýdalanýarys, üçünji we dördünji görnüşleri bolsa, maglumat ýetmezçilik edende ýörite herekete getirýäris. Şu mynasybetli laýyk gelýän duýgy organyndan peýdalanyp, biz ol ýa-da beýleki maglumaty oňat ýatda saklaýarys.
Ine, hut şonuň üçin hem, öňdebaryjy kabul ediş ýaýlymyňyzy anyklasaňyz hem, olaryň hemmesini kämilleşdirmäge çalşyň. Okuwda üstünlik, aragatnaşyk edip bilmeklik siziň ählitaraplaýyn ösüşiňize baglydyr.