Go Back Go Back
Go Back Go Back

Ene-atalar üçin — çagalar hem-de dyrnak gemirmek endigini aýyrmak barada

Ene-atalar üçin — çagalar hem-de dyrnak gemirmek endigini aýyrmak barada

News

Ene-atalar üçin — çagalar hem-de dyrnak gemirmek endigini aýyrmak barada

calendar_today 25 November 2021

Dyrnaklaryňy gemirmek — bu dürli ýaşdaky adamlarda duş gelýän ýaramaz endikdir. Emma köplenç bu endik çagalykdan gözbaş alyp, newrotiki bozulmalara esaslanyp bilýär. Şunuň netijesinde köp sanly adamlar bu ýaramaz endikden ulalansoňlar hem ejir çekýärler. Wagtyň geçmegi bilen ol endige öwrülýär we dyrnagyny gemirýän adam muňa asla aň etmeýär. Ene-atalar çagalaryny bu endikden nädip goramaly?

Tiz usullar barada

Dyrnagyňyz gemirmek endiginden dynmagyň tiz we uniwersal usullary ýok. Çünki adamlaryň her biri indiwidualdyr. Birine laýyk gelýän usul beýlekisine bolmaýar. Biz siziň üçin dyrnak gemirmek endiginden dynmak üçin iň ýörgünli usullary topladyk. Ýokarda beýan edilen usullaryň islendigi ýa-da olary utgaşdyryp ulanmaklyk ýetginjege-de, uly ýaşla-da dyrnak gemirmek endiginden dynmaga kömek eder. Iň esasy zat, öz-özüňe ynanmak we özüňe erk edip bilmekdir. Sagdyn hem gözel boluň!

Saglyk barada

Dyrnagyňy gemirmek ýaly ownuk zadyň saglygyňa global derejede zyýan ýetirip biljekdigine her bir ýetginjek ynanyp duranok. Maksimalizm. Emma hut eller — adamyň bedeniniň iň hapa bölegidir. Günüň dowamynda biz dürli adamlaryň ellän müňlerçe ýerlerine galtaşýarys. Şol adamlaryň içinde dürli kesellileri hem bolmagy ahmal. Olaryň içinde stomatitler, tonzillitler, faringitler, intoksikasiýa döremeli gelmintler (soguljan), aşgazan-içege trakt keselliler we mundan beýläkki agyr keseller bar. Galyberse-de, soguljanlar immun ulgamy gowşadýar. Bu bolsa bar bolan hroniki keselleriň beterleşmegine getirýär.

Gözellik barada

Döwük-döwük hem-de etine çenli gädilen dyrnaklar göze gelüwli däl. Ynanaýyň, ýetginjekler muňa aňryýany bilen düşünýär. Emma köplenç olar töweregindäkileriň eline känbir üns bermeýärler. Ýetginjege öz owadan dyrnaklaryňyzy görkezseňiz, bilelikde oturyp klasdaşlaryňyz bilen düşen suratlaryňyzy synlasaňyz, ondan dostlaryňyzdyr joralaryňyzyň dyrnaklaryna üns bermegini sorasaňyz bolar. Köplenç ýagdaýlarda görkezip tassyklamaklygyň özi «ynamsyzlygy» aradan aýyrýar, ýetginjek ýaramaz görnüşi göz öňüne getirip, bilkastlaýyn öz-özüni bu hereketden saklaýar.

Gürleşip görüň

Hemme zat gürleşmekden başlanýar. Eger-de ýetginjek çagaňyz dyrnagyny gemirýän bolsa, belki ol dartgynly ýagdaýdadyr we üýşen duýgularyny daşyna çykarmak isleýändir. Munuň sebäpleri — tamasy çykmazlykdan, dartgynlylykdan, ýekelikden, birahatlykdan we tukatlykdan başlap dürli-dürli bolup biler. Kähalatlar - ha meseläni ýüze çykarmak üçin ýörite bilimli hünärmeniň kömegi zerur bolup biler.Ýöne çagaňyz bilen aragatnaşygy ýola goýmazdan, meselä aňry - ýany bilen baha berip bilmersiňiz. Eger - de mesele psihologik ugurdan bolman, dyrnak gemirmek ýöne bir ýaramaz endik bolsa, onda çaga birnäçe möhüm zatlary düşündirmeli: Möhüm! Ýetginjek ýaşda çagalar ulularyň maslahatlaryny o diýen ynandyryjy kabul etmeýärler. Diňe bir söhbet etmek bilen çäklenmän, aýdylanlary hereketler bilen berkitmeli — görelde görkezmeli.