Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

News

Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

calendar_today 01 October 2021

Bu teksti okamak üçin Siz 7 minutdan köp wagt sarp etmersiňiz. Ulaldykça ýetginjekler gyzyklanmalarynyň çägini, işjeňlik ugurlaryny giňeldýärler we çagalar üçin gün tertibiniň çägi olar üçin daralýar. Naharlanmak kadaly bolmaýar, uka az wagt sarp edilýär, mekdepdäki ýumuşlar bolsa barha artmak bilen bolýar. Ýetginjekler bu döwürde nädip sagdynlygyny hem işjeňligini saklap galmaly? Munda size oýlanyşykly işlenilip düzülen gün tertibi kömege geler. Oňa köp zat baglydyr: çaganyň şähdi, saglygy, sazlaşykly ösüşi we boý almagy, fiziki işjeňligi, okuwy.

 

Ähli zat gürrüňdeşlikden başlanýar

Ýetginjegiň özüni gönüden göni gatnaşdyrmazdan onuň işjeňlik hem dynç alyş döwürlerini kesgitlejek bolmak peýdasyzdyr. Iň gowy bolanda, siziň hoş meýilleriňiz diňlenilmän galar. Iň ýaramazy — ähli zat tersine ýerine ýetiriler. Ýetginjegiň eýýäm ýaşy ýeten, hormat-sylag talap edýän şahsyýetdigini unutmaly däl. Çagaňyz bilen gürleşiň. Onuň ýagdaýlary bilen, mekdepdäki we gurnaklardaky öý işleri bilen gyzyklanyň, onuň gyzyklanmalary hakynda köpräk biliň, onuň gün tertibini ýeňletmegiň üstünde bile işlemegi teklip ediň.

 

Öý işlerini haçan ýerine ýetirmeli?

Ilkinji nobatda, siz bilelikde işjeňlik bilen erkin wagtyň biri-birini gezekleşdirip durjak — işiň dynç alyş bilen, öý işleriniň — güýmenjeler bilen çalşyp durjak gün tertibini düzmeli. Mekdepde okuwlar tamamlanan badyna çagany dessine öýe getirip, öý işlerini ýerine ýetirtmäge howlukmaly däl. Mümkinçilik bolsa, goý, ol deň-duşlary ýa-da siziň bilen pyýada gezim etsin. Mysal üçin, öýüňiz golaý bolsa, mekdepden öýe çenli. Ýa-da jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmaly bolsa, birnäçe duralga ýöräp bolar. Şol geçilen wagtda ýetginjek şol gün bolup geçen wakalary siziň bilen paýlaşar we toplanan dartgynlylygyny daşyna çykarar. Öýde ýetginjege dynç beriň, diňe oňa-da däl. Gündizlerine diňe çagalar bagyndaky körpeler ýatýar diýen hyýaly toslama ynanmaň — gündizki dynç körpelere hem, uly ýaşlylara hem zerurdyr. Bir ýarym, iki sagat gündizki uky işjeňligi ep-esli dikelder we täze işlere täze güýç bilen başlamaga ýardam eder.

 

Sapaklary nähili ýerine ýetirmeli?

Her 30 minutdan arakesme almak arkaly üç sagatdan uzak bolmaly däl! Bu neneňsi hyýaly eşidilýän hem bolsa, çaga meseleleri çözmek we gönükmeleri göçürmek bilen näçe köp we näçe yhlasly meşgullanýan bolsa, şonça-da ol öý işlerini ýerine ýetirmek üçin köp wagt sarp eder. Her 30 minutdan 5-7 minutlyk arakesmeler, aýratyn hem işjeň arakesmeler, mysal üçin, uly bolmadyk tans maşklary ýetginjegiň işe ukyplylygyny ýokarlandyrar we ony indiki ýumşy ýerine ýetirmäge ruhlandyrar. Iň esasy zat — arakesmeler uzaga çekmeli däl, ýogsam, öý işleriniň ýerine ýetirilmegi agşama we gijä galar, bu ýagdaýda bolsa, irden ýadawlykdan gaçyp gutulyp bolmaz. Ýeri gelende, öý işlerini aňsat sapaklardan başlamaly. Olary çözmekden ruhlanan çaga has kyn meseleleri çözüp biler, galyberse-de, soň olara dynç alyş wagtyny sarp etmek gerek bolmaz.

 

Öý işlerini ýerine ýetirenden soňra — şahsy wagt

Ine, sapaklar ýerine ýetirildi, ýalňyşlar düzedildi, ýetginjegiň şahsy wagty peýda bolýar. Ol ony islän zadyna sarp edip biler. Gör, näçe mümkinçilik! Ýetginjegiň kompýuteriň ýa-da telewizoryň öňünde galmagyna ýol bermäň — ol eýýäm depdere ýazgylaryny ýazyp, oturma kemini goýmady. Iň gowusy, ony gezelenç etmäge goýbermek. Işjeň gezelenç, deň-duşlary bilen gepleşmek, gönüden-göni ata-ene gözegçiliginiň ýoklugy — ine, nesilleriň ähli tapgyry şeýdip kemala gelipdir. Ýa-da bolmasa, işjeň sport bilen meşgullanmak barada aladalanmaly we ýetginjegi haýsy hem bolsa bir sport seksiýasyna bermeli. Eger-de tutuş günüňizi işde geçirip, çagaňyzy diňe agşamlaryna görýän bolsaňyz, saýlan sportuňyz bilen bile meşgullansaňyz hem bolar. Ýa-da tersine, eger ata-enesi tutuş gün öýde bolup, onuň bilen gürrüňdeş bolmak üçin başga wagt bar bolsa, goý, ýeke özi gatnasyn. Möhüm! Ýetginjegiň dolanyp geljek wagtyny öňünden gürleşiň ± ýarym sagat ýoluna we dostlary bilen hoşlaşmagyna. «22:00-da öýde bol, ýeke minut hem eglenme!» ýaly berk talap — bu haçan hem bolsa, bir gün bozular. Şonuň üçin çaga gaýgylanmaga esas bermäň.

 

Sport hakynda:

Ýetginjeklik döwründe fiziki işjeňlik örän möhümdir. Hut şu döwürde ýürek-damar ulgamy we daýanç-hereket apparaty gutarnykly emele gelýär, türgenleşýär we taplanýar. Muňa garamazdan, ýetginjekleriň işjeňligi kadalaşdyrylmalydyr. Çagalaryň we ýetginjekleriň ululara garanyňda az çydamlylygyny we uzak dowamly türgenleşiklere ýaramaýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir. Ýetginjekler sportuň umumy berkidiji görnüşlerine has köp üns bermeli — suwda ýüzmek, ylgamak, göreş, welosipedde gezelenç etmek. Bu sport görnüşleri ösýän bedene oňaýly täsir edýär. Eger-de çaga geljekde sportuň başga bir görnüşine gyzyklanma bildirse, ol eýýäm oňa fiziki taýdan taýýar bolar. Bu görnüşleriň düýpli artykmaçlyklarynyň ýene-de biri, suwda ýüzmek, ylgamak, göreş ýa-da welosiped bilen islendik ýaşda — 7 ýaşda hem, 17 ýaşda hem meşgullanyp başlap bolar. Möhüm! Täze başlan türgenleriň ähli türgenleşikleri tejribeli tälimçiniň göz astynda geçmeli. Ösüp barýan ýetginjek organizme düşýän agram çäkli bolmalydyr. Meşhur türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň ählisi çagalara laýyk gelenok. Ol görnüşlere soňlugy bilen, has uly ýaşda bedeniňi umumy maşklar bilen berkidip, taplanyňdan soň geçip bolar.

 

Uklamaga taýýarlyk görmäge wagt

Günüň ahyrynda bedene güýjüni dikeltmek gerek. Ýetginjege ukusyny almagy we irden özüni täze başdangeçirmelere taýýar duýmagy üçin ortaça 8-9 sagat kadaly uky gerek. Şonuň üçin hem ol 23:00-dan giç ýatmaly däl. Bu bir ýönekeý matematiki amal — mekdepde sapaklar 9-da başlaýar, diýmek, ýuwunmak, ertirlik edinmek we irdenki ýol dykynlaryndan geçip mekdebe barmak üçin 7:30-8:00-da oýanmaly. Eger-de sapaklar has ir başlanýan bolsa, onda oýanmaly wagt hem öňe süýşýär. Ýöne dostlaryň doglan güne üýşende, telewizorda onuň öňden görmek isleýän ajaýyp bir filmi görkezilende, garaz, ol heniz ýadamadyk we islemedik wagty 23:00-dan gijä galman uklamak bilen hemme ýetginjek ylalaşyp durmaz. Goý, lukmanlar çuň uky hem nerw ulgamyň dikelmegi üçin iň oňat wagt 22:00-dan 2:00 diýseler diýibersinler. Möhüm! Diňe bir kadaly iýmitlenmek endigi däl, eýsem, dogry uklamak endigi hem çagalykdan öwredilýär. Nähilidir bir däp oýlap tapyň. Çagaňyz bilen bir bulgur kefir içiň, erteki okaň, siziň bilen şol gün näme bolup geçendigi hakynda gürleşiň, bile wakalary düzüň. Eger-de ir ýaşlardan çaga bu hereketleriň uka getirýändigine öwrenişse, onda onuň bedeni hem awtomatik ýagdaýda herekete geler. Ukudan öň otagy ýelejiretmeli, geýimleriňi çalyşmaly we smartfonyňy aýryp goýmaly. Ertir täze gün başlanýar, ukyňy alyp bilmän, ony sypdyrmaly däl. Ýetginjekler — eýýäm çaga däl, ýöne ulularyň ýüküni çekerden olara heniz ir. Öz çagaňyzyň gün tertibini kadalaşdyrmaga ýardam etmek bilen siz onuň diňe bir tutuş işjeňligini dogry kadalaşdyrmak we onuň saglygy üçin howpy peseltmek bilen çäklenmän, eýsem, birek-birege hem ýakyn bolarsyňyz.