Go Back Go Back
Go Back Go Back

GEÇIŞ DÖWRI: ÝETGINJEKLERE DÜŞÜNMEGIŇ ÝOLY

GEÇIŞ DÖWRI: ÝETGINJEKLERE DÜŞÜNMEGIŇ ÝOLY

News

GEÇIŞ DÖWRI: ÝETGINJEKLERE DÜŞÜNMEGIŇ ÝOLY

calendar_today 02 June 2025

Geçiş döwri näme?
Geçiş döwri näme?

Geçiş döwri näme?

Geçiş döwri adamyň durmuşynyň iň wajyp döwrüdir. Sebäbi bu döwürde esasy çözgüt şahsyýetiň  diňe özüne bagly. Geçiş döwri nähili geçse, köplenç ýagdaýda galan ömri hem şoňa kybapdaş bolýar. Şonuň üçin şahsyýetiň dogry ugur almagy ýa-da dogry hereket etmegi üçin daşyndan hökman ýardam bermeli. 

Bu döwür, bedeniň ulalyp, fiziologik taýdan ýetişen halata geçýän döwrüdür. Bu döwür gyzlarda 8–13 ýaş, oglanlarda bolsa 9–14 ýaş aralygynda başlaýar.

Bu döwürde bedende gormon üýtgeşmeleri başlaýar we olar diňe bir fiziki däl, eýsem psihologik we emosional taýdan hem uly täsir edýär.

 

Fiziki we psihologiki üýtgeşmeler

1. Fiziologiki üýtgeşmeler:

  • Gyzlarda: göwüsleriň ösmegi, aýbaşynyň başlamagy, beden gurluşynyň üýtgemegi;
  • Oglanlarda: sesiň ýognamagy, muskullaryň ösüşi, tohumyň öndürilmegi;
  • Iki jynsda-da: deriniň ýaglanmagy, tüýleriň ösmegi, bedeniň yslanmagy.

 

2. Psihologik we emosional üýtgeşmeler:

  • Öz-özüne baha bermekde durnuksyzlyk;
  • Özüni tanamak islegi;
  • Baglylygyň, garaşsyzlygyň we ýalňyzlygyň arasynda azaşmak;
  • Duýgularda ýygy-ýygydan üýtgeşmeler (howsalalyk, gaharjaňlyk, çekinjeňlik, utanjaňlyk).

 

Ene-atalar we mugallymlar nähili çemeleşmeli?

1. Açyk aragatnaşyk

Ene-atalar we mugallymlar ýetginjek bilen mylaýym we açyk aragatnaşyk saklamalydyr. Soraglaryna jogap bermekden gaça durmazdan, olary utandyrmazdan maglumat bermek möhümdir.

2. Sabyrlylyk we düşünişmek

Ýetginjekleriň duýgulary durnuksyz bolýar. Şonuň üçin olaryň hereketlerine sabyr bilen garamak we olary ýazgarmakdan saklanmak gerek.

3. Maglumat bilen üpjün etmek

Geçiş döwrüniň näme üçin we nähili bolup geçýändigi barada ýaşlara dogry we ylmy taýdan esaslandyrylan maglumat bermek, olaryň öz bedeni we duýgulary bilen aragatnaşyk gurmagyna kömek edýär.

4. Psihologik goldaw

Mekdeplerde psiholog bilen söhbetleşmäge mümkinçilik döretmek, ýetginjekleriň ýüzbe-ýüz bolýan duýgularyny açyk gürrüň bermegine şert döredýär.

5. Maşgala goldawy

Maşgalanyň goldawy ýetginjegiň özüni ygtybarly we ýalňyz duýmazlygyna şert döredýär. Bu döwürde olaryň özüni tanamagy üçin maşgalanyň sabyrly we giň gözýetimli bolmagy möhüm.

 

Netije

Geçiş döwri — çaga durmuşynyň iň möhüm basgançaklarynyň biridir. Bu döwürde ýaşlaryň özüni tanamagy, jemgyýetde orun almagy, fiziki we psihologik taýdan ösüşi bolup geçýär. Ene-atalaryň we mugallymlaryň bu döwre düşünjeli çemeleşmegi ýetginjegiň sagdyn, öz ynamly we güýçli şahsyýet hökmünde ösmegine uly goşant goşar.

 

Çeşmeler:

WHO: Adolescent health

https://www.researchgate.net/publication/277935210_The_Amazing_Teen_Brain Scientific American, 312(6), 32-37.

https://www.laurencesteinberg.com/books/age-of-opportunity