Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Gyzlar üçin: Saglyk we gigiýena

Gyzlar üçin: Saglyk we gigiýena

News

Gyzlar üçin: Saglyk we gigiýena

calendar_today 11 March 2022

Seniň teniň her gün bir garaşylmadyk täsinlik görkezýär: sen hemişe bolşuňdan köp derleýäň, saçyň birden ýagly bolýar, goňak peýda bolýar. Alada edip oturma, seniň ýaşyňda bu adaty bolmaly ýagdaýdyr. Edil häzir seň üçin bar ünsüňi öz bedeniň gigiýenasyna bermek möhümdir. Esasy maksat - deriň arassaçylygyny üpjün etmek. Her gün suwa düşmek, has gowusy akyp duran duşyň aşagynda; Wannadan soň hökman arassa suw bilen ýa-da duşuň aşagynda ýuwunmak gerek; Her gün goltugasty oýtumlaryňy ýuwmaly, we ösýän tüýleri syryp aýyrmaly, sebäbi der olarda saklanyp soňra üýtgeýär, bu bolsa özboluşly ysyň döremegine getirýär; Aýaklaryňy günde aram sowuk suwda ýuwmaly; Her gün joraplaryňy, kolgotkiňi, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiňi çalşyp durmaly; Seniň aýratyn diňe özüňe degişli daragyň, diş çotgaň, elsüpürgijiň, gaýçyň, eşigiň aşagyndan geýilýän geýimiň, aýakgabyň, dodak pomadaň, kellä geýilýän geýimiň, dezodorantyň, tüý syrmak üçin abzalyň bolmaly; Antiperspiranty/dezodaranty diňe arassa bedeniňe sepmeli.

 Düwürtikleriň döremegi adaty ýagdaýdyr

Seniň ýag çykarýan mäzleriň aşa işjeň bolýar we ýag bölüp çykarýar, olar bolsa deriň öýjüklerini petikleýär we düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar. Şol öýjüklere düşen bakteriýa çişme prosesi ýüze çykarýar we netijede düwürtikler döräp başlaýar. Düwürtikleriň döremegine başga zatlar hem sebäp bolup biler, olardan garyn-içege trakt keselleri; mysal üçin, disbakterioz, gastrit, ötde daşyň bolmagy. Şeýle-hem " gormonal düwürtikler" ady bilen belli endokrin sistemasynda disbalans.

 14 -18 ýaş aralykdaky ýetginjekleriň ýüzden 50%-de düwürtik bolýandyr.

Eger sen hut şu 50%-me düşen bolsaň, onda tizden-tiz biziň maslahatlarymyzy berjaý et ýa-da dermatolog lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat al! Iň möhüm we ýönekey düzgün - şahsy gigiýenany berjaý etmek. Ýüzüňi hökman günde azyndan iki gezek ýuwmaly; Ýüzüňi yuwulmadyk elleriň bilen ellemeli däl; Düwürtikleri sykyp çykarjak bolmaň, beýle etseň infeksiýa düşürmegiň ahmal; Ýörite deri üçin niýetlenen arassalaýjy salfetkalardan, çagalar üçin sabynlardan, düwürtiklere garşy losýonlardan peýdalanyp bilersiň; Iýmit möçberiňden ajy we öte süýji önümleri, gazlandyrylan içgileri aýyr. Eger düwürtik örgüni seni ynjalyksyzlandyrýan bolsa, hökman dermatolog- lukmanyňyzdan olary bejermek barada maslahat alyň.

 Haýsy düzgünler gyzlaryň saglygyny goramakda kömek edip bilerkä?

Içki sintetik geýimi we beter gysýan egin-eşigi, aýratyn-hem ýylyň yssy wagtynda geýme, olary diňe juda gerek bolanda geýip bilersiň. Şeýle eşik geýilende adaty howa aýlanyş bozulýar; Pagtadan we galyň däl matadan tikilen içki geýim çygy özüne gowy siňdirip, seni şol ýakymsyzlyklardan azat eder; Içki geýimi günde çalşyryp durmaly.

 Gyzlar üçin gizlin ýerleriniň gigiýenasynyň düzgünleri

Gizlin ýerleriňi irden we agşam ýuwmaly, öňünden bolsa gowy edip eliňi ýuwmaly; Ýuwanyňda arassa, ýyly, akar suw ulanmaly; Yzky täret deşiginden gizlin ýerleriňe infeksiýa düşürmez ýaly, elleriň hereketi we suwuň akymy öňden yza gönükdirilen bolmaly (hajathana kagyzyny ulanmak hereketi hem suňa meňzeş); Gizlin ýerleriňi ýuwanyňda diňe hut özüňe degişli bolan elsüpürgiç ulanmaly. Gizlin ýerleriňi ýumşak, gury, arassa elsüpürgiç bilen süpürmeli; Her gezek kiçi meýdandan soň, peşew damjalary aşaky geýimleriňe siňmez ýaly gizlin ýerleriňi hajathana kagyzy ýa-da kagyz salfetkasy bilen süpürmeli.

 Aýbaşy döwründe gigiýena

Aýbaşy döwründe, ýatgynyň içki ýüzi açyk ýarany ýada salýar, we mikroblar düşen ýagdaýynda ol dessine çişmä getirip biler, şonuň üçin şu döwürde gigiýena nukdaýnazardan gorag serişdelerini ulanmak zerurdyr - ginekolog lukmanyň maslahaty boýunça prokladkalar ýa-da tamponlar. "Dogry" ýa-da "nädogry" diýen gigiýena nukdaýnazardan gorag serişdeleri ýokdyr, sadaja sen özüňe has laýyk gelýän serişdäni saýlap bilersiň. Aýbaşy bolýan günlerde günüň dowamynda gizlin ýerleriňi ýygy-ýygydan ýuwup durmaly; Her gezek prokladkany ýa-da tampony çalşanyňdan öň we soň elleriňi ýuwmaly; Prokladkalary we tamponlary her 3-4 sagatdan çalyşmaly; Ulanylan prokladkany gowy edip daşyny dolap hapa atylýan bedrä atmaly; Ulanylan prokladkany hiç bir ýagdaýda unitaza atmaly däldir, sebäbi onuň ýerlagym ulgamy bitirmegi mümkin.

 Aýbaşy sikliň senenamasy

Ilkinji gezek aýbaşy başlandan aýbaşy sikliň senenamasyny ýöretmek talaba laýykdyr; Sen Android ýa-da IOS smartfon üçin ýörite programmany ýükläp bilersiň: Flo, Period Calendar, Bilim.

 Ýadyňda sakla!

Gigiýena düzgünleriniň bozulmagy sowuklama keselleriň döremegine getirýär we JÝAGI bilen kesellemek howpuny ýokarlandyrýar.