Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Gyzlyk näme?

Gyzlyk näme?

News

Gyzlyk näme?

calendar_today 08 April 2022

Gyzlyk näme?
Gyzlyk näme?

 

Gyzlyk (päkizelik) – adamyň (hem gyzyň, hem oglanyň) ilkinji jyns gatnaşygyndan öňki ýagdaýy. Gürrüň fiziki ýagdaý barada däl-de, jyns gatnaşyk ýaşamadyk durmuşy baradaky fakt.

 

Öl nähili ýüze çykýar? Nämä täsir edýär? Nädip barlamaly?

 

Üns beriň!- Jynsy gatnaşykdan saklanmak – kontrasepsiýanyň we JÝAGI-niň öňüni almagyň iň gowy usuly.

 

 

Erkekleriň päkizeligi

 

Erkeklerde gyzlygyň (päkizeligiň) hiç hili anatomiki alamaty bolanok – olaryň päkizeligini görkezýän hiç hili aýratyn gasyny ýa-da plýonkasy ýok.

 

Ol ýönekeýje ilkinji jynsy gatnaşygyndan soň päkize bolmagyny bes edýär. Bolany.

 

Üns beriň! Ilkinji jynsy gatnaşyklarynda hem kontrasepsiýa ulanmak wajyp – JÝAG infeksiýasynyň ýokuşma howpy bar. We ilkinji gatnaşykdan soň göwreli bolmak howpy hem onunjy gezekdäkiden pes däl.

 

 

Gyzlaryň gyzlygy

 

Zenanlarda gyzlyk perdesi, adatça içki we daşarky jyns agzalarynyň arasyndaky, waginanyň girelgesini ýapýan perdäniň barlygy bilen barlanýar. Ol hut bolşy ýaly “gyzlyk perdesi” ýa-da “gimen” (latynça “plýonka”) diýip atlandyrylýar.

 

Gimen wlagalişe ýoluny bölekleýin ýapýar, aýbaşy ganyň akmagy üçin bir ýa-da birnäçe deşijekli bolýar.

 

Üns beriň! Gyzlyk perdesiniň barlygy ýa-da ýoklugy hiç zady subut edenok. Gyzlyk perdesi (gimen) her bir gyzda aýratyn gurluşly bolýar. We käbir halatlarda jyns gatnaşyklaryndan soň hem saklanyp bilýär. Ýa-da dogabitdi düýbünden bolman hem bilýär (aplaziýa). Ýa-da çanaklygyň şikeslenmesi ýa-da beýleki fiziki güýç sebäpli ýyrtylyp bilýär.

 

Gimen elastik (çeýe) we gowy süýnýär.

 

 

Gyzlyk ýitirilen wagty hökman gan akmalymy?

 

Ýok.

 

Ilkinji jynsy gatnaşykda ähli zat çalt we düşnüksiz bolup geçýär. Iki çatynja hem bu prosesse taýýar däl bolup bilýär.

 

Şonuň üçin gimen şikeslenip bilýär. Şol sebäpden gan, agyryly duýgular we birahatlyk döräp bilýär. Eger çatynjalaryň ikisi hem taýýarlanan bolsa, howlukmasa, özüni we bir-biregi diňleýän bolsa, şikes bolman biler.

 

Köp zat gimeniň indiwidual aýratynlyklaryna bagly. Eger ol ýeterlik derejede çeýe bolsa, onda gan akman bilýär. Eger çeýe bolmasa, onda şikeslendirmezlik ýa-da gan akmagynyň öňüni alyp bolmaýar. Gyzyň isleginden, häsiýetinden we özüni alyp baryşyna hiç zat garaşly bolmaýar – gimen we onuň aýratynlyklary düwünçek heniz çaga ejäniň içinde wagty emele gelýär.

 

Şonuň üçin ilkinji jynsy gatnaşyklarynda gan görünip ýa-da görünmän bilýär. Ol päkizeliginiň alamaty däl.

 

Üns beriň! Ilkinji jynsy gatnaşykdan soň gan gülgünemtik ýa-da çala çyrşalyp durýan, we tiz wagtyn içinde geçen bolsa lukmana ýüz tutmak zerurlygy ýok. Emma gatnaşykdan soň suwuklygyň akmagy güýçli bolsa, gan akyşyna meňzese we bir günüň dowamynda bes etmedik bolsa, HÖKMANY suratda lukmana ýüz tutmaly.

 

 

Gyzlygy ýitirmek – agyrylymy?

 

Hemme zat jynsy gatnaşyga fiziki we emosional taýýarlyga bagly.

 

Agyry – haýsydyr bir zadyň bolmalysy ýaly däldiginiň, siziň gatnaşyga taýýar däldigiňizi aňladýar.

 

Agyra çydamaly däl! Haýsydyr bir pursatda (islendik) biynjalyklyk duýsaňyz, isleg bolmasa ýa-da gorksaňyz, jynsy gatnaşyga şol pursat bes etmeli.

 

Jynsy gatnaşykdan saklanmak – kontrasepsiýanyň we JÝAGI-den goranmagyň iň gowy görnüşi.

 

 

Gyzlygy dikeldip bolýarmy?

 

Gimeni diňe hirurgiýa usul bilen dikeldip bolýar. Operasiýanyň adyna gimenoplastika diýilýär.

 

 

NETIJE

 

Gyzlyk (päkizelik) – diňe bir fiziologiýa barada däl, ol fiziki hem-de emosional saglygyň baradaky idegdir. Birinji jynsy gatnaşyk söýýän, ynanýan we sizi islendik wagt goldap biljek adam bilen bolmaly.

 

Ilkinji gatnaşyk “gyzyklanýanyňyz”, “her kim şeýle edýär”, “saglyk üçin”, “wagty boldy” sebäplerden bolanda köplenç psihologiki we emosional şikeslere getirýär we soňra ýakymsyz ýatlamalary galdyrýär, sebäbi waka agyry, ýakymsyz we gorkuly duýgulary ýatladýar.

 

Fiziki ýakynlykdan öňürti emosional ýakynlygy ösdürmeli.