Ýetginjek döwürde ýetginjegiň kaka bolmagy gorkuzyjy we durmuşy düýpgöter üýtgediji waka. Ýetginjek-ejelerden tapawutlylykda göwrelilik we dogumdan soňky aladalar ýetginjek-kakalaryň paýyna düşmeýär.
Emma olar hem mekdepde okuwyny dowam edip, hem-de durmuşy üçin gazanç edip meňzeş kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Kanuny yzarlama
Ýetginjekleriň jynsy işjeňligi (18-19 ýaşyndaky ýaşlaryň özlerinden kiçi ýaşlylar bilen) kanuny tarapdan jogapkärçilige çekilýär. Tussag edilmek ýa-da suda çekilmek ýaş ýetginjegiň durmuşyna weýran ediji netije berip bilýär.
Stres, psihologiki trawma we jynsy gatnaşyk meselesi bolan jenaýatçy tagmasy ýetginjegiň durmuşyny ýykyp biler.
Mejbury nika
Köp halatlarda ýetginjek-kaka kanuny tarapdan jogapkärçilige çekilmezlik maksady bilen ýetginjek-ejäniň kanuny ýoldaşy bolýar. Mejbury nika köp halatda iki tarapa hem agyr bolýar, şeýle nikalar ikitaraplaýyn duýgusyz, hakyky doly maşgala emele getirmek üçin özensiz bolýar.
Mekdepdäki ýa-da institutdaky okuwyň kynçylygynyň, birek birek, ene-ata, dost-ýarlar we daşyny gurşaýan adamlar bilen emosional dartgynlygyň ýüzünde sazlaşykly maşgala gurmak hem kyn bolýar.
Pulsuzlyk
Ýetginjek çagany kabul etse, çaga we onuň ejesi bilen bagly ähli çykdaýjylary boýun alsa, ýetginjek-kaka ýowuz maliýe kynçylyklara uçrap biler.
Maşgalany möhüm bolan ähli zatlary bilen üpjün etmek we eklemek üçin iş tapmak zerur. Mekdebi tamamlaman beýle iş tapmak mümkin däl.
Çaga üçin töwkgelçilikleri
Ýaş eje we kakanyň göwreliligi arzylaýandygyna we bäbegiň dünýä inmegine garaşýandygyna garamazdan, beýle ýagdaý aşakdaky töwekgelçilikleri aradan aýyrmaýar:
- Düwünçegiň dogabitdi patalogiýasy (ene-atanyň ikisiniň hem bedeni doly ýetişmedigi sebäpli)
- Çaganyň wagtyndan ir dogulmagy
- Dem alyşy babatdaky ýetmezçiligi
- Bäbek ölüminiň has ýokary töwekgelçiligi
NETIJE
Ir kaka bolmak ýetginjegiň durmuşyna uly täsir ýetirýär. Ýokary jogapkarçilik, jemgyýetiň basyşy we kanuny jogapkärçilik hatda iň durnukly ýetginjege hem täsirini ýetirýär. Ýaş ene we çaga baradaky aladany boýun almak – beýle şertlerde saýlaw kyn, hemme ýetginjek-kaka muny boýun almagy başarmaz.
Hut şonuň üçin jynsy gatnaşyga başlamazdan ozal reproduktiw saglyk, kontraseptiwler we irki göwrelilik töwekgelçilikleri barada öwrenmeli.
Ýatda saklaň, gatnaşyk – iki adamyň jogapkärçiligi.