Go Back Go Back
Go Back Go Back

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriň barada başgalar bilen nähili gürleşmeli?

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriň barada başgalar bilen nähili gürleşmeli?

News

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriň barada başgalar bilen nähili gürleşmeli?

calendar_today 16 September 2021

Janyňa kast etmek barada pikirlenýän bolsaň, bu pikirleriňi kimdir biri bilen paýlaşmak zerur bolýar. Emma kämahal gerekli sözler kelläňden uçýar we adamlar saňa düşünmeýär. 

Nädip kömek soramaly we hut saňa näme zerurdygyny düşündirmeli?

 

Kim bilen gürleşmeli?

Ynanýan adamlaryňyzdan birini saýlaň: ene-ataň, garyndaşyň, dostuň, klasdaşyň, mugallymyň, molla, lukman, goňşyň. Ol adam diňe seniň sylaýan adamyň bolmasyn, eýsem ol adam hem seni sylaýan we seniň ýagdaýyňa düşünjek biri bolsun.

 

Näme aýtmaly?

Özüňiz barada gürrüň berýänligiňizi aýdyň. Pikirleriňi kelläňdäki boluşy ýaly gürrüň beriň. Janyňa kast etmegi meýilleşdiren bolsaň, ol barada gürrüň ber.

“Men indi çydamok” ýa-da “Men başaramok” ýaly pikirler gümürtik görünýär. Beýle sözlemler pikiriň hakykylygyny görkezmeýär. Ynanýan adamyňyza janyňa kast etmek isleýändigiňi gürrüň ber. Hut şeýle diý: “Men janyma kast etmek barada oýlanýaryn”.

 

Nädip aýtmaly?

Hakykaty aýt. Oýlanşykly aýt. Açyk aýt. 

Pikirleriň barada gürrüň bermegi başarmaýan bolsaň pikirleriňi ses ýazgysyna geçir ýa-da kagyzda beýan et, ýazgylaryňy ynanýan adamyňa ber. Ýa-da olara internet üsti bilen hat ýa-da sms ýolla, ol adam hatyňyzy okaýança ýanynda otur.

Şeýlelikde siz gönüden göni jogap alyp bilersiňiz. 

 

Düşünmeseler näme etmeli?

Siziň ýüz tutan birinji adamyňyz size düşünmedik bolsa, başga biri bilen gürleşiň ýa-da ynanç telefonyna jaň ediň (22-93-89). Ýakymsyz ilkinji tejribäňiz size hakykatdan hem kömek edip biljek adamy tapmagyňyza päsgel bermesin. 

 

NETIJE

Janyňa kast etmek baradaky pikirleriň hiç haçan sizi gününe goýmajak ýaly hem bolsa, bu beýle däl. Siziň emosional agyryňyz güýçli bolany üçin siz ony edil häzir ýeňip bileňzok. 

Emma bu “häzir” ertir siziň geçmişiňizde galar. Siz özüňizi täzeden gowy duýmaga başlarsyňyz. Ýagdaýdan başga çykalgalary täzeden görmegi başararsyň. 

Ýa-da çykalgany sizi söýýän we sizi alada edýän birisi görkezmegi başarar. Şeýle adamlar elmydama bar. Olar bilen gürleşiň.

Özüňizi aýaň. Siziň ömrüňiz – size berilen iň uly gymmatlyk.