Go Back Go Back
Go Back Go Back

Kaka bolmagy öwrenmelimi?

Kaka bolmagy öwrenmelimi?

News

Kaka bolmagy öwrenmelimi?

calendar_today 04 February 2022

Zenanlar çaga nähili seretmeli we ulaltmalydygyny başdan bilýärler diýen mif bar. Ol beýle däl. Gyz çagalar kiçilikden oýunlaryň üsti bilen “eje bolmagy” öwrenýän hem bolsalar, bäbegiň dünýä inmegi olary duýdansyz zatlar bilen ýüzleşdirýär.

 

Bäbegiň dünýä inmegi kakasy üçin hem haýrana goýujy bolup durýar. Olar kiçilikde muňa meňzeş oýunlary hem oýnamadylar. Şonuň üçin köp halatda kakalar bäbege tötänden şikes ýetirmezlik üçin ýanyna barmaga gorkýarlar.

 

Emma şol döwürde ejä kömek gerek. Şonuň üçin, kaka bolmagy öwrenip bolýarmy? Hawa!

 

Kaka bolmagy haçan öwrenmeli?

 

Islendik ýaşda kaka bolmagy öwrenip başlap bolýar. Ýanyňda ýakyn bolan zenan ejeň, uýaň, joraň) barada ýa-da bäbek (jigiň ýa-da ýegeniň) barada ideg edip başlamak üçin hökman kaka bolmaly däl.

 

Kaka bolmagy nädip öwrenmeli?

 

Kitap/internetden makala okap

 

Bagtly kaka we eje bolmagyň syrlaryny açyp berýän makaladyr kitaplary hemme ýerden tapyp bolýar. Öz işiniň ussatlary – terapewt lukmanlar, tejribeli maşgala lukmanlary we çaga psihologlary tarapyndan ýazylan ýa-da BSSG we iri halkara gözleg merkezleri tarapyndan tassyklanan ýa-da onuň maglumatlaryna esaslanýan işleri saýlap okaň.

 

Çagany öwrenmekden başlaman, onuň ejesini öwrenmekden başlamagy maslahat berýäris. Zenanyň göwrelilik döwründe bedeninde nähili prosesler bolup geçýär, olar nädip ýüze çykýar? Dogrum nähili bolup geçýär? Çaga dogulandan soň nähili kynçylyklar ýüze çykyp bilýär? Çaga dogulandan soň enäniň bedeni nähili üýtgeşmeleri başdan geçirýär? Bu soraglara bolan jogaplar zenanyň ýagdaýyny öwrenmäge we oňa nähili kömegiň gerekdigini bilmäge kömek edýär.

 

Tejribede

 

Bäbek bilen enäniň, ene bilen bäbegiň bagy güýçli bolýar. Sebäbi olar uzak wagtlap bir bitewi beden bolup ýaşadylar, we bäbek dogulandan soň hem emýänligi üçin bir-birine ýakyndan bagly bolup galýarlar.

 

Şol döwürde kaka öý işleriniň bir bölegini öz üstüne almak arkaly: arassaçylyk geçmek, nahar bişirmek (sargyt etmek), gerekli önümleri satyn almak ýaly işleri ýerine ýetirip ejä kömek edip biler.

 

Öl döwürde gündelik suwa düşmek, eşik çalyşmak, gezelenç etmek ýaly işlerde çaga üçin kakanyň ýakynynda we ýanynda bolmagy hem zerur. Şeýlelik bilen çaga iki sany uly we ony meňzeş söýgi bilen gurşaýanlaryň bardygyna düşünýär.

 

Çaga ulalyp başlandan soň onuň bilen işjeň arabaglanşyk gurmak gerek – hereketli oýunlary oýnamak, kitap okamak, surat çekmek, multfilmere tomaşa etmek. Kaka ol prosesde zerur – kakanyň çaga durmuşyna we onuň çaga güýmenjelerine bolan garaýşy ejäňkä garanyňda tapawutlanýar, şonda çaga dürli garaýyşlaryň bolup bilýändigini, iki pikiri kritika bilen kabul edip, özbaşdak täze pikir döretmegi öwrenýär.

 

Özüňi öwrenip

 

Özümiz üçin iň gowusyny islemeli. Şol sebäpden kakalar öz pikirlerini we duýgularyna içgin üns berip, özleri üçin çagalykda we häzirki wagtda näme isländiklerini pikirlenmeli.

 

Özüňe islän zadyňy çagaňa bermek – arzuwlaryňy we höwesleriňi paýlaşyp, onuň arzuwlaryny hasyl etmegi teklip berip bilersiňiz. Kiçijek adamyň bu teklipleriňiz bilen nähili gyzyklanýanyna üns berip, onuň nähili arzuwlarynyň bardygyny bilmäge çalyşsaňyz – ideal “kaka” bolmagyň ýoluna düşdüňiz hasaplap bilersiňiz.

 

Nämeden gaça durmaly?

 

Gowy kaka çagasyny bolşy ýaly kabul edýär. Ol çagasyny rahat, gulak asýan, ýakymly bolmagy üçin hut “häziriň özünde” buýrujy şekilde üýtgetjek bolanok. Ilki bilenä, çagany bir pursatda üýtgetmek mümkin däl. Käbir gylyklaryň we häsiýetleriň üýtgemegi – şeýle gylyklaryň sebäbini öwrenmegi, çaga bilen gürleşmegi, gaýtalamagy we höweslendirmegi talap edýän uzak proses.

 

Gowy kaka hemme zady ejäniň üstüne ýykmaýar. “Ejeňden sora”, “Ädigiň nirededigini ejeň bilýär”, “Ejeň näme diýidi?”. Eje – maşgaladaky ýeke ene-ata däl. Çagasynyň saglygy, öýde özüni alyp baryş kadalary (ýagdaýa laýyklykda onuň üýtgemek mümkinçilikleri), durmuş ýagdaýlary – mekdepde, okuw merkezlerde, howluda we başga ýerlerdäki ýagdaýy barada kaka ejeden az bilmeli däl.

 

Gowy kaka çeýe bolýar. Ol üýtgemäge, täze zatlary öwrenmäge (çaganyň terbiýesi, çaganyň özi), maşgala agzalaryny bolşy ýaly ähli meseleleri we begençleri bilen kabul etmäge taýýar bolýar. Ol dogry hasaplaýan bir pikirine baglanyp, beýleki ähli pikirlerini puja çykaryp, olardan dänip oturanok.

 

Gowy kaka özüne duýmaga ýol berýär. Ol robot däl, onuň emosiýalary bar – gorky, bagt, gahar, begenç, gynanç, minnetdarlyk we başgalar. Ol öz duýgularyny beýän edip bilýär we çagasyna hem şony öwredýär.

 

Gowy kaka aldanok. Ol bir ýere gitmegi söz beren bolsa – gidýär. Eger beren sözüni ýerine ýetirmäge hiç hili mümkinçiligi bolmasa, näme sebäpden ýerine ýetirip bilmeýändigini düşündirýär we ýerine başga birzatlary teklip berýär. Kämähal ony bulaşdyrýanyna ýa-da utandyrýanyna garamazdan, elmydama çagasynyň soraglarynyň ählisine dogry jogaplamana synanşýar.

 

NETIJE

 

Kaka bolmak hem aňsat, hem-de kyn. Gowy kaka bolmagyň ýeketäk formulasy ýok. Esasy zat – çaganyň ýanynda bolmak we ony durmuşynyň ähli tapgyrlarynda goldamak.