Go Back Go Back
Go Back Go Back

Men dümew barada  bilemok...

Men dümew barada  bilemok...

News

Men dümew barada  bilemok...

calendar_today 23 November 2021

Biz keseli “aýak üstünden” geçirmäge öwrenişipdiris. Göwnümize bolmasa dümew, angina, sowuklama durmuşymyza täsir etmejek ýaly, ýöne welin ýazylmadyk barlag işi ýa-da goýberilen iş güni welin iň ýaramaz görnüşde öz täsirini bildirer. Şonuň üçin hem möwsümleýin keseller döwründe örän köp toslamalar we ýalňyş pikirler bar. 

Aýratyn hem iň howply möwsümleýin kesel bolan dümew babatda  şeýle toslamalar has-da köp.

 

1-nji ýalňyşlyk: dümew — hiç hili gorkuly kesel däl

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG)  berýän maglumatlaryna görä, ýiti respirator ýokançly kesel (şeýle hem şoňa degişli bolan dümew) — dünýäde ýokanç keselleriň ýüze çykmasynyň 90% göterimini düzýär.

Dümewiň gaýra üzülmeleri hem giňden ýaýrandyr. Olar rinitler, sinusitler, otitler, ensefalitler, meningitler, ýürek-damar we nerw ulgamlarynyň gowşamalary we beýlekiler.

 

2-nji ýalňyşlyk: dümewi “aýak üstünden” geçirip bolýar

Endik bolan, ýöne örän ýaramaz tejribe — “aýak üstünde” keseli başdan geçirmeklik hemmelere tanyş bolsa gerek.  Her niçik-de bolsa, dümew babatda bu gynançly tamamlanyp biler: kesellemäniň ilkinji sagatlarynda temperatura 40 gradusa çenli  ýokarlanyp biler, ysgynsyzlyk ýagdaýy bolsa, özüňden gitmä çenli getirip biler, agyrylar (kelle, bokurdakda we myşsalarda) barada aýdylanda bolsa, sözüň göni manysynda tapdan düşürer.

Ýene-de bir zat — dümew örän ýokuşgandyr. Daş-töweregiňizde bolsa ol beýleki köp sanly kesellerden has agyr bolup biljek adamlar köp: göwreli zenanlar, hroniki ýürek keselliler, dem gysmalylar.  Olar üçin dümew bilen kesellemeklik agyr gaýra üzülmeleri almaklyga, kähalatlarda bolsa, aşa agyr netijelere getirip biler. Şeýlelikde, iň gowy çykalga — gutulýançaňyz öýde galmaklyk. 

 

3-nji ýalňyşlyk: dümew öz-özünden aýrylar

 “Eger-de dümewi bejerseň, ol bir hepdeden aýrylar, bejermeseň — 7 günden”, diýip halk arasynda aýdylýar. ÝOK! Gynansak-da, bu aýtgy hakykatdan diýseň uzakda.

Çünki dümewde keseliň 3-4-nji gününde ýüze çykyp biljek çylşyrymlaşmalar (mysal üçin, angina, pnewmaniýa we beýlekiler) bolar. Hut şol gaýra üzülmeler hem lukmanyň göz astynda bejergi almaklygyny  talap edýär. Dogry saýlanyp alnan bejergi köp sanly gaýra üzülmeleriň öňüni almaga mümkinçilik berer. Galyberse-de, keseliň özi hem ýeňil aýrylyp gider.

 

4-nji ýalňyşlyk: dümew hemişe birmeňzeş 

Ştammlar (dümewiň görnüşleri) çakdanaşa köp bolup, wiruslar elmydama özgerýär. Hut şonuň üçin hem dümewe garşy sanjym kampaniýasy ýygy-ýygydan geçirilýär — ýylda iki gezek, sanjymlar bolsa üznüksiz işlenip taýýarlanylýar. Çünki şu ýyl diňe bir wirusa garşy (ýa-da birnäçe görnüşine garşy) sanjym edilip bilner, eýýäm ýarym ýyldan bolsa täze — başgaça alamatly we gaýra üzülmeleri bolan wirus ýüze çykyp biler.

Şonuň üçin hem dümewe garşy sanjymy  wagtly-wagtyna etdirmeli.

 

5-nji ýalňyşlyk : öňüni alyş çäreleri netijesiz 

Biziň pikirimizçe,  keseliň öňüni almak üçin çykdajy çykaranyňdan, ony bejereniň aňsat ýaly. Ýöne bu beýle däl: sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak, dogry iýmitlenmek we keselden gaçmak has täsirlidir.

Bedenimiziň serişdeleri tükeniksiz däldir, netijede islendik adam keselden soň uzak wagtlap dikeldiş bejergisini geçip biler. Öňüni alyş çäreleri bolsa, bedeniň bu serişdelerini elmydama deňagramlylykda saklamaga ýardam edýär. Netijede beden keseli gyjyndyryjylara garşy keseliň başlangyç tapgyrlarynda netijeli göreş alyp barýar.

 

6-njy  ýalňyşlyk: dümew diňe howa-damja ýoly arkaly ýokuşyp bilýär

Wirus bölejikleri ýokary işjeňligini mümkin bolan hojalyk harytlarynyň ählisinde  (gapynyň tutawajynda, awtobusyň tutalgasynda, telefonlarda, klawiaturada, pullarda we ş.m.)  saklap galyp bilýär. Şol bir wagtda tekiz üstler (mysal üçin tutalgalar)    büdür-südür  üstlerden (ýumşak oýnawaçlar, matalar we ş.m.)  has howply.

Şonuň üçin hem  elleriňizi ýuwmak  we daş-töweregiňizi  arassalaşdyrmak hökmandyr ( iň bolmanda partany/ iş stolyny süpürmeli)

 

Netije

Dümew — bu 1500 ýyl bäri adamzada tanyş bolan, iň ýaýran keselleriň biri.  Şondan bäri dümew baradaky düşünjeler, onuň anyklanyşy we bejerilişi şeýlebir tiz-tizden üýtgeýär welin, köp adamlar oňa çynlakaý garamany hem bes etdiler. 

Her niçik-de bolsa, BSGG guramasynyň maglumatlaryna görä,  dümewiň epidemiýasy  her ýylda 3-5 million  agyr kesellemä  we 290-650 müň adam ölümine getirýär. 

Şonuň üçin hem eger-de özüňizi ýaramaz duýsaňyz hem-de özüňizde dümewiň ilkinji alamatlaryny görseňiz lukmana ýüz tutmany gaýra goýmaň. Dümew öz-özünden geçip gitmez we birgiden gaýrüzülmelere sebäp bolup biler.