Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?

News

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?

calendar_today 13 July 2022

Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?
Netiket: sosial ulgamlarda nädip we näme üçin mylakatly bolmaly?

Internet - aragatnaşyga we maglumata elýeterliligi üpjün edýän we durmuşymyzy aňsatlaşdyrýan ajaýyp guraldyr. Sosial ulgamlar aragatnaşyk üçin ajaýyp giňişlige öwrüldi, hem-de adamlara pikirlerini erkin beýan etmäge we beýlekiler bilen paýlaşmaga mümkinçilik berdi.

Ýöne käwagt internetde dürli kynçylyklar ýüze çykyp bilýär: sosial ulgamlarda ýazan, çap eden ýa-da repost eden hemme zatlaryňyz başgalara görünýär. Olaryň negatiw reaksiýasy durmuşyňyza, karýeraňyza we geljek üçin planlaryňyza oňaýsyz täsir ýetirip biler. Şonuň üçin emosiýaňyzyň täsiri bilen post döretmezden ýa-da kimdir biriniň ýazgysyny paýlaşmazdan ozal 10 gezek pikirlenmeli.

Netiketiň sosial ulgamlaryň ulanyjylaryny goramaga nähili kömek edýändigini bilelikde öwreneliň. Giň sanawa başlalyň:

 

"Netiket" näme?

Sosial mediýa edebi ýa-da internet etikasy (Iňl. InterNET + ETiquette = NETiquette) – gün-günden kämilleşýän, onlaýn hereketleri kadalaşdyrýan düzgünler toplumy. Oflaynda edepli boluşymyz ýaly, netiket mertebä, hormata we şahsy durmuşyň eldegirmesizligine gönükdirlen.

 

“Netikety” nädip durmuşa geçirmeli?

Twitter ulanyjysy netiketiň esasy düzgünini şeýle düşündirdi: "Internetde Dweýn"Skala"Jonsonyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňyzy ýazmaň."

Sosial ulgamlarda aragatnaşygy nädip ýakymly, ygtybarly we peýdaly edip bolar:

  • Başgalaryň hormatyny gazanmak üçin olara hormat goýmak möhümdir. Bu söhbetdeşlere we sizi yzarlaýanlara özlerini ähmiýetli duýmaga kömek edýär. Mysal üçin: “podpişşikler” däl-de, “gadyrly yzarlaýjylar”
  • Sosial ulgamdaky adam bilen aragatnaşyk gaharly äheňe geçse, jogap bermäge howlukmaň. Dynç alyň, telefondan daşlaşyň, köşeşiň, soňundan ökünip biljek zadyňyzy aýtmazlyk üçin başga bir zada ünsüňizi sowuň.
  • Esasanam diskussiýa mowzugy ýiti bolsa, hemmelere jogap bermek hökman däl. Pikirlerini dogry beýan edýän, ýöne başga bir pozisiýa eýeleýän birini saýlaň. Sizi gyzyklandyrýan meseläni onuň bilen (sypaýylyk bilen) ara alyp maslahatlaşyň. Beýleki ulanyjylar siziň gepleşikleriňizi görerler we özleri üçin peýdaly taparlar.
  • Sosial mediany gahary bildirmek üçin ulanmaň. Iň bärkisi gaharly pursatda ulanmaň. Köşeşiň, pikiriňizi jemläň, ýazan pikiriňizde aýdyňlygyň we kemsidilmeleriň bardygyny-ýokdugyny barlaň (siz şol ulgamda banlanmagyňyz ahmal) we diňe şondan soň jogaby köpçülige post ediň.
  • Spoýlerlerden daş duruň!
  • Bir zat barada maglumat berýän bolsaňyz, çeşmesini görkeziň.
  • Rugsadyňyz bolmasa, köpçülikleýin çärelerdäki adamlaryň suratlaryny paýlaşmaň. Rugsat soramak - bir minutdanam az wagt alýar: "*** ýerde bile düşen suratymyzy paýlaşmak mümkinmi?". Üstüňden arz şikaýat edilmezlik we halanan/baha berlen suratyň pozulmazlygy – iň gowy ýagdaý.
  • Suratyňyza laýk basylanyna we başgalaryň paýlaşyp bermegine minnetdarlyk bildiriň.
  • Teswir ýazanyňyzda gönümel boluň, mowzugy başga ýana çekmäň. Gürleşilýän temadan daşary gürleşilmeli mesele bar bolanlygynda – iň gowusy şahsy habarlaşylýan ýerden ýazyşyň. Belli bir postuň temasyny kommentariýalar bilen bulaşdyrmaň.
  • Köpçülikleýin forumlarda we teswirlerde adamlar bilen ýazyşanyňyzda gyssagly netije çykarmaň. Onlaýn we oflaýn aragatnaşygyň arasynda tapawut bar.
  • Internetde professional we şahsy durmuşyňyzyň arasynda araçäk saklaň. Iş profiliňizden, dükanyň ýa-da studiýanyň profilinden pişijeklere laýk (haladym/ýürek) goýup çykmaň. Başgaça, özüňize degişli bolan şahsy brendy onlaýnda kämilleşdirseňiz, onda islendik zada laýk (haladym/ýürek) goýup bilersiňiz, şeýle ýagdaýda iş profilyňyz şahsy durmuşyňyzyň bir bölegi bolup durýar.
  • Durmuşda gabatlaşan ähli adamlaryňyzyň internetdäki profiline ýazylmak zerur däl. Onuň ýerine, size gyzykly bolan, habarlaşýan we aragatnaşyk saklamak isleýän adamlaryňyzy yzarlaň.
  • Adamyň jynsynyň, gelip çykyşynyň, durmuş saýlawynyň we ş.m. esasynda tankytlamaň.
  • Kimdir birini kemsitmek, oňa söwmek üçin anonim profil ulanmaň. Elmydama özüňiz bolup galyň, maska arkasynda gizlenmäň.

 

Gaharlandyryjy gylyk-häsiýet

Sosial ulgamlarda bloklanmazlygyňyz üçin şulary etmeli däl:

  • Gereksiz postlarda, konkurslarda, ýaryşlarda ähli gabat gelen adamlary bellemäň.
  • Günde 3 postdan köp we ýüzlerçe gysga storisleri paýlaşmaň. Kontentyň sanyna däl-de, hiline üns beriň. Şahsy gürrüňleri diňe şahsy habarlaşmada saklaň.
  • Sosial media – pikirleriňi paýlaşyp bolýan ajaýyp ýer, emma durmuşyňyzyň her bir minudy barada ol ýerde gürrüň bermek gerek däl.
  • Postlara has köp üns çekmek maksady bilen aşa köp heşteg ulanmak gerekli däl. 10-a çenli ýeterli.
  • Kimdir birini kemsidiji postyň ýa-da suratyň aşagynda bir adamy bellik etmek – göwne degiji hereket.
  • Öz-özüňi repost edip, gaýtalap durmak.
  • Kimdir birini birugsat köpçülik çatyna ýa-da gruppasyna goşmak.
  • Kimdir birini saňa podpiska bolmagy üçin yzarlamak, soňam ol adamdan otpiska bolmak.
  • Awtoryny görkezmezden onuň awtor ýazgylaryny ogurlamak.
  • ÝAZGYNY ULY HARPLAR bilen ýazmak, şeýle harplar kimdir birine gygyrýan ýaly duýguny berýär.
  • Ýazgy post edilenden soň onuň tekstini üýtgedip, ilki başdaky manysyndan doly aýyrmak.

 

Gender duýgurlyk

Internetdäki gender rollary – wawwaly tema. Şu temada bir zady post etmezden, ýa-da başga biriniň postuny paýlaşmazdan ozal bu babatdaky öz pozisiýaňy kesgitlemek. Ýerliksiz belliklerden/özüňi alyp baryşdan we şol esasdaky ýakymsyz netijelerden gaça durmak üçin gender duýgurlygy zerur. Göniläp aýtsak, kabul ederli hereketleriň araçägini duýmak we bilmek zerur.

  • Bir jedeliň jynsy esasdaky kemsidilmelerine getirmäge ýol bermäň.
  • Gender belliklerine/stereotiplerine ýol bermäň.
  • Eger zenana onlaýn giňişliginde erkegiň bolmagy oňaýsyz bolsa (ýa-da tersine), ony gününe goýuň.
  • Sosial ulgamlarda aýalparaz/erkekparaz postlary öňe sürmäň, paýlaşmaň.
  • Jemgyýetçilik ýa-da hususy bir çärä gatnaşýan bolsaňyz, paýlaşmaga rugsadyňyz bolmazdan adamlaryň suratlaryny sosial mediýada paýlaşmaň - bu şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi.
  • Eger siz biriniň sahypasyna ýazylmaga rugsat soran bolsaňyz, garşydaky adam siziň haýyşyňyzy ret eden bolsa – gaýtadan ýazylmagy haýyş etmäň. Beýle hereket şol adamy yzarlajak bolýan ýaly duýgy döredýär.

 

Howpsyzlyk/Gizlinlik

Adamlar beýleki adamlar bilen habarlaşyp, dürli oýunlary oýnap, profillerine üýtgeşmeleri girizip we ş.m. bilen sosial mediýada köp wagt sarp edýärler. Şeýle-de bolsa, bu işiň erbet tarapy bar: howpsuzlyga üns bermezlik.

Howpsyzlyk we gizlinlik baradaky soraglar sosial ulgamlaryň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Hiç bir sosial ulgam ondaky bolup biljek meselelerden goralan däl. Yzarlanyş, şahsy maglumatlaryň ogurlanmagy, ýasama/galp suratlaryň ýaýradylmagy we sosial ulgamlar arkaly gorkuzmak/haýbat atmak ýaly dürli ýagdaýlar häli şindi bolup dur. Ýaşyna we jynsyna garamazdan her bir adam pidasy bolup bilýär.

Sosial ulgamlardaky howpsyzlyk temasyny ŞU ÝERDÄKI MAKALADA jikme-jik düşündirdik.

 

Sosial mediada jenaýatçylykly hereketler

Adamyň sosial mediada jenaýatçydygyny ýa-da berlen sosial roluna kän bir gabat gelmeýändigini nädip tapawutlandyrmaly?

Jenaýatçylykly hereket - beýleki adamlara fiziki, psihologiki, maddy ýa-da sosial taýdan zyýan berip biljek hereketlerdir. Şeýle hereket diňe bir başgalara hakyky zyýan ýetirmek bilen çäklenmän, jenaýatçynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine hem sebäp bolup biler. Hatda kanuny bilmezlik hem jenaýata çekilmezlik üçin bahana däldir. Şonuň üçin, banlanmazlyk we (has erbedi) haýsydyr bir kanuny bozmazlyk üçin sosial mediany işjeň ulanmaga başlamazdan ozal onuň düzgünlerini öwrenmeli.

Töhmet atmak, şahsyýetiňi galp ýa-da başga biri edip görkezmek, paýyş sözleri ulanmak, zorluga öjükdirmek, azar bermek we şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi çynlakaý zyýan ýetirip biljek hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner.

 

NETIJE

Sosial media biziň hakyky durmuşymyzyň dowamydyr. Şonuň üçin wirtual dünýäde hem gönüden-göni, dogry, sypaýy we oňyn gatnaşykda bolan adamlarymyz bilen gündelik durmuşdaky ýaly hereket etmegimiz gerek.