Uly ýaşly sada adamlaryň käbiri ýetginjek oglanlaryň sport bilen meşgullanmagynyň esasy sebäbini sagdynlyk hem gözellik diýip pikir edýärler. Emma oglanlar üçin islendik fiziki maşklarda iň esasy maksat — bedeniň berdaşly bolmagy we edermenligiň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegidir. Ýöne ýetginjek oglanlaryň sportuň görnüşini saýlamagyna «ideal» erkek adamsynyň daş keşbiniň nähili bolmalydygy babatda jemgyýetiň garaýşy täsir etmeli däldir. Netijäni we naýbaşy beden gurluşyny organizm ýeterlik taplanandan we ösenden soň hem gazanyp bolar. 20-25 ýaşa çenli aňrybaş presi we uly «bankalary» çykarjak bolmak saglygyňa zyýanly täsirleri ýetirip biler. Saglygyna zeper ýetirmezlik üçin, oglanlar haýsy sport bilen meşgullanmaly?
Möhüm! Ýetginjekler sport zallaryna özbaşdak gatnamaly däldir. Çünki güýç maşklaryna höweslenip, «demir çekip» başlamaklygyň ony özüne maýyl edip bilmek mümkinçiligi has ýokary bolýar. Heniz daýanç-hereket ediş organlary berkemänkä we ýürek-damar ulgamy ýeterlik kemala gelmänkä, bu hili maşklar tutuş ömrüňizi zaýalap biler. Iň gowusy sportuň nusgawy görnüşleri hakynda oýlanyp görüň. Tälimçiniň gözegçiligi astynda siz oňat netijeleri gazanyp, bedeniňizi has uly ýaşlarda agram toplamaga taýýarlap bilersiňiz.
Söweş sungaty
Söweş sungaty — ähli ýaşdaky oglanlar üçin tüýs ýerine düşjek sport görnüşi. Sportuň bu görnüşi bilen eýýäm 4-5 ýaşdan başlap meşgullanyp başlamaga rugsat edilýär. Ýöne 10, 15, hatda 40 ýaşda hem başlamak bolar. Başa-baş göreşiň däp bolan görnüşleri (karate, dzýudo, sambo, taekwan-do) bilen birlikde, onuň has ekzotik görnüşlerini (kapoeýra, kobudo, taýdzýusu) hem saýlap bolar. Söweş sungaty – bu ýöne bir sport däl. Bu giden bir pelsepe. Başa-baş göreş bilen meşgullanmak fiziki bolşy ýaly, aň-paýhas derejelerine hem galtaşýar. Siz diňe bir bedeniňizi dolandyrmagy we howpa bir topar urgy bilen jogap bermegi öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, öz güýjüňizi gözegçilik astynda saklap, ýiti zerurlyk bolmazdan ony ulanmazlygy hem öwrenýärsiňiz. Söweş tejribeleri güýç-gaýraty, ezberligi, tizligi we hereketleriň utgaşyklylygyny ýaýbaňlandyrýar, ünsüňi jemlemegi öwredýär, öz-özüňi dolandyrmagyňa ýardam edýär, gahar-gazabyň derejesini peseldýär, özüňe bolan ynamy artdyrmaga we deň-duşlaryň bilen özara gatnaşygyňy gurnamagyňa kömek edýär. Ýatda saklamaly zatlaryň biri — başa-baş söweş sporty ýeterlik derejede şikes almak howpy ýokary bolan sportdur. Aýratyn hem, türgenleşikleriň başynda – haçan-da öwrenijiler heniz güýçlerini dolandyryp bilmän, sparring-garşydaşlaryna zyýan ýetirip bilerler. Bu howpuň derejesini peseltmek üçin tejribeli, abraýly tälimçä gatnaň.
Ýeňil atletika
Ylgamak, bökmek, daş zyňmak — bularyň ählisini sportuň bir görnüşiniň — ýeňil atletikanyň çäginde barlap bolar. Adatça bu sport bilen 8 ýaşda meşgullanyp başlaýarlar, ýöne bu görkeziji başlamak üçin iň aşak çäkdir. Ýeňil atletika bilen has soňrakky ýaşda meşgullanyp başlap hem ýokary netijeleri gazanyp bolar. Iň esasy — ýeňşe bolan ymtylyşdyr. Köp sanly artykmaçlyklara eýe bolup, ýeňil atletika bilen meşgullanmak ýürek-damar, süňk-myşsa we dem alyş ulgamyň berkemegine ýardam edýär; tizligiňi, güýjüňi, ezberligiňi, çydamlylygyňy ösdürýär; psihologik ukyplaryňy — ýeňşe bolan erki, maksada okgunlylygy, jogapkärçiligi terbiýelemäge kömek edýär. Ýeňil atletikada hem şikeslerden gaça durmak ýeňil däl. Çykmalar, gypjynmalar we tendäki gök-salalar — sportuň bu görnüşi üçin adaty kadadyr. Öz güýjüňize gereginden artyk baha bermäň. Iň pes agramlardan başlaň.
Futbol
Eger-de dünýäde şundan has meşhur sport görnüşi bar bolsa, o bize mälim däl. Futbol – sportuň toparlaýyn görnüşi bolup, onuň üsti bilen öz indiwiduallygyňy ýüze çykaryp bolýar. Ronaldu we Messi – munuň gönüden-göni subutnamasydyr. Bu günki gün futbolçylaryň türgenleşikleri gimnastikadan başlap, welosporta çenli fiziki maşklaryň tutuş toplumyny öz içine alýar. Futbolçylara bütin dünýä tomaşa edýär, şonuň üçin hem olaryň daş keşbi göze gelüwli hem özüne çekiji bolýar. Şeýle hem futbol çydamlylygy we tizligi ösdürýär, toparda oýnamagy we ýoldaşlaryň bilen ýeňişlerdir ýeňlişleri deň paýlaşmagy öwredýär, liderlik ukyplaryny ýüze çykarmaga we toplanan energiýanyň çykmagyna mümkinçilik berýär. Galyberse-de, futbol sportuň arzan, köplere elýeterli görnüşleriniň biri.
Agyr atletika
Agyr atletika — sportuň güýç sarp edilýän, agyr maşklary göz öňünde tutýan görnüşidir. Şonuň üçin hem 12 ýaşa ýetmedik ýetginjekler üçin bu sport gadagan edilýär – güýç sarp edilýän türgenleşikler olaryň saglygyna zyýan ýetirip biler. Ýöne bu sportuň çylşyrymlylygyna we ýöriteleşmesine garamazdan, ol gürrüňsiz artykmaçlyklara eýedir: süňk-myşsa organlaryň berkemegi, myşsalaryň türgenleşdirilmegi, güýjüň we çydamlylygyň ösmegi, erk edip bilmek ukybyň hem belent ruhuň emele gelmegi. Agyr atletikanyň ýetmezçiligi — şikesleriň köp bolmagy we dyza aşa agram düşmegi. Şonuň üçin hem türgenleşikleriň ählisi tälimçiniň berk gözegçiligi astynda geçmeli. Eger-de Olimpiadalarda medal gazanmak meýliňiz ýok bolsa, onda agyr atletika güýjüňi hem-de myşsa agramyňy taplamak üçin oňat sportdur.
Awtoýaryşlar
Maşyn sürüp başarmak örän peýdalydyr. Ekstremal (adatdan daşary) ýagdaýlarda ýokary tizlik bilen maşyny dolandyryp bilmek bolsa iki esse peýdalydyr. Awtoýaryşlar emosional taýdan ýeňlemek üçin ajaýyp sport bolup biler. Ýöne ony sportuň has hereketli görnüşleri bilen utgaşdyrmak gerek.
Alpinizm
Belentlikleri eýelemek az bolmadyk fiziki güýji, batyrlygy we erjelligi talap edýär. Alpinizm bu ukyplaryň ählisini terbiýeleýär, üstesine, ynamy, jogapkärçiligi islendik çözgüdiň netijesini aňlamak ukybyny artdyrýar. Çünki dag gerişleri säwlikleri seýrek bagyşlaýar. Alpinizm – durmuşda toplan başarnyklary — tebigata çykmak, açyk howadan lezzet almak we özüňi ilki açyş eden hökmünde duýmak başarnyklaryny tejribede ulanmak isleýänler üçin oňat sportdur. Alpinizmiň iň uly ýetmezçiligi — onuň esbaplarynyň aşa gymmat bolmagydyr. Ýöne esbaplary kireýne alyp, şäher «diwarlaryndan» başlasaň hem bolar.
Ýetginjek ýaşda...
Ýetginjek ýaşda oglanlar myşsa agramyny artdyrmaga we bedenini relýef görnüşe getirmäge däl-de, güýjüni, çydamlylygyny we çeýeligini artdyrmaga ýykgyn etmelidir. Bu başarnyklar has uly ýaşda heýkeltaraşlarça taplanan bedeniň ýeke-täk artykmaçlyk bolmazlygy üçin gerek bolar. Islendik sport seksiýalaryna ýazylmazdan öňürti, maşgala lukmany bilen maslahatlaşmak hökmanydyr. Ol siziň saglyk ýagdaýyňyzy barlamaly we degişli maslahatlary bermeli. Hroniki keselleriň aglabasy sportuň ol ýa-da beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaklygy gadagan edýär. Ýatda saklaň, elmydama saýlamaga mümkinçilik bardyr. Iň bolmanda, küşt oýny hem sport görnüşidir.