Go Back Go Back
Go Back Go Back

Optimizm. Seniň günüň nähili geçýär?

Optimizm. Seniň günüň nähili geçýär?

News

Optimizm. Seniň günüň nähili geçýär?

calendar_today 16 September 2021

Okamagyňyzy dowam etdirmezden öň, şu gün bolup geçen käbir zatlar barada oýlanyň. Eliňize galam alyp, olar barada ýazmaça bellik edip bilseňiz has hem gowy. Hawa, kelläňize gelen zat barmy? Bolup geçen zatlarda esasan oňyn, pozitiw pursatlar bolupmy? Mysal üçin: "Günüm, Hudaýa şükür, gowy geçýär! Enem ertirlik üçin blinçik bişirdi. Günortan naharyň başynda dostlarym bilen oturdym, şu günki iňlis dili sapagy bolsa meniň üçin hakykatdan hem hezil geçdi!" Ýa bolmasa, diýeli, oňaýsyz (negatiw) bolan zatlara baradaky pikir sizi biynjalyk edýar: "Enem meniň üçin ertirligimi taýýarlady, şu sebäpden hem men öýden gijräk çykmaly boldum. Netijede, men adatça münýän awtobusymdan gijä galdym. Dostlaryňyz günortanlyk nahar üçin berlen wagtlaryny biderek geçirdiler, ýagny, ýürekgysdyryjy bir teleşou barada gürrüň edip geçirdiler. Onsoň, şu gün iňlis dili sapagym hem boldy. Hepdäniň penşenbe günlerini men şeýle bir ýigrenýärin!"

 

Optimizm saglyga oňyn täsir edýär

Alymlar oňyn (pozitiw) pikirlenýän adamlara degişli gözleg işlerini geçirip, köp wagtlaryny sarp edipdirler. Gelnen netijelere laýyklykda, optimistik garaýyşlar has bagtly, has üstünlikli we sagdyn bolmaga kömek edýär. Optimizm depressiýadan (sussy peslikden) hem gorap bilýär – hatda depressiýa düşme howpuna alyp barýan töwekgelçilige sezewar bolan adamlary hem goraýar. Optimistik (oňyn) dünýägaraýyş adamlary strese garşy has çydamly edýär. Optimizm hatda adamlaryň ömrüni uzaltmakda kömek edip biler. Optimizm barada aýdyp boljak iň gowy zat - optimist bolmagy öwrenersiňiz, hatda adatça siziň garaýyşlaryňyz has pessimistik bolmaga ýykgyn edýän hem bolsa.

 

Näme üçin optimistik bolmak endigi her kime berilmändir?

Bir tarapdan optimizm tebigy taýdan berilen bir aýratynlyk: adamlaryň birnäçesi dünýä inende optimistik hyjuwly bolýarlar. Beýleki tarapdan bolsa optimizm biziň kemala gelip, ýaşymyzyň barha uly bolmagy bilen, durmuş tejribämiziň artmagy bilen öwrenýän zatlarymyzyň täsiri astynda döreýär. Şeýle hem biz optimizmi dürli rollar nusgalaryna syn etmek arkaly, oýlanmagyň dürli tärlerini öwrenmek we täzeden-täze endikleri synap görmek arkaly öwrenip bileris.

 

Optimizm pessimizmiň garşysyna

Optimist we pessimist pikir etmegiň görnüşleri durmuşymyzdaky dürli zatlar barada pikir etmegiň we olary görmegiň usullaryna degişlidir. Optimistler zatlaryň oňyn (položitel) taraplaryny görýärler. Olar ähli zat gowy bolar diýen pikire eýerýärler. Olar özleriniň gowy zatlary öňden görmek ukyplarynyň we başarnyklarynyň bardygyna gaty ynanýarlar . Diňe kemçilikleri görmäge ýykgyn edýän adamlara “pessimist” diýilýändigini siz eşiden bolsaňyz gerek. Pessimist hemme zadyň erbet boljakdygy baradaky pikire eýedir. Ol diňe şowsuz bolan zatlary üns merkezinde goýýar . Adamlar elmydama optimist ýa-da pessimist bolup bilmeýärler. Şeýle-de bolsa, adamlaryň aglaba köpüsi pikir ýöretmegiň şu iki usulynyň birine ýykgyn edýär. Bu ýerde belläp geçmeli hoş habar - eger-de adatça siz has pessimist bolmaga ýykgyn edýän bolsaňyz, onda siz hemişe hut şeýle hem pikirlenmelisiňiz diýlen zadyň ýoklugyndadyr. Ýagny, zatlary görmek usullarymyzy üýtgetmek bilen has optimistik garaýyşa eýe bolup hem bileris.

 

Optimizm adamlara üstünlige ýetmäge ýardam edýär

Optimizm bir ýagdaýyň gowy tarapyny görmek, ýa bolmasa gowy zatlara garaşmak çäginiň daşyna çykýar. Şeýle hem ol eýýäm bolup geçen zady düşündirmegiň bir usulydyr. Bir gowy zat bolup geçende optimistler şu ýagdaýyň gowy bolmagy ugrunda özleriniň näme edendigi barada oýlanýarlar. Olar öz ukyplaryny we başarnyklaryny özleriniň hemişe bar bolan durnukly bir häsiýetleri hasaplaýarlar. Olar diňe şol gowy diýilýän bir zadyň başga bir gowy zada nähili ýagdaýda eltip biljekdigi barada oýlanýarlar. Işler garaşylyşy ýaly gowy gitmedik halatynda düýbinden başga ýagdaý ýüze çykýar: optimistler özlerini günäkärlemeýärler. Olar bu şowsuzlyklara wagtlaýyn bir hadysa hökmünde garaýarlar. Bir zat garaşylyşy ýaly bolmadyk ýagdaýynda optimistler muny bir anyk ýagdaý ýa-da hadysa bilen baglanyşdyrýarlar. Olar muny öz mümkinçilikleri bilen asla baglanyşdyrmaýarlar.

Pessimistlere garanda, optimistler lapykeçlikden çalt özlerine gelýärler. Sebäbi olar şowsuzlyklary öz şahsy kemçilikleri hasaplamaýarlar. Ynha, bir mysala ýüzleneliň: Serdar bilen Maksat onunjy synpda okaýarkalar basketbol toparynda öz güýçlerini synap gördüler. Emma mekdebiň ýygyndy toparyna bularyň hiç haýsy saýlanmady. Olaryň ikisiniň hem lapykeç, emma netije barada hersi başgaça hereket edýär. Serdar optimist. Onuň pikiriçe: "Türgenleşiklere gatnan zehinli oglanlaryň sany köpdi, ýygyndy toparda diňe birnäçe ýer bardy. Bu mende jan edip türgenleşmäge uly höwes döretdi. Men bar güýjüm bilen jan etdim – men özüme buýsanýaryn! Türgençi meniň ähli kemçiliklerimi düşündirdi. Men onuň maňa beren maslahatlarynyň üstünde işlemekçi we şu möwsümde boljak ähli oýunlary görmekçi. Şeýdip, men indiki ýyl has köp mümkinçiliklere eýe bolaryn”. Serdar ünsüni özünde bar bolan kemçiliklerine dal-de, eýsem anyk bir ýagdaýa gönükdirýär. Ol dörän bu ýagdaýy hemişelik hasaplamaýar. Ol geljek ýyl mekdebiň ýygyndy toparyna alynjakdygyna çyn ýürekden tama edýär we eýýäm häzirden nädip şol maksadyna ýetip biljekdigi barada oýlanýar. Maksat bolsa muňa garanda pessimisträk bolmaga ýykgyn edýär. Onuň pikiriçe: "Meniň munda şowly bolmandygyma geň galyp oturasy zat ýok - synag hökmünde geçirilen oýunlarda menden erbet oýnany bolmady we türgençi hem meni gaty bir halap barmady. Onsoňam, men gaty bir yhlas edip hem oturmadym. Garaz, hemme zat hem şuňa barýardy. Onsoňam, men aslynda bir uly atletçi hem däl ahbetin". Serdardan tapawutlylykda, Maksat şowsuzlyga uçrandygyny diňe özünden görýär, onsoň hem ol daşky faktorlaryň (türgençiniň, durmuşyň) hem özüne garşy bolandygyny hasaba alýar. Has beteri-de, ol bolup geçen şu ýeke-täk wakanyň sport boýunça özüniň şahsy ukyplaryna ynamsyzlyk döretmegine ýol berýär. Siziň pikiriňize görä, şu oglanlardan haýsysy şu ýagdaý sebäpli has köp wagtlap lapykeçlikde gezer? Görnüşe görä, olaryň haýsysy türgenleşmegini dowam etdirip, ýene bir gezek güýjüdir başarnygyny synap görmegi niýet ediner? Olaryň haýsysy boýun bolmaga taýýar?

 

Optimizm göreşmek (erjellik bilen durmak) ukybyny kemala getirýär

Optimizm lapykeç ediji wakalaryň biz tarapdan wagtlaýyn, ýeňip geçip boljak ýagdaýlar hökmünde kabul edilmegine ýol açýar. Ol bizi has güýçli edýär, bu bolsa öz gezeginde bize ýene-de synanyşyp görmäge, boýun syndyrmazlyga mümkinçilik döredýär. Bu bize öňümizde goýan maksatlarymyzdan we isleg-arzuwlarymyzdan el çekmezlige mümkinçilik döredýär, netijede bolsa, goýan maksatlarymyza ýetmek üçin we arzuwlarymyzyň hasyl bolmagy üçin işimizi dowam etdirmekde bizde höwes döredýär. Ynha, hut şu jähetden hem, optimist bolan adamlar dörän ýagdaýy ele almaga özlerini ukyply duýýarlar. Olaryň mertebesiniň derejesi has belentdir. Özboluşly täsirini ýetirmek bilen pessimizm lapykeçligi we sussupesligi hut öz boýnumyza atmaga meýilli edýär. Bu olary aslyýetinde görnüşinden hem has hemişelik edýär. Pessimistik dünýagaraýyş ýagdaýyň oňyn bolmadyk (negatiw) taraplaryny şeýle bir ulaldyp görkezýär welin, hatda ähli oňyn (pozitiw) taraplar görünmän galýar. Işler islegimize görä gitmedik ýagdaýynda, pikirlenmegiň pessimistik usuly ýagdaýy ele almagy has kynlaşdyrýar.

 

Realistik optimizm

Realistik optimizm sebäpli töweregimizdäki ähli zat gül ýaly diýip düşünmeli däldir. Optimistler kynçylyklaryň bardygyny inkär etmeýärler we daşymyzy gurşap alan ýaşaýyşa şeýle bir abadan ýaşaýyş diýip duranoklar. Olar haýsy-da bolsa ýagdaýyň gowy tarapyny üns merkezinde goýup, ony has gowy eder ýaly näme edip boljakdygy barada oýlanýarlar. Optimistler güýçli ynama eýedir, hut şonuň üçin hem olar taýýar: olar çynlakaý bir synagdan üstünlikli geçmek isleýän bolsalar, onda okamalydygyny ýa zähmet çekmelidigini bilýärler. Elbetde, çynlakaý türgenleşmezden basketbol toparyny döredip bilmejekdiklerine hem düşünýärler. Optimizm hereket bilen egin-egne gidýär. Bu ýerde söz pozitiw we realistik pikirlenmäniň sagdyn bir deňagramlylygyny saklamak barada barýar.

 

Pessimizm üçin orun barmy?

Pessimizm ruhy taýdan biziň ýogymyza çykyp biler – şonuň üçin negatiw pikirlenmäni özgerder ýaly biziň ukybymyzyň bardygy dogrusynda bilmek zyýan etmez. Emma beýle diýdigimiz negatiw pikir ýöretmegi köki-damary bilen ýok edip bolýar diýip aýtdygymyz däldir. “Mesele nämede?” diýlen ýaly sagdyn pikir etmek bar bolan kynçylyga has içgin seretmäge mümkinçilik döredýär. Nämäniň hut biziň isleýşimiz ýaly bolmanlygy barada pikir ýöretmek uludan uly töwekgelçilikden aman-sag galmaga ýardam berýär. Diýeli, erkek doganyňyz seni öz ulag serişdesinde trenerowka alyp barýarka, ruluň başynda oturşyna tekst habarnama (SMS) ýazyp otyr. Sende dessine peýda bolan negatiw pikir sizi biynjalyk edip başlaýar: "Beh, bula gowy zadyň alamaty däl!" Şeýlelik bilen sen doganyňa ýüzlenip, maşyny duruzmagy haýyş edýärsiň. Onuň howpsuzlygy üçin bolmasa-da, öz howpsuzlygyňyz üçin. Şeýle etmekde sen “Eger roluň başynda oturyp, tekst habarnamany ýazsaň, bu ahyrynda ulag pajygasyna eltip biler!” ýaly pessimistik pikiri "Men şu ýagdaýa täsir edip biljekdigime ynanýaryn" diýen optimizm bilen birleşdirýärsiň. Wagtal-wagtal biziň tas hemmämiz hatda çykalga tapar ýaly bolmaýan, diýseň kyn ýagdaýa düşýäris. Sussumyz pes bolýan şeýle ýagdaýda duýgylary anyklap, nämeleriň bolup geçendigi barada söhbetdeş bolmak erbet bolmazdy. Kimdir bolsa birine ynanylsa, bu ruhumyzy galdyryp, optimistik mümkinçilikler barada ýatladar. Negatiw (oňyn bolmadyk) pikirlenme nämäniň isleýşiňiz ýaly bolmanlygyna ähli ünsi çekip, size tä ahyrynda bir ýerde büdreýänçäňiz öňe tarap gitmäge ýardam berer.

 

Has optimist bolmak üçin näme etmeli

Eger siz köplenç pessimistik pikir etmäge ýykgyn edýän bolsaňyz, onda siz nämäniň gowudygyny görmekde has başarnykly bolup bilersiňiz. Siz aşakdakylardan haýsy-da bolsa birini synap görüň: Töweregiňizde bolup geçýän zatlaryň gowularynyň ählisini görjek boluň. Günüň aýagynda geçip giden şol günüň dowamynda bolan zatlara ýatdan göz aýlap, begenen zatlaryňyza aýratyn üns berer ýaly 10 minut aýryp goýuň. Olary depderçä ýazyň we öz telefonuňyzyň höweslendiriji goşundysyndan peýdalanyp, yzarlap duruň. Durmuşyňyzda üstünlige ýetip biljekdigiňiz baradaky pikiri kelläňizde berk belläp goýuň. Mysal üçin: "Eger men gowy okap, ýat tutsam, gowy baha alyp bilerin". "Men muny iş ýüzünde berjaý edip dursam, onda diňlemek boýunça ýumuşlardan üstünlik gazanaryn". "Eger men meýletinçileriň şu syýahatyna goşulsam, onda täze dostlar edinerin". Eger işler erbet gidýän bolsa, özüňizi günäkär duýmaň. Siziň işleriňiz edil meýilleşdiriňiz ýaly gitmeýän bolsa, siziň içerki sesiňiz (siziň böwrüňiz) size näme diýýär? “Matematikadan men barlag işi ýazmagy başarmadym, sebäbi men aslynda matematikadan gömük” diýmegiň ýerine siz özüňize: "Meniň barlag işden erbet baha almagymyň sebäbi oňa ýeterlik taýýarlyk görmänligimdir. Indiki gezek men beýle zatlara asla ýol bermerin!" Ýa bolmasa: "Bu gezek aşygym alçy gopmady. Sebäbi men eden işi ugruna bolmaýan adamlardan" diýmegiň ýerine: "Aýralyk şeýle bir agyr düşýär, ýöne dost-ýarlaryň bilen wagtyňy geçirip, özüňi gowurak duýsaň bolýar diýip, adamlaryň näme üçin aýdýanyna indi men düşünýärin" diýmegi başaryň.

Eger gowy zatlar bolup geçýän bolsa, özüňize makullaýjy garamagy başaryň. Gowy netijäniň bolmagyna pursat döreder ýaly hut siziň özüňiziň näme edendigiňiz barada oýlanyň. Barlag işine taýýarlyk gördüňizmi? Çyn ýürekden, jan edip taýýarlandyňyzmy? Netijäniň şowly bolmagy üçin peýdalanan güýçli taraplaryňyz barada oýlanyň. Şowsuzlyklaryň wagtlaýyn häsiýete eýedigini özüňize ýatladyp duruň. Haçan hem bolsa, näme hem bolsa bir zat edil öz isleýşiňiz ýaly bolmasa, munuň bir wagtlaýyn zatdygyny, onuň geçip gitjekdigini özüňize ýatladyň we munuň indiki gezek hut başa barmagyna gönükdirilen bir meýilnama düzüň. Mysal üçin: "Bilim derejäňi we ukyplaryňy barlamak maksady bilen geçirilýän synagda meniň gazanan netijelerim meniň tama edenimiň golaýyndan hem geçmeýär, ýöne men ýene-de taýýarlyk görüp, bu synaga ýene-de gatnaşaryn". Başga adamlaryň özleri barada nähili pikirdedigine üns berip görüň. Siziň dost-ýarlaryňyz we maşgala agzalaryňyz optimistik ýa-da pessimistik garaýyşlymy? Mysal üçin, siziň kakaňyz: "Eşider bolsaňyz, meniň bişiren naharym ýanyp, kül bolupdyr, mendenem bir aşpez bolarmy!" diýermi? Ýa-da: "Eşider bolsaňyz, meniň bişiren naharym ýanyp, kül bolupdyr. Sebäbi men howlynyň daşynda bir itiň belkanyň yzyndan kowalap barşyna seredip, ünsümi sowupdyryn!" diýermi?

 

Optimizm – bu pikir ýöretmegiň bir görnüşidir

Ony öwrenip bolýar. Diýmek, pessimizmden daşlaşyp boljak eken! Elbetde, muňa biraz wagt gerek bolar. Şonuň üçin, lapykeç bolmajak boluň. Pikir ýöretmegiň şu iki usulyny köp öwrendigiňizçe, siz optimizmiň köpräk usullaryny görüp başlarsyňyz. Öz-özüňize: "Men has optimist bolmagy başararyn we bu endigiň özümde bar bolmagy ugrunda tagalla etmegimi dowam etdirerin!" diýip aýtmaga ýaýdanmaly dälsiňiz.