You are here

Erkekler üçin prezerwatiwler – kontrasepsiýanyň iň elýeterli görnüşi. Olar göwreliligiň öňüni almaklykda iň netijeli gorag serişdesi bolup, ondan başga hem jynsy ýollar arkaly geçýän infeksiýalaryň (JÝAGI) ýokuşmak töwekgelçiligini peseldýär.

Emma käbirleri prezerwatiwleri saýlap, saklap we ulanmagy dogry berjaý etmeýär, şol sebäpli olar köp halatlarda ýyrtylýar. 

Şeýle ýagdaýlaryň öňüni nädip almaly?

 

Prezerwatiw saýlamak: ölçegi

Ilkinji gezek prezerwatiwleriň birnäçe görnüşini we dürli ölçeglerini satyn almaly. Dogry ölçegdäki prezerwatiw jyns organyny ykjam gurşamaly, ýöne ony çenden aşa gysmaly däl. Prezerwatiwyň içinde howa galmaly däl. Uzynlygy boýunça prezerwatiw jyns agzasynyň özenine çenli gurşamaly. 

Çenden aşa uly ýa-da kiçi prezerwatiwler az ygtybarly bolup, olar köplenç ýyrtylýar ýa-da gaçyp galýar.

 

Prezerwatiw saýlamak: onuň materialy

Giňden ýaýran döwrebap erkek prezerwatiwleri lateksden, poliizoprenden, silikondan, poliuretandan ýa-da guzynyň hamyndan öndürilýär. Olar aýratynlyklary, bahalary we JÝAGI-den we göwrelilikden gorag derejesi bilen özara tapawutlanýarlar. 

 

Prezerwatiw saýlamak: lateksden öndürlen prezerwatiwler

Lateksden öndürlen prezerwatiwler giňden ýaýran bolup, gowy öwrenilen we ýeterlik howpsyz. Olar kontrasepsiýanyň köp spermisid görnüşleri bilen sazlaşdyrylyp ulanylyp bilinýär. Lateks prezerwatiwleri ideal we ugurly ulanylan ýagdaýynda meýilleşdirilmedik göwreliligiň, JÝAGI, hlamidioz, gonoreýa, trihomoniaz we gepatit wiruslary ýaly ýokançlyklaryň töwekgelçiligini gowy azaltýar. 

Üns beriň! Lateks prezerwatiwler ýag esasynda öndürilýän çalgylar ýa-da başga ýag serişdeleri bilen galtaşdyrylanda öz berkligini ýitirip, ýyrtylyp bilýär. Beýle görnüşli prezerwatiwler bilen çalgy üçin suw, silikon ýa-da gliserin esasynda öndürlen çalgylary ýa-da ýönekeý suw, tüýkülik ulanylyp biler.

Lateks prezerwatiwler allergiýa döredip bilýär.

 

Prezerwatiw saýlamak: poliizopren prezerwatiwler

Poliizopren himiki we fiziki alamatlary bilen lateks bilen kybapdaş. Emma häzirki wagtda poliizopren prezerwatiwler lateks prezerwatiwleri bilen deňeşdirilende az öwrenilen. 

Prezerwatiw saýlamak: poliuretan prezerwatiwler

Beýle prezerwatiwler has ýukajyk bolup, olar gatnaşyk wagtyndaky duýujylygy diýseň az derejede peseldýär. Olar ýagly çalgylar bilen bilelikde ulanylyp bilner. Olar köp ýerde lateks prezerwatiwlerinden baha taýdan amatly.

Emma poliuretan prezerwatiwler has ýygy ýyrtylýar ýa-da gaçýar, lateks görnüşleri bilen deňeşdirilende netijesi pes hasaplanýar.

 

Prezerwatiw saýlamak: guzynyň derisinden öndürilýän prezerwatiwler

Bu görnüş islenilmedik göwreliligiň ähtimallygyny peseldýär, emma jyns arkaly geçýän keselleriň öňüni almak ähtimallygy pes, olaryň öýjükleri gepatit B, ýönekeý gerpes we AIW ýaly wiruslary hem ýeňillik bilen geçirýär.

 

Prezerwatiwleriň saklanşy

Iň jogapkärli pursatda ýyrtylýan prezerwatiwler – öz funksiýasyny ýerine ýetirmeýän prezerwatiwleriň ýyrtylmagyna esasy sebäp onuň ýalňyş saklanmagy: mehaniki şikes ýa-da gyzgyn şertlerde saklanmagy bolup durýar. 

Hut şonuň üçin aşakdakylary ýerine ýetirmek hökmany:

Prezerwatiwyň gabyna göni gün şöhleleriniň düşmeginden gorap saklamaly

37°С gyzgynlykdan ýokary geçýän şertlerden goramaly (şonuň üçin prezerwatiwleri eşigiň jübülerinde götermezligi maslahat berilýär, sebäbi adamyň bedeni günüň dowamynda 36 we 37.5°С dereje aralykda üýtgäp durýär

Sürtülmeden we eplemekden daş saklamaly (meselem eşigiň jübüsinde däl-de, sumkanyň ýa-da eşikleriň içki jübüsinde)

Öndürlen seneden 5 ýyl wagt geçen bolsa prezerwatiwleri ulanmazlygy maslahat berýäris

 

Prezerwatiwyň ulanylşy

Onuň gabyny seresaply içine şikes ýetirmän açyň.

Jynsy gatnaşygyň iň başyndan başlap prezerwatiw ulanyň.

Prezerwatiwy geýeniňizden soň onuň aşagynda howa galmazlygyny üpjün ediň. Şeýle etmek bilen onuň ýyrtylmak ýa-da gaçyp galmak ähtimallygyny peseldersiňiz.

Jynsy gatnaşyk wagtynda prezerwatiwyň gaçyp galmazlygy üçin ony barlap duruň, onuň daşky halkasy jyns ýolunyň daşynda galmagyny üpjün ediň.

Onuň gaçyp galmazlygy üçin ony daşky halkasyndan saklap duruň.

Ulanyp bolanyňyzdan soň prezerwatiwyň bitewidigine göz ýetiriň.

Prezerwatiwy hiç haçan gaýtadan ulanmaň.

 

Netije

Özüňiz we partnýoryňyz barada alada ediň – her jynsy gatnaşykda prezerwatiw ulanyň. 

Haýsydyr bir sebäplere görä prezerwatiw ýok bolsa, jynsy gatnaşykdan saklanyň, saglygyňyza töwekgelçilik etmäň. Siziň ýagdaýyňyza we saglygyňyza biperwaý garamaýan aladaçyl partnýor şeýle ýagdaýda goragsyz jynsy gatnaşyk etdirmez we size töwekgelçilik döretmez.