Seniň bedeniň – seniň işiň. Hiç kim seniň bedeniň araçägini senden rugsatsyz geçip bilmez.
Bular ýönekeý hakykatlar ýaly görünýärmi? Emma hakykatda, hemme zat beýle ýönekeý däl.
Haçanda kimdir biri seniň bedeniň araçäklerini geçen ýagdaýynda özüňi oňaýsyz duýsaň, özüňi howp astynda duýsaň, onda, şu kada görä hereket et: “Ýok diý – daşlaş – aýt”
Bu kada näme? Haçan bu kadany ýerine ýetirmeli? Bu kadany nähili ýerine ýetirmeli?
“Ýok diý – daşlaş – aýt” kadasy näme?
Bu ýönekeý kada bolmak bilen, haçanda biri seniň razylygyň bolmazdan saňa degmek islände, ynamsyz ýa-da nätanyş bir adam seni gitmek islemeýän ýeriňe äkitmäge synanyşanda ýa-da seni yzygiderli çagyranda dörejek howply ýagdaýyndan baş alyp çykmagak kömek eder.
Bu kadanyň özeninde, ilki bilen gaty ses bilen, anyk we çürt-kesik garşylygyňy bildirmeli. Saňa ýaramaýan hereketlere garşylyk “ÝOK!” diýmeli. Soňra, howply gurşawdan DAŞLAŞMALY we başyňdan geçirenleriň barada AÝTMALY.
ÝOK
Kadanyň birinji bölegi – garşylyk görkezmek. Gaty ses bilen, anyk, çürt-kesik. Has gowusy, bu garşylygy diňe bir saňa howp salýan adam däl-de, eýsem, daş-töweregiňdäki tanyşlaryň, geçip barýanlar, nobatda duran gözegçiler eşider hem eşider ýaly görkezmelidir.
- Ýok, men islämok!
- Ýok, men gitjek däl!
- Ýok, meni ellemäň!
- Ýok, bu maňa gyzykly däl!
Bular islendik ýagdaýda ulanyp biljegiň käbir mysallar. Garşylyk görkezmek üçin öz beýanyňyzy hem pikirlenip bilersiňiz.
Üns beriň! “ÝOK!” sözi jemgyýet tarapyndan kabul ederlikli jogapdyr. Bu diýmek – islemeýän zadyňy ret edeniňde utanç duýmaly dälsiň! Başda razy bolsaň hem, eger islemeýän bolsaň razylaşmaly dälsiň! “Ýok!” diýmek – ýok diýmekdir.
Ýokardaky bellik seniň saglygyň ýa-da howpsuzlygyň wajyp bolan käbir ýagdaýlarynda güýjüni ýitirýär. Mysal üçin, pandemiýa döwründe sanjym etdirmäge ýa-da agyz-burun örtüklerini ulanmaga garşylyk görkezmek seniň saglygyňa howp saljagy üçin, “ýok!” diýmek kabul ederlikli däldir.
Daşlaş
“Ýok!” diýeniňden soňra birahat bolýan howply ýeriňden daşlaş. Näçe çalt daşlaşsaňyz şonça gowy, hatda, eger goşlaryňyzy ýygnamak üçin ýekeje sekunt hem ýitirjek bolsaňyz, olary alman howply ýerden gidiň. Soňra alarsyňyz, ýa-da birinden haýyş edersiňiz, halys bolmasa başgasyny alarsyňyz. Esasy zat howpsuzlyk.
Size howp salmajak ýerlere gidiň. Muňa mysal hökmünde:
- Ejeleriň çagalary bilen aýlanýan ýeri
- Gözegçileriň, polisiýanyň, esgerleriň, ýa-da hökümet işgärleriniň bolan ýeri
- Ynamdar adamlaryňa ýa-da polisiýa jaň etmäge/habar bermäge mümkinçiligiň bolan ýeri
Şeýle ýerler gitmäň:
- Boş, taşlanan ýer
- Az sanly nätanyş adamyň bolan ýeri
Aýt
Özüňi birahat ýa-da howpda duýan ýagdaýyň barada ynamdar uly birine aýdyp bermeli. HÖKMÄN!
Bolup geçen waka bilen bagly sen günäkär däl. Özüňi birahat/howpda duýmagyňa sebäp bolan adamlary syr hökmünde saklamaly dälsiň! Şeýle adamlar “Hiç zat etjek däl, ýöne hiç kime aýtma” diýenlerinde olara jogap hökmünde “Bolýar, aýtmaryn” diýip jogap berip bilersiňiz. Ýöne soňundan bolan waka barada HÖKMAN aýdyp beriň.
Üns beriň! Näme üçin deň-duşlaryňa däl-de, eýsem, özüňden ululara aýdyp bermeli? Sebäbi uly adam öz tejribesine laýyklykda, kanunçylyga we wakanyň geçiş kontekstine laýyklykda deň-duşlaryňa garanyňda has obýektiw netijeler çykaryp biler. Şeýlelikde, onuň berjek kömegi has täsirli bolar.
Özüňe we öz duýgularyňa bil bagla. Eger sen bolup geçen wakanyň nädogrydygyna ynanýaň ýöne ol wakany ýerlikli sözler bilen beýan edip bilmeseň hem waka barada aýdyp ber.
Eger sen ýeke özüň alyp çykyp bilmejek bolsaň, aýdyp ber.
Eger waka seň gözegçilik edip bolmajak ýagdaýa gelen bolsa, aýdyp ber.
Kömek soramak üçin hiç wagt giç däldir. Saňa kömek edýänçäler ululardan kömek soramak utanç däldir. Sen barada aladalanýanlar, seni söýýänler hem saňa kömek ederler, hem seni gorarlar. Sen howpdan azat bolmaga mynasypsyň!
Jemleýiji
Her hili ýagdaý bolup bilýär. Sende howp duýgusyny döredýän, howsala ýa-da birahatlyga sebäp bolýan ýagdaýlar üçin “Ýok diý – daşlaş – aýt” kadasy örän ýerliklidir.
Öz duýgularyňa gulak sal, howsalanyň gözbaşyny anykla, ol herekete gatnaşmakdan ýüz öwür, daşlaş we bolup geçen waka barada özüňden ula aýdyp ber.
Seniň howpsuzlygyň örän möhüm. Muny ýadyňda sakla!