2024-nji ýylyň 29-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan - Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (UNFPA), Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti bilen bilelikde 27–29-njy maý aralygynda geçirilen welosportuň trek görnüşi boýunça ýörişiň gatnaşyjylaryny sylagladylar.
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan bu ýörişe 40-dan gowrak ýaş oglan we gyzlar gatnaşdy. Ýaş türgenler bu ýörişe höwes bilen gatnaşyp, Türkmenistanyň ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini, sport we gender taýdan deňligi öňe sürmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek subut etdiler. Bu waka, Türkmenistanyň gender babatda könelşen düşünjeleri aýyryp, inklýuziw jemgyýeti gurmaga tarap ädimler ädýändigini ýene bir gezek görkezýär. Beýle jemgyýetde bolsa her bir ýaş oglanyň we gyzyň sport bilen meşgullanmaga, şeýle-de öz saýlan ugurlarynda kämilleşmäge mümkinçiligi bar.
Döwlet bedenterbiýe we sport komiteti we UNFPA tarapyndan bilelikde gurnalan ýörişiň gatnaşyjylaryny sylaglamak dabarasy, ýaşlaryň gazananlaryny bellemek we olaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrmak üçin möhüm waka boldy.
"Tigir sürmek bu diňe saglyk üçin däl, eýsem daşky gurşaw üçin hem peýdaly bolup, gyzlaryň hem bedenterbiýe we sportda işjeň bolmaklaryna getirýär" diýip, UNFPA-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Kemal Goşliýew aýtdy. “Biziň döwrümizde erkekler bilen aýallaryň arasyndaky deňlik meselesi has hem ähmiýetli. Türkmenistanyň hökümeti ähli raýatlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek boýunça uly işleri alyp barýar. Bu babatda sport ulgamynda hem möhüm işler alnyp barylýar. Türkmen zenan türgenleri halkara sport ýaryşlarynda altyn we kümüş medallary gazanyp, uly netijeleri görkezýärler. Bu üstünlikler, zähmetsöýerligiň we sporta ygrarlylygyň aýal-gyzlaryň ýokary netijeleri gazanmagyna mümkinçilik berýänliginiň aýdyň mysalydyr. Bu ýeňişler diňe bir Türkmenistanyň sport ulgamyndaky abraýyny ýokarlandyrman, eýsem erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleriň bardygyny hem görkezýär. Olar aýallaryň sportda we beýleki pudaklarda üstünlik gazanyp bilýändiklerine şaýatlyk edýär.
Sylaglamak dabarasyndan başga-da, ýörişiň çäklerinde Döwlet Bedenterbiýe we sport komiteti we UNFPA tarapyndan bilelikde ýörişe gatnaşyjylar bilen okuw çäresi hem gurnaldy. Onda gender deňligi, deň derejeli mümkinçilikler we ýurduň ösüşinde ýaşlaryň orny ýaly temalar boýunça wiktorina we gürrüňdeşlikler geçirildi.
Sportda gender babatda deňsizligi aýyrmak boýunça geçirilen işleriň netijesinde zenan türgenler we zenan sport toparlary jemgyýetde uly goldawdan peýdalanýarlar. Bu günki çäre hem Türkmenistanyň gender deňligini öňe sürmäge ygrarlydygyny, şeýle-de ýaş oglanlaryň we gyzlaryň sportda we beýleki ugurlarda öz mümkinçiliklerini amala aşyryp bilmekleri üçin ähli şertleri döredýändigini görkezdi.
***
UNFPA – ilat we ösüş meseleleri boýunça iş alyp barýan halkara agentlik bolup, biz 190-dan gowrak ýurtda iş alyp barýarys. Işimizi reproduktiw saglygy we hukugy, gender deňligi we ýaşlar, ilatyň ösüş depginine gönükdirmek arkaly adamlara sagdyn durmuşda ýaşamaga kömek edýäris.
https://turkmenistan.unfpa.org
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti – döwletiň bedenterbiýe we sport babatdaky syýasatyny amala aşyrýan, raýatlary sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmek hem-de halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.