Go Back Go Back
Go Back Go Back
Go Back Go Back

Sanly giňişlikde zorluk bolup bilermi?

Sanly giňişlikde zorluk bolup bilermi?

News

Sanly giňişlikde zorluk bolup bilermi?

calendar_today 11 April 2022

Sanly giňişlikde zorluk bolup bilermi?
Sanly giňişlikde zorluk bolup bilermi?

Biziň hemmämiz internetde gezýäris: sosial ulgamlar, web sahypalarda sörfing, onlaýn okuw / iş / güýmenje ...

Bu ne gowy, ne erbet, bu biziň häzirki hakykatymyz. Biz onsuz ýaşap bilmeris.

Emma internet howply bolup biler. Howpy nädip tapawutlandyrmaly? Munuň öňüni almak üçin näme etmeli?

 

Internet arkaly galplyk

Onlaýn aldawlar giň ýaýrady. “Çarşenbe güne çenli karz alyň”, “Bir million gazandyňyz. Salga geçiň ... ","Bejergi üçin pul ýygnaýarys ... ", "Bank kartyňyzy ygtybarly saklamak"," Maglumat iberiň ... "we ş.m. Ulanyjy şeýle habarlary 8 sagadyň dowamynda ortaça 17 gezek görýär.

Şeýle habarlar pul ýitirmegiňe sebäp bolýar, käwiruslary öz içinde saklaýar.

 

Nähili göreşmeli? MAGLUMATY BARLAŇ. 

Bir dostuňyz sizden karz haýyş edip hat ýazdymy? Oňa jaň ediň we aýdyňlaşdyryň. Onuň hasaby döwülen bolmagy mümkin. 

Bejergä serişde toplamak üçin maglumaty ýaýratmagyňyz? Gözleg motoryna atlary ýazyň, teksti we hasap maglumatlaryny ýazyň, görkezilen belgä jaň ediň. Ýalňyş ýazgyny täzeden goýmak size howply görünmeýän we size hiç hili çykdajy etdirmeýän hem bolsa, pikir ediň: kimdir biri ynanyp, gaty köp pul töläp biler.

Begençli hat aldyňyzmy? Gözleg motory arkaly barlaň. Diňe teksti göçüriň we gözleg setirine goýuň. Birnäçe sekuntdan az wagtyň içinde netije gazanarsyňyz.

 

Kiberabaý (Kiberbuling)

  • Abaý atmak - biriniň üstüne haýbat atmak, hemle urmak. Kiberabaý -  sanly ulgamda biriniň üstüne haýbat atmak, hemle urmak. Bu ýagdaý zorlukdyr, şeýle hem ulanylýan mehanizmler meňzeşdir:
  • Yzarlamak
  • Gorkuzmak 
  • Üstünden gülmek (agressiýa bar bolan hatlary e-poçta ýa-da sosial mediýa arkaly ugratmak)
  • Abraý peseldiji suratlary (köplenç montaž edilen) ýa-da wideolary ýaýratmak
  • Anonimligi paş etmek (hakyky adyny, adresini, telefon belgisini ýaýratmak)

Çäksiz internet giňişliginde kiber-zorluk sebäpli pida özüni goragly duýmaýar, şahsy wirtual giňişligi howply ýaly görünýär.

 

Nähili göreşmeli? Köp sosial ulgamlar we saýtlar kiberzorluga garşy göreşmek üçin aç-açan düzgünleri we täsirli usullary işläp düzdüler. Ulanyjylar çeşmäni ulanyp başlanda awtomatiki ýagdaýda razylaşýarlar.

Eger siz kiberzorluga gabat gelen bolsaňyz:

  • Haty ulynyjy kadalaryna ters diýip belläň (spam/report), administratora bildiriň. 
  • Ulanyjyny bloklaň
  • Gizlinlik aýratynlyklarynda görmek isleýän sözleriňizi belläň 

 

Üns beriň! Islemeýän bolsaňyz ýapmaň. Galyberse-de, kiberzorlukdan maksat, adaty durmuşyňyza we internetde hereket etmegiňize päsgel bermek, keýpiňizi / abraýyňyzy / gazanylan netijeleriňizi bozmakdyr. Emma bu hasabyňyzy üýtgetmäge sebäp däldir.

 

Pornografik kontent

Häzirki wagtda köp saýt mazmuny berk gözegçilikde saklaýar we gözleg motorlary pornografiýany netijäniň ýokarsynda görkezmeýär. Şeýle-de bolsa, pornografik saýtlar bar.

Pornografiki mazmun ýetginjege nähili zyýan berip biler? Hakykaty ÝOÝUP, jynsylyk, beden we sagdyn jynsy gatnaşyklar hakda NÄDOGRY pikirler bermek, jyns gatnaşyklaryna wagtyndan öň gyzyklanma döredýär.

Üns beriň! Pornografik suratlar we wideolar çeper eser äheňli bolmak bilen hakykaty görkezmek maksady bilen däl-de, eýsem, girdeji edinmek maksady bilen edilýär. 

Şeýle hem, pornografiki mazmun zorluga we adamlara kemsidiji garaýyşlardan doly. Şeýle mazmuny neşir edýän saýtlarda ýetginjekler pedofilleriň ýa-da akyl taýdan näsazlyklaryň pidasy bolup bilerler.

 

Kibergruming 

Gruming – jynsy maksatda bilen ulanmak üçin çaganyň ynamyna girmek. Kibergruming –jynsy maksatda bilen ulanmak üçin sanly ulgamda çaganyň ynamyna girmek.

Betniýetliler çagalary we ýetginjekleri sosial ulgamlarda ýa-da forumlarda yzarlaýarlar. Aragatnaşyga başlaýarlar, pidalarynyň psihologiki ýagdaýyny öwrenýärler, duýgudaşlyk edýärler, goldaw berýärler, gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar, söhbetdeşligi ýuwaş-ýuwaşdan jynsy tekizlige öwürýärler. Soň bolsa hakyky durmuşdaky gatnaşyklara geçmegi maslahat berýärler.

Hakyky durmuşda tanyşmak, çaganyň jynsy gatnaşyklara mejbur edilmegine, pornografiýanyň döredilmegine gatnaşmagyna we saglygyna we durmuşyna howp salýan beýleki hyýanatçylyklara sebäp bolup biler.

Üns beriň! Ene-atalar we ýakyn adamlar ýetginjegi hakyky durmuşda goldamalydyrlar. Şeýle ýagdaýda anonim we internetdäki galplardan goldaw soramaz. Ekranyň beýleki tarapynda islendik adam bolup biler.

Bu, internetiň adamlar bilen duşuşmak üçin erbet gurşawdygyny aňlatmaýar. Esasy zat, özüňizi ýerliksiz. adamlardan we hyýanatçylardan mümkin boldugyça goramak üçin birnäçe düzgüne eýermekdir.:

  • Sosial ulgamlarda gizlinlik aýratynlyklaryny giriziň
  • Gürleşýän adamlaryňyzyň sahypalaryny gözden geçiriň (hakyky suratlar, yzygiderli täzelikler,  ýerlikli pikirler bolup, zorluk, zorluga  çagyryş bolmaly däldir)
  • Internetde şahsy maglumatlaryňyzy paýlaşmaň
  • Öz durmuşyňyzdaky esasy meseleler barada ýakynlaryňyz we tanyş adamlaryňyz bilen maslahatlaşyň. Eger, nätanyş birine içiňi dökmek has aňsat bolsa, onda, abstrakt usuly ulanyň
  • Ynamdar bolmadyk, ýüzüni tanamaýan, hakyky adyny bilmeýän adamlaryňyz bilen duşuşmaň.

 

Trolling 

“Trollary iýmitlendirmäň!”. Internetiň häzirki wagtda esasy kadalarynyň biri.  

Trollar, sizi onlaýn ýagdaýda kemsidýän we gaharlandyrýan adamlar. Olaryň maksady sizi duýgularyňyza hüjüm etmek, deňagramlylygyňyzy ýitirtmek. Muny öz islegleri üçin edýärler.

Şonuň üçin trollar bilen gürleşmegiň wajyplygy ýok - manysyz. Galyberse-de, olaryň maksady aragatnaşyk etmek däl, öz pikiriňi bilmek däl, jedelde hakykaty tapmak däl. Seni bir ýere getirmek isleýärler.

Söhbetdeşiňizde bir troll kesgitlän badyňyza - sözleriňizi masgaralap, kemsidip başladygy, aragatnaşygy bes ediň. Jogap bermäň, hat alyşmalardan pozuň, bloklaň.

 

Internetde howpsuzlygyň umumy kadalary

Internet ýetginjekler üçin arassa howadan dem almak ýaly. Dünýäňiziň çäklerini giňeltmek we özüňizi garaşsyz duýmak üçin mümkinçilik. Internetde biz öz özümiziň başlygy: näme görmelidigini, nämäni yzarlamalydygyny, nirelere laýk goýmaldygyny özümiz saýlaýarys. 

Bu erkinligiň beýleki tarapynyň hem bardygyna düşünmek kynrak bolýar: şahsy maglumatlary aldawçylar ulanyp biller, şahsy suratlar hemmä elýeter bolup biler, wideodadn bölekler alnyp ýalňyş ýerlerde ulanylyp bilner. 

Özüňizi we çagaňyzy wirtual dünýädäki hakyky howplardan goramak üçin birnäçe ýönekeý ädim bar:

  • Mesele barada gürleşiň. Internetiň howplaryny we howpsuzlygyny ara alyp maslahatlaşyň.
  • Internetde köçedäki nätanyş adama aýtmajak zadyňyzy aýtmaň / ýazmaň. Çagaňyza özüňiziň we başgalaryň gizlin maglumatlaryny (telefon belgileri, salgylary, resminamalardan maglumatlar, maşgala düzümi baradaky maglumatlar, wagt tertibi we ş.m.) goramagyň möhümdigini düşündiriň.
  • Ynamdar ululara we dostlara habar bermezden internetdäki tanyşlar bilen hakyky duşuşyklara razy bolmaň. Hiç haçan!
  • Galplary kesgitläň (şahsy fotosuraty bolmadyk, yzygiderli täzelenmeler bolmazdan, hiç hili "janly" maglumat bolmazdan, şol bir wagtyň özünde ýazgylar we şahsy hat alyşmalara işjeň gatnaşmak).
  • Giriş, parol, bank karty maglumatlary, telefon belgisi we öý salgysy we beýleki şahsy maglumatlary bermek üçin dürli saýtlaryň haýyşlary bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri düşündiriň.
  • Çagalary her gezek internetde şübheli ýa-da howply bir zat bilen ýüzbe-ýüz bolanda maslahat soramaga we kömek bermäge ynandyryň.

 

Jemleýji

Internet, ähli gowulyklary we erbetlikleri bilen hakyky dünýäni doly görkezýär. Hakyky dünýäde bolşy ýaly, internetde-de özüňizi alyp barşyňyzy, serhetleriňizi goramagy öwrenmeli we beýleki ulanyjylardan ýerliksiz mazmuny ýa-da özüni alyp barşyny habar bermeli.

Ýetginjekler we ulular internetde bolup biljek ýagdaýlar barada näçe köp bilseler, howpy kesgitlemek we size we ýakynlaryňyza zyýan ýetirmezden ýok etmek aňsat bolar.