Go Back Go Back
Go Back Go Back

Stresi dolandyrmak barada maslahatlar

Stresi dolandyrmak barada maslahatlar

News

Stresi dolandyrmak barada maslahatlar

calendar_today 15 December 2021

Adamlar stresi nädip dolandyrmagy öwrenip, bagtly we sagdyn durmuşda ýaşap bilerler? Ynha, şu ýerde stresi özüňizden daşda saklamak boýunça birnäçe maslahatlar dykgatyňyza getirilýär.

Pozitiw (oňyn) garaýyşly boluň. Durmuşda gözegçilik astynda saklap bolmaýan hadysalaryň hem bardygy bilen ylalaşyň.

Agressiw bolmaň, gaýtam pozitiw bolmagy başaryň. Tutanýerli boluň, gahar-gazaba münip, özüňizi goramagyň aladasyny etmäň ýa-da passiw bolmaň. Munuň tersine, öz duýgularyňyzy, pikirleriňizi we ynamlaryňyzy beýan edip, delillendiriň.

Relaksasiýa (rahatlanma) usullaryny öwreniň we ulanyň; stresi dolandyrmakda netijeli meditasiýa, ýoga we taý-çi usullaryny ulanyp görüň. Kadaly esasda fiziki maşklar bilen meşgullanyň. Siziň bedeniňiz stres bilen göreşmekde başardygyndan hem gowy netijeler bermäge ukyply.

Sagdyn we gowy deňagramlaşdyrylan iýmitleri iýiň.

Wagtyňyzdan has netijeli peýdalanmagy öwreniň. Durmuşyňyzda artykmaç stresi döredýän zatlara ýok diýmegi mümkin edýän çäklendirmeleri goýmagy başaryň. Öz gowy görýän işleriňiz (hobbi) bilen, gyzyklanýan zatlaryňyz bilen meşgullanmaga we dynç alyp, rahatlanmaga wagt aýryp goýuň.

Ýeterlik dynjyňyzy we ukyňyzy alyň. Siziň bedeniňiz stresli ýagdaýlardan we wakalardan täzeden özüne geler ýaly wagt talap edýär. Stresiňizi aýyrmakda ýa-da onuň derejesini peseltmekde alkogolly içgilere, neşe serişdelerine we mejburylyk bilen amala aşyrylýan hereketlere bil baglamaň. Durmuş taýdan goldaw tapjak boluň.

Öz halaýan adamlaryňyz bilen ýeterlik wagt geçiriň. Durmuşyňyzda duş gelýän stresleriňiz bilen göreşmekde gerek bolýan sagdyn usullary öwrenmek we lukmançylyk kömegini almak üçin, ýörite stresi dolandyrmak meseleleri we biologik baglanyşyk usullary boýunça tälim alan hünärmen lukmanlara we psihologlara ýüz tutuň.

Eger seniň hiç kime aýdyp bilmejek soraglaryň ýa-da pynhan syrlaryň bar bolsa, onda sen "Ynanç telefonyna" jan et! Bu ýerde sen ussat psiholog we ginekolog bilen özüňi tanatman maslahatlaşyp bilersiň! +993-12-22-93-89