You are here

Maşgalany meýilleşdirmekde we erkekleriň, hususan-da, kakalaryň maşgala gatnaşyklarynda işjeň wezipe edinmegi saglyk we hünärmenleri tarapyndan yzygiderli wagyz edilýär. BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem #erkeklerhem kampaniýasynyň çäklerinde geçiren onlaýn we ýüzbe-ýüz çärelerinde erkekleri we oglanlary gender deňligini öňe sürmäge, maşgalany meýilleşdirmäge işjeň gatnaşmaga, şeýle hem öýlerde we jemgyýetde zenanlara garşy zorlugyň bes edilmegine goşant goşmaga çagyrýar. Şu nukdaýnazardan #erkeklerhem kampaniýasynyň söhbetdeşlik bölümi üçin, agzalan prosesler barada erkekleriň pikirini almak üçin Mary welaýatynda durmuş işi boýunça hünärmen bolup işleýän, maşgalasy bilen ýakyn arabaglanşyk gurýan ýan-ýoldaş we kaka, Süleýman bilen gürrüňdeş bolduk.

 

Ýaňy-ýakynda durmuş guran Süleýman gender deňligi düşünjesini goldaýandygyny aýdyp, maşgalada çaga seretmäge ene-atanyň ikisiniň hem gatnaşmalydygyna ynanýandygyny belledi. “Zenan dokuz aýlap çagany göwresinde göterýär, ýadaýar. Esasan hem çaganyň doglan başdaky günleri kynrak geçýär. Şol sebäpden, meň pikirimçe, iň bolmanda zenanyň ýanynda oňa kömek etmek üçin bolsa hem erkekler çaga seredişmeli” diýip, Süleýman beýan etdi.

 

Taryhy nukdaýnazardan maşgalada erkek we zenan gatnaşyklaryna seredenimizde, milli ýa-da dini gymmatlyklara esaslanýan jemgyýet maşgalada erkege we zenana aýratyn wezipeler ýükleýär.  Maşgaladaky jogapkärçilikleriň deň paýlaşylmalydygy barada Süleýmandan soranymyzda, gürrüňdeşligimiziň esasy gahryman Süleýman bu düşünje bilen bagly aýratyn garaýyşlarynyň bardygyny mälim etdi. Süleýmandan soňky gezek haçan öz eşigini ütükläp görendigini we nahar taýýarlamaga gatnaşýandygyny hem soradyk. Ol şeýle jogap berdi: “Dogrumy aýtsam iki aý töweregi wagt bolandyr öz eşigimi ütükläp görenime. Öýde ejem we gelnim ikisi bile edýändikleri üçin nahar taýýarlamakda hem maňa iş düşenok.”

 

Maşgalanyň ykdysady ýagdaýyna jübütleriň ikisiniň hem deň-derejede goşulmalydygyny bellän Süleýman şeýle dowam etdi: “Aslynda öňden gelýän kanunlara seretsek, ilki durmuş ýaşaýşyna seretsek, zenanlara öýde galýar, erkekler bolsa öýe aw getirýärdi. Ýöne şol düşünje häzirem adamlarda bar. ‘Aýal maşgala işlemeli däl, diňe öýüň işini etse bolýar’ diýýänler hem bar. Meň pikirimçe zenanlar hem öz isleýän wezipelerinde işlesinler, emma hojalykdaky işleri we wezipe jogapkärçiliklerini bilelikde deň ýetişmek kyn düşer, şol sebäpden maşgala bilen bagly hemme işlere bile ylgasaň has gowy bolýar. Bir adama agyr düşýär.”

 

Erkekleriň agdyklyk edýän iş ýerlerinde ýa-da maşgala gatnaşyklarynda zenanlaryň pikirleriniň diňlenilmän, olaryň düşünjelerine üns berilmeýän ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu babatda, iş ýerinde we öýde zenanlaryň pikirine hormat goýýandygyny aýdan Süleýman “Men özüm durmuş işi boýunça hünärmen bolup işleýärin. Biziň işimizde zenanlar deň derejeli mümkinçiliklerden peýdalanýarlar. Aýallaryň pikirleri hem beýlekileriňki bilen deň derejede wajyp bolup durýar, wajyp hasaplanýar. Hemme deň derejede diňlenilýär we umumy netije çykarylýar. Meniň özümem zenan işdeşlerimden öwrenýän köp zatlarym bolýar. Aýal maşgala erkeklere garanyňda has jogapkärçilikli çemeleşýär” diýip, beýan etdi. Süleýman, maşgala gatnaşyklarynda şuňa meňzeş ýörelgäni yzarlaýandygyny aýtdy. “Eger bir zat diýsem ýa-da sorasam we ol razylaşmasa, onda men aýalymyňkararyna hormat goýaryn” diýip, Süleýman belledi.

 

Zenanlaryň pikirine we saýlama meselelerine hormat goýmak, esasanam täze maşgala gurmagy meýilleşdirýän ýaşlaryň saýlawy bilen baglanyşykly milli däplerde ýüze çykýar. Esasan hem, millilik hökmünde garalýan galyň, şeýle hem türkmen zenanlaryň maşgala guranlaryndan soňra eginbaş saýlawlary muňa mysal bolup biler. Süleýmanyň bu aýdylanlar barada hem pikirlerini soradyk. Galyňyň öňden gelýän däp-dessur bolany üçin edilmeli bolýandygyny aýdan Süleýman öz tejribesini paýlaşdy: “Edil meň öz ýagdaýymda, gelnim bilen öňünden maslahatlaşdyk. Galyň gowy bolsa-da, öňden gelýän däp bolsa-da, esasy zadyň gyz bilen oglanyň razylygydygyny aýtdym. Ol hem meň pikirim bilen razylaşdy. Ýöne öňden gelýän bir däp-dessur bolany üçin etmeli ýerine ýetirdik. ‘

 

Türkmenistanda zenanlaryň 58%-niň öz bedenleri barada özbaşdak karara gelmek başarnyklary çäkli. Zenanlaryň 58%-i öz reproduktiw saglyklary barada özbaşdak karara gelip bilmeýärler, kontraseptiwleri ulanmakda özbaşdak karara gelip bilmeýärler, islegi bolmasa-da ýoldaşlary bilen jynsy gatnaşyga ýok diýip bilmeýärler. Haçanda zenanlar beden özbaşdaklygyny gazananlarynda, zenanlaryň öz bedenleri barada iň esasy çözgitleri kabul etmäge mümkinçilikleri bolanynda olar saglyk we bilim ulgamynda, gazanç etmekde, ykdysadyýete we zähmet üpjünçiligine goşant goşmakda, howpsuzlygy üpjün etmekde ösüş gazanýarlar. Bu bolsa dünýäniň has adalatly we abadan ýer bolmagyna getirýär. Şeýle dünýä hemmämiz üçin bähbitli!

 

UNFPA-nyň #Erkekler hem kampaniýasy üçin žurnalist Batyr Berdiýew tarapyndan taýýarlanan söhbetdeşlik