Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA), Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde 17-sany Durnukly Ösüş Maksatlary UNFPA-nyň esasy görkezijileriniň ýagdaýyna we ösüşine baha bermegiň netijelerini hödürledi. UNFPA bütin dünýä derejesinde bu DÖM görkezijilerini öz maksatnamasynyň we Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň (ICPD) Hereket Maksatnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň esasy hökmünde kesgitledi we metodiki taraplara we degişli maglumatlary ýygnamakda, derňemekde we ýaýratmakda ýurtlara kömek bermek üçin jogapkär bolup durýar.
Bu ileri tutulýan görkezijiler, ýurduň reproduktiw saglygy, gender deňligini ilertmek, deňsizligi ýok etmek, howanyň üýtgemegi, parahatçylyk söýüji jemgyýetleri gurmak we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ilat babatynda ýokary hilli maglumatlaryny üpjün etmekden ybarat.
2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli syýasy forumda Türkmenistanyň BMG-a agza ýurtlar tarapyndan ýokary baha berlen Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ikinji meýletin milli syny hödürländigini bellemelidiris. Bu syn UNFPA we ICPD üçin ileri tutulýan 3, 5, 11, 13 we 17-nji durnukly ösüş maksatlaryny öz içine aldy. Şeýle hem Durnukly Ösüş Maksatlary üçin milli statistiki hasabat platformasy hem işe girizildi. Bu platforma Türkmenistan tarapyndan kabul edilen DÖM görkezijileriniň sanawyna esaslanýar we DÖM görkezijilerindäki metadata, diagrammalar (grafikler) ýaly jikme-jik maglumatlary öz içine alýar.
Duşuşyga gatnaşyjylar synyň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar we maglumatlaryň dezagrigasiýasy, DÖM-yň meta-maglumatyny ulanmak, milli görkezijileriň hilini has-da ýokarlandyrmak, DÖM görkezijileri boýunça milli platformasyndaky maglumatlaryň yzygiderli täzelenmegi we degişli halkara sowalnamalarynda we çärelerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly teklipleri bellediler we kabul etdiler.
Synyň netijelerine baha bermek we ara alyp maslahatlaşylmagy, ICPD-iň 30 ýyllygynda we 2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden 3-nji maýy aralygynda Nýu-ýorkda geçiriljek, soňky 30 ýylda IÇPD Hereket Maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýurtlaryň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyljak, BMG-nyň Ilat we Ösüş boýunça Komissiýasynyň bütindünýä ýygnagynyň öňüsyrasynda has-da möhümdir. Türkmenistan BMG-nyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzasydyr bolup durýar we bu bütindünýä ýygnagyna ýurduň milli wekilýeti gatnaşar we ICPD we DÖM maksatlary boýunça üstünlikleri barada çykyş eder.