Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti şu hepde Türkmenistan hökümetiniň 2022-nji ýyldaky ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyna taýýarlyk görmek üçin Türkmenistana bardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika Komissiýasyndan we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasyndan alty sany tehniki geňeşçiden ybarat topar ýokary derejeli we tehniki ýygnaklaryň birnäçesini geçirdi, hem-de 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň BMG-nyň ilat we ýaşaýyş jaý sanawy üçin ýörelgelerine we tekliplerine laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek barada hökümete maslahat berdi.
Türkmenistan 2022-nji ýylyň Dekabr aýynyň 17-den 27-si aralygynda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Ýakyn wagtda geçiriljek ilat ýazuwy Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň ileri tutýan ugurlaryna laýyklykda milli strategiki meýilnamalary we syýasatlary düzmäge, hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary babatdaky öňegidişlikleri ölçemäge ýardam berjek maglumatlary döretmäge, ýaýratmaga we ulanmaga ajaýyp mümkinçilik döreder.
Ilat ýazuwy boýunça ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinyň başlygynyň orunbasary we Daşary Işler Ministry O.A. J-p Raşid Meredow we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetynyň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedow bilen duşuşdylar. Taraplar ilat ýazuwynyň aýdyňlygyny, netijeli jogapkärçiligini we halkara ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin ilat ýazuwyny dolandyrmagy we hil barlagy mehanizmlerini, ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin halkara ýörelgeleri we teklipleri ulanyp, ilat ýazuwynyň netijeleriniň garaşsyzlygyny kepillendirmegi ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem ilat ýazuwynyň usulyýet ülňülerini gözden geçirmek we maslahatlaşmak üçin ýokary derejeli topar Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetynyň Başlygynyň Orunbasary we ilat ýazuwy boýunça tehniki hünärmenleri bilen birnäçe tehniki maslahatlary geçirdiler.
UNFPA we BMG-nyň agentlikleri Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçiriljek uçdantutma ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwynyň ähli tapgyrlarynda, tehniki, syýasy we maslahat goldawyny bermäge, ýazuwyň netijeleriniň halkara ülňülerine laýyk doly laýyk gelmegini üpjün etmäge, şol sanda hasaba almaga, maglumatlary seljermäge, ýaýratmaga, derňemäge we ýazuwyň maglumatlaryny ulanmaga ýardam bermäge borçlandylar.
“Türkmenistanda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý ýazuwyny goldamak boýunça BMG-nyň bilermenleriniň wekiliýeti Türkmenistanyň hökümetine aýratyn myhmansöýerligi we 2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen Türkmenistanyň ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwynyň halkara ýörelgelerine, tekliplerine we iň ýörgünli tejribelerine laýyklykda geçirmäge taýýarlyk görülendigi üçin öz minnetdarlygyny bildirýär” diýip BMG-niň Statistika edarasynyň Demografiki statistika bölüminiň başlygy, wekiliýetiň başy J-p Srdjan Mrkić belledi. “Bilermenleriň wekiliýeti Ministrler Kabinetynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetynyň başlygy we köp sanly hünärmenler bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen UNFPA-nyň wekilhanasynda degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiliklere eýe boldular.”
“Bilermenleriniň wekiliýeti iň häzirki zaman çemeleşmelerini we tehnologiýalaryny ulanyp, ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek we deslapky hem-de jemleýji netijeleri öz wagtynda we hemmetaraplaýyn ýaýratmak üçin Türkmenistanyň hökümetiniň berk ýolda durandygy barada netijä geldi. Bilermenleriniň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hökümetine meýilnamalaşdyrmagyň, ýerlerde maglumat ýygnamagyň, ilat ýazuwynyň netijelerini redaktirlemegiň, gaýtadan işlemegiň we ýaýratmagyň ähli tapgyrlarynda halkara ülňüleriniň doly berjaý edilmegini üpjün etmek üçin goldaw we ýardam bermegi dowam etdirmek baradaky borçnamasyny gaýtadan tassyklady” diýip goşmaça belledi.
“Türkmenistanyň 2022-nji ýylda geçiriljek ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyna taýýarlyk derejesine, Döwlet statistika komitetiniň hünärmenleriniň ussatlygyna, Türkmenistanyň hökümetiniň halkara ülňülerine, ýörelgelerine we tekliplerine doly laýyk bolan ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwynyň geçiriljegine babatda BMG-nyň ýokary derejeli bilermenleriniň ýokary baha berendigine biz örän şat” – diýip Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary h-m Güljemile Annaniýazowa aýtdy. “Ýetip gelýän ilat ýazuwyny üstünlikli geçirmek üçin UNFPA we BMG-niň beýleki guramalary bilen dowamly işjeň hyzmatdaşlyga umyt edýäris” – diýip belledi.
BMG-nyň ilat ýazuwy boýunça ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti hökümet bilen geçirilen işleriň netijesindemaslahatlary öz içine alýan resmi beýannamany işläp düzdi.
Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý ýazuwy barada esasy maglumatlary şu ýerden okap bilersiňiz
***
Giňişleýin maglumat üçin:
Ene Tüýliýewa,
UNFPA-nyň Aragatnaşyk boýunça hünärmeni
Döwran Ýamatow
UNFPA-nyň ilat we ösüş meseleleri boýunça analitigi
www.instagram.com/unfpa_turkmenistan
imo: +99362 833158