Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA), Durnukly ösüş maksatlary (DŐM) boýunça UNFPA-nyň ileri tutýan görkezijileriniň ýagdaýy we ýerine ýetirilişi babatynda syn amala aşyrdy. Bütin dünýäde UNFPA öz mandatynyň we Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň Hereketleri meýilnamasynyň (ICPD) ýerine ýetirilmeginiň esasy hökmünde 19 sany DŐM görkezijisini kesgitledi. Ileri tutulýan görkezijiler DŐM 3, 5, 10, 11, 13, 16 we 17-ä degişlidir. UNFPA dünýä derejesinde ileri tutýan 19 görkezijiniň arasynda Türkmenistan 17-ni kabul etdi. UNFPA usulyýet taraplary we degişli maglumatlary ýygnamakda, derňemekde we ýaýratmakda ýurtlara kömek etmek üçin jogapkärdir.
By syn, ýerine ýetiriş, maglumatlaryň elýeterliligi, global metadata laýyklykda ulanylýan usullar nukdaýnazaryndan 17 görkezijiniň ýagdaýyna baha berýär. Iň esasy görkezijiler, reproduktiw saglygy, gender deňligi, deňsizligi azaltmak, howanyň üýtgemegi, parahatçylykly we inkluziv jemgyýetleri gurmak we durnukly ösüş üçin ilat maglumatlarynyň hilini üpjün etmek babatynda ýurduň ösüşini görkezmektedir.